5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Daşary Ýurtly Hyzmatdaşlar Bilen Nobatdaky Wideomaslahatlar we Duşuşyklar Geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda dünýäde ýaýran ýokanç keseliň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna, şol sanda makro we mikro ykdysady görkezijilerine täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa BMG-niň ýurdumyzdaky düzümleýin bölümleriniň we halkara maliýe guramalarynyň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem СOVID-19 ýokanjynyň milli ykdysadyýetimize ýaramaz täsiriniň öňüni almak maksady bilen zerur işleri alyp barmak wajyp bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içerki önümçiligiň ýokary ösüş depginini üpjün etmek, senagat taýdan üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça gyssagly we orta möhletleýin çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmegi hökümetiň işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Bu ugurda amala aşyrylýan çäreler halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini saklamaga mümkinçilik berýär. Türkmen tarapynyň wekilleri mysal hökmünde şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýan makroykdysady görkezijileri beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak häzirki döwürde amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ählumumy hyzmatdaşlygy tutuş dünýäde ýaýran ýokanç keseliň täsirini aradan aýyrmagyň ýeke-täk ýoly hökmünde tassyklap, duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ykdysady ösüşe ýetmek ugrunda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

***
Şeýle hem DIM-de СOVID-19 ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasynyň täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak babatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň sebitleýin başlangyjynyň çäklerinde onlaýn görnüşinde sebitleýin maslahat geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalar bilen, şol sanda adam hukuklary we ynsanperwerlik hukugy ulgamyndaky özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary giňeltmek şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar.

Ýurdumyz oňyn ählumumy hereketlere işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine, şeýle hem häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanmagyna gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Sebitleýin maslahata gatnaşyjylar koronawirus pandemiýasynyň dünýäde çynlakaý ynjalyksyzlanma döredýändigini belläp, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna we umuman, ynsan ömrüne ýaramaz täsiri bolan bu wehime garşy durmakda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdiler.

***
Şu gün «Türkmenawtoulaglary» agentliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen ykdysady taslamalar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi.

Wideomaslahatda elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalaryň birleşdirilmeginiň netijeli boljakdygy barada aýdyldy.

Şunlukda, «Sumitomo Сorporation» kompaniýasynyň wekilleri daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň netijeli işi ugrunda ähli zerur şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Şeýle hem Türkmenistanda «Demirgazyk — Günorta» we «Günbatar —Gündogar» ugurlary boýunça yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezini döretmegiň çäklerinde logistika ulgamdaky özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda anyk teklipler öňe sürüldi.

***
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy we maglumat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, işjeň täze görnüşleri hem-de žurnalistika babatda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri kesgitlendi.

TDH-nyň we BelTA-nyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň türkmen-belarus gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde oňyn teklipler öňe sürüldi. Munuň özi öňi bilen maglumatlaryň resmi çeşmesi hasaplanylýan öňdebaryjy habarlar agentliklerine we žurnalistlere degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň mediaforumlar, maslahatlar, «tegelek stol» ýaly ugurlarynyň, şol sanda abraýly media bileleşiklerini çekmek arkaly uzak aralykdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy. TDH

Degişli makalalar

Atavatan Türkmenistan Dergisi, Dubai’deki Petrolgaz Forumu’nun Medya Ortağı

Türkmenistanda Ýerli Çig Mallardan Ýylylyk Geçirmeýän Materiallaryň Önümçiligi Ýola Goýulýar

turkmenhabargullugy

Aziada-2017-niň Ulag Üpjünçiliginiň Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär