Daşoguz welaýatynyň merkezinde bu şähere 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeni paýtagty diýen derejäniň berilmeginiň çäklerinde guralýan çärelere badalga berildi.
Türkmenistan indi ikinji gezek Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde özüniň gadymy taryhyny, medeniýetini, oňyn ösüşiň ýolunda häzirki döwürde ýeten derejesini äşgär etmäge mümkinçilik aldy.
Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýylda şeýle dereje Mary şäherine berildi. Ol ýerde Arkalaşygyň çäklerinde halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini alamatlandyran giň möçberli çäreler uly üstünliklere beslenipdi. Şonda GDA başlyklyk ediji ýurdumyzyň paýtagtynda bu döwletara birleşiginiň döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde medeniýet ulgamynda GDA-nyň möhüm taslamalaryna girýän “Arkalaşygyň Medeni paýtagty” Döwletara maksatnamasy hakyndaky Düzgünnama tassyklandy.
2016-njy ýylda Daşoguz şäherine Arkalaşygyň medeni paýtagty diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüt 2015-nji ýylyň oktýabrynda GDA döwetleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edildi. Gadymy türkmen şäherine hormatly derejäniň berilmegi köp asyrlaryň dowamynda özara medeni gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhynyň ähmiýetini alamatlandyrýan şanly wakadyr. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, baý taryhy-medeni mirasyny geljek nesillere ýetirmek babatda alyp barýan işleriniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilen Daşoguzda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna gabat gelmeginde çuňňur many bar. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň ösdürilmegi we olaryň geljek nesillere geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelgeleriň durnukly häsiýete eýe bolmagy netijesinde olar dünýä medeniýetiniň taryhynda görnükli orun eýeleýär. Milli ruhy-medeni gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň aýawly saklanmagy, olaryň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan we türkmen jemgyýetiniň gülläp ösmegine, onuň ruhy, aň-bilim mümkinçilikleniň ýokarlanmagyna gönükdirlen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzda dünýä halklary bilen köpugurly medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, milli taryhy-medeni mirasyň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Munuň özi “Arkalaşygyň medeni paýtagtylary” Döwletara maksatnamasynyň işjeň durmuşa geçirilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde döredijilik mümkinçilikleriniň kämilleşdirilmegini, şu esasda örän baý, dürli görnüşli ynsanperwer çäreleriň guralmagyny şertlendirýär we olaryň häzirki döwürde özygtyýarly döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasynda dowam edýän taryhy, medeni gatnaşyklara esaslanýar.
Türkmenistan GDA assosirlenen agza bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde açyklyk we deňhukukly esasda guralýan gatnaşyklara ygrarlydygyny äşgär edýär. Daşoguzda geçirilýän bu dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň, şol döwletleriň medeni ulgamlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, žurnalistler, Arkalaşygyň ýurtlarynyň sungat ussatlary hem-de döredijilik toparlary geldiler.
Daşoguzyň Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabaranyň geçirilýän ýerinden şäheriň keşbi has-da gözel görünýär. Örän belent sütünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýar, onuň ýanynda türkmen eposynyň gahrymany Göroglynyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde ýerli ýörelgelere mahsus şekiller bilen bezelen gündogar äheňindäki desgalar halkymyzyň taryhy pursatlaryny janlandyrýar. Munuň özi şöhratly taryhymyzyň we Watanymyzyň häzirki ajaýyp döwrüniň, milli medeniýetiň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär.
Ruhyýet köşgüniň ýanynda Köneürgenjiň orta asyr ýadygärlikleriniň şekilinde janlandyrylan binagärlik bölümleri ýerleşdirildi. Olaryň her birinde türkmen halkynyň baý dessurlary, medeni mirasy we sungaty barada gürrrüň berilýär. Bu ýerde guralan sergide senetkärlik däpleri, milli lybaslar, ýüpek matalar, halylar, haly we zergärçilik önümleri, dürli küýzeler, halk saz gurallary, milli aşhananyň tagamlary görkezilýär.
Myhmanlara keçe taýýarlamagyň, saz gurallaryny ýasamagyň, haly dokmgyň, keşde çekmegiň hem-de halk senetkärleriniň aýratynlyklary görkezilýär.
Aýratyn bölümde türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby goýlupdyr. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýdan myhmanlar höwes bilen dadyp gördüler.
Ähli ýerde milli sazlar ýaňlanýar we özboluşly ruhy ýokary göteriliş duýulýar. GDA gatnaşyjy döwletleriň we biziň ýurdumyzyň baýdaklary pasyrdaýar.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünden bu gezekki dostluk baýramçylygyna gatnaşýan ýurtlaryň köpsanly wekilleri milli lybaslarynda dabaraly ýöriş bilen geçip gidýärler.
Myhmanlara duz-çörek hödür edilýär. Dabara gatnaşyjylaryň öňünde welaýatyň döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Olarda döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygy, türkmen halkynyň pederlerimiziň medeni gymmatlyklaryna bolan aýawly çemeleşmeleri äşgär duýulýar. Ruhyýet köşgüniň eýwanynda dabara gatnaşyjylary halk sazlarynyň däplerini dowam etdirijiler bolan ýaşajyk dutarçylar gaşyladylar. Bu ýerde dessançylyk däbi köp asyrlaryň dowamynda şöhrat gazandy.
Dabara gatnaşmak üçin Ruhyýet köşgüne gelenleriň hatarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, žurnalistler, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentiniň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Dabara gatnaşyjylary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriniň Arkaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýeti bardyr” diýip belleýär.
Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda GDA agza döwletleriň, şeýle hem Türkmenistanyň meşhur alymlarynyň, taryhçylarynyň, muzeý işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda birnäçe halkara derejesindäki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar diýlip, Gutlagda aýdylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar tarapyndan garşylanyldy.
Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy��”Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berilýär. Ol döwletara gatnaşyklarynyň netijesi häsiýetde ösdürilýändigi, GDA-nyň çäklerinde we dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýnça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi hem-de ýurdumyzda birnäçe iri medeni forumlaryň guralýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şu günki geçirilýän wakalar tutuş Arkalaşyk üçin ähmiýetlidr. Ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine, onda ýatda galyjy duşuşyklaryň guraljakdygyna we bu çäreleriň GDA-nyň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirýärin diýip, myhman belledi.
Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy��”Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýip yglan edilendigi baradaky sertifikaty şäheriň ýolbaşçysyna gowşurdy.
GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanow dabara gatnaşyjylary bu günki dabara bilen gutlady. Ol “Daşoguz��”Arkalaşygyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bu şähere baý taryhy-medeni mirasyny, syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, GDA bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň ajaýyplyklaryny halkara derejesinde wagyz etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. A.Iksanow ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalar babatda döredilen ajaýyp şertler we jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Wladimir Medinskiý hem dabara gatnaşyjylara özüniň gutagyny iberdi. Onda ýylyň dowamynda Daşoguzda geçiriljek çäreleriň birek-birege düşünişmek, medeniýetleri utgaşdyrmak we umumy ynsanperwerlik gymmatyklaryny wagyz etmek babatda örän ähmiýetlidigi aýdylýar.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň türkmen halkynyň baý taryhyny öwrenmekde, onuň maddy hem-de ruhy mirasyny saklamakda hem-de wagyz etmekde, ylmy-barlaglary işjeňleşdirmekde, oňa beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hünärmenlerini çekmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy barha ýokarlanýar.
Dabara tamamlanan soň, uly baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Onda Türkmenistanyň we Arkalaşygyň birnäçe ýurtlarynyň sungat ussatlary çykyş etdiler. Kaşaň gündogar köşgüni şekillendirýän bezegi bolan sahnada çykyş edenler halklaryň medeni we dostluk gatnaşyklaryny, olaryň döredijilik umumylygyny aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler.
Daşogzuň N.Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň, Daşoguz welaýatynyň folklor toparlarynyň, şeýle hem “Serpaý” folklor-etnografiýa toparynyň artistleriniň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Dost-doganlyk��”şöhratymyz, şanymyz” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk dabarasynyň özboluşly açylyşyny alamatlandyrdy. Onda türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik däpleri, halklaryň dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde milli medeniýetleriň orny giňden beýan edildi.
Aýdym-sazly çykyşlarda halk we häzirkizaman heňleri, aýdymlar folklor toparlarynyň çykyşlary özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Olarda asyrlar aşyp gelýän we häzirki döwürde aýawly saklanýan dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Bir bitewi döredijilik çemenini emele getiren aýdym-sazly çykyşlar tomaşaçylara özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Milli lybaslardaky zehinli artistler Arkalaşygyň dürli halklarynyň özboluşly we köp öwüşginli ýörelgelerini has dolulygyna äşgär etdiler.
Sahnada Gazagystanyň “Gülder” horeografiýa toparynyň we ”Žaş kyýal” gyrgyz ansamblynyň gyzlar topary ajaýyp halk tanslaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
“Golos Azii” ansamblynyň aýdymçysy “Täjigistan” kompozisiýasyny öz mähriban ýurduna bagyşlady. Onda “Jahonoro” tans toparynyň çykyşy has-da täsirli boldy.
Halk tanslarynyň özboluşlylygyny, özüne çekijiligini äşgär eden çykyşlar diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem daşary ýurtlarda belli bolan Belarusuň “Bely Ptah” wokal-horeografiýa toparynyň çykyşlaryna tomaşaçylar uzak wagtlap el çarpdylar.
Ermenistandan gelen toparyň milli halk saz gurallarynda ýerine ýetiren aýdymlary we sazlary ermeni halkynyň milli äheňinde ýaňlanyp, ol şirin owazlar bilen utgaşdy.
Sankt-Peterburguň “BIS��”KWIT” estrada aýdymlary we rus folklor çykyşlary toparynyň dünýä nusgawy eserlerinden ýerine ýetiren sazlary we “Walenki” ansamblynyň ýumşak gülkä ýugurlan özboluşly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy. Toparyň artistleri dürli saz gurallaryny bir ýere jemläp, özüniň äheňi we häsiýeti boýunça birnäçe özbolşuly aýdym-saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Bu eserler dünýäniň dürli ýurtlarynda ýokary baha mynasyp boldular.
Daşoguzda guralýan baýramçylyk konsertine gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň sungat ussatlary we döredijilik toparlary geldiler. Olar daşoguzly kärdeşleri bilen blelikde türkmen medeniýetiniň köpöwüşginli we baý ýöreleglerini, sungatyň dürli görnüşleriniň ösüşinde ýeten derejelerini beýan etdiler.
Görogly şadessanyndan parçalar esasynda döredilen sahnalar has-da gyzykly boldy. Mälim bolşy ýaly, dessan aýtmak Daşoguz welaýatyna mahsus sungatlaryň biri bolup durýar. Görogly şadessany 2015-nji ýylyň dekabrynda türkmen halkynyň dessan sungatynyň özboluşly nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Gyzlar toparynyň läle kakmagy Ruhyýet köşgünde geçirilen baýramçylyk konsertinde milletiň ruhy mirasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Rubagy görnüşinde döredilen lälelerde türkmen gyzlarynyň kalbynyň owazy, olaryň durmuşynyň taryhy, söýgüsi we arzuw-umytlary jemlenendir. Folklor toparlarynyň çykyşlary hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Çykyşlarda ýokary hünär ussatlygy has-da äşgär duýuldy we olarda ýagşy dessurlara bolan özboluşly çemeleşme hem-de täsirli owazlar öz beýanyny tapdy.
Türkmen estradaçylarynyň mähriban Watanymyza, türkmen topragynyň tebigy gözelligine, söýgä we dostluga bagyşlanan häzirkizaman aýdymlary belent ruhda ýaňlandy. Şeýle hem konsertiň maksatnamasyna deprekçileriň we ýurdumyzyň belli horeografiýa toparlarynyň çykyşlary girizildi.
Dostluk gatnaşyklaryna ýugrulan baýramçylyk çykyşlarynyň ahyrynda gadymy “Küştdepdi” tansyna orun berildi. Ol türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşynyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, bu çykyşda köşgüň sahnasy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusayýň antik döwre degişl serişdeleri bilen bezelipdir. Şu pursatda daşary ýurtlaryň horeografiýa toparlary türkmen artistleriniň çykyşlaryna goşuldylar. Munuň özi bu halk tansynyň özüne çekijiliginiň, şeýle hem bu gezekki dostluk baýramçylygynyň baş nyşanyny emele getirýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Baýramçylyk konserti “Dostluk aýdymy” bilen tamamlandy. Şanly waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşa dabara gatnaşyjylaryň hemmesi gatnaşdylar. Bu aýdym mähriban Watanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdmmuhamedowyň tagallasy bilen döredijiligiň hem-de ösüşiň ýurdy hökmünde dünýä tanalýan Türkmenistana bagyşlandy. Ol halkyň bahasyz taryhy-medeni mirasynyň saklanmagy hem-de ösdürilmegi boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işler barada gürrüň berýän wideofilm bilen utgaşdy.
Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde dowam etdi. Bu desga özüniň binagärik çözgüdinde gadymy Köneürgenjiň ussalarynyň binagärlik milli däplerini özünde jemleýär. Bu ýerde şekillendiriş, amaly-haşam we fotosurat eserlerinden düzülen serginiň açylyşy boldy.
Muzeýiň öňündäki meýdançada ak öýler oturdylyp, olarda amaly-haşam sungatynyň häzirkizaman ussatlarynyň işleri görkezildi.
Welaýatyň tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlary halkymyzyň saz sungatynyň ösüş tapgyrlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Sergide Russiýanyň, Belarusuň we Gyrgyzystanyň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň wekilleriniň eserleri görkezildi. Muzeýiň eýwanynda Russiýanyň Döwlet halk döredijiligi öýüniň gaznasyndan dürli şekiller, şeýle hem häzirkizaman ussatlarynyň taýýarlan işleri görkezildi.
Belarusly ussatlaryň bölüminde hem amaly-haşam sungatynyň däplerini saklamagyň we ony ösdürmegiň nusgalary, çeper senetkärçilik önümleri, milli lybaslaryň görnüşleri, lybaslara, guşaklara salnan keşdeler, şeýle hem dürli görnüşdäki sebetler we beýlekiler görkezilýär.
Gyrgyz Respublikasynyň şekillendiriş sungatynyň eserlerinden düzülen sergide belli suratkeşleriň, suratkeşlik sungatynda ýaňy ýola düşen ýaşlaryň eserleri görkezilýär. Olarda taryha we medeniýete degişli işler agdyklyk edýär. Şeýle hem bu ýerde gyrgyz ussatlarynyň deriden taýýarlan önümleri, dürli bezeg şaýlary we torbalar mynasyp orun eýeleýär.
Sergi guralýan zalda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň dürli gymmatlyklary, milli lybaslar, halk saz gurallary, ajaýyp şaý-sepler, halylar, durmuş ulgamyna degişli serişdeler, türkmen halkynyň ýaşaýşyna degişli senetleriň birnäçe nusgalary görkezilýär.
Binanyň ikinji gatynyň eýwanynda milli şekillendiriş sungatyna degişli işler görkezilýär. Bu ýerde grafika, şekillendiriş, küýzegärlik, heýkeltataşlyk, şeýle hem ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty mekdebiniň okuwçylarynyň döreden işlerine, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň eserlerine aýratyn orun berlipdir. Bu suratlarda dürli ýörelgelere, äheňlere eýerýän işler, Köneürgenjiň binagärlik ýadygärliklerini, ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryny, halkyň durmuşyna degişli pursatlary we döwürdeşlerimiziň portretlerini görmek bolýar.
Serginiň ýaýbaňlandyrylan pursatlarynda skripkaçy toparyň çykyşlary guraldy. Munuň özi bu çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar welaýatyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan milletiň baý taryhy we medeni mirasyna şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşdyryldy. Häzirki döwürde muzeý gaznalarynda türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli gymmatlyklaryň 11 müňden gowragy saklanýar. Olar arheologik tapyndylardan, gadymy milli lybaslardan, ajaýyp halylardan, halk ussalarynyň kümüşden döreden zergärçilik önümlerinden, öý hojalygyna degişli serişdelerden, sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gürrüň berýän maglumatlardan, arhiw resminamalaryndan ybaratdyr. Muzeýiň belli halk sazandalarynyň, ussat bagşylarynyň, türkmen halk sazlaryny we nusgawy eserlerini wagyz edijileriň döredijiligine bagyşlanan bölümi myhmanlarda uly gyzyklana döretdi. Aýawly saklanan gymmatlyklar sebitiň aýdym-saz döredijiliginiň ýüz ýyldan gowrak döwri öz içine alýan ösüşi, halk döredijiliginiň görnükli wekilleri barada gürürüň berýär. Bu ýerde belli türkmen dessanlaryny aýdyjylaryň, Magtymguly Pyragynyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň sözlerine döredilen we milli saz medeniýetiniň altyn fonduna giren fotosuratlar, ýazgylar görkezilýär.
Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar köpugurly söwda merkezine baryp gördüler. Bu ýede gündogar bazarynyň milli ýörelgeleri saklanýar.
Daşoguzda geçirilen baýramçylyk çäreleri medeni-bilim maksatnmasynyň başlangyjyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň bu şähere medeni paýtagt derejesi berlen ýylyň dowamynda yzygiderli guralmagy meýilleşdirilýär.
Bu ýerde Arkalaşygyň döwletleriniň medeniýet işgärleriniň, ýazyjylaryň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek, sungat ussatlarynyň konsertlerini guramak we beýleki halkara çärelerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylyň dowamynda sahna oýunlary, kinolar, sungat ussatlarynyň konsertleri, arheologik tapyndylaryň we çeper eserleriň sergileri geçiriler. Hususan-da, maý aýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan��”baý ruhy-taryhy mirasy bolan ýurt” atly Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Awgust aýynda Köneürgenjiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärliklerine bagyşlanan “tegelek stollar” we beýleki çäreler gurnalar.
Aşgabatda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Kitap��”hyzmatdaşlyga we ösüşe tarap ýol” atly ХI Halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Daşoguzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň neşir önümleriniň sergisi bolar. Şeýle hem GDA ýurtlarynyň döwlet we milli kitaphanalarynyň direktorlarynyň ganaşmagynda “Halklaryň gadymy mirasyny aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde kitaphanalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Noýabr aýynyň başynda “Görogly” türkmen şadessanynyň ähmiýetine hem-de onuň dünýä medeniýetindäki ornuna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirmek meýilleşdirilýär.
Daşoguzda guralan giň möçberli medeni çäre doganlyk halklaryň çuňňur taryhy kökleri we asylly däpleri bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-dek ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny äşgär etdi.