Daşoguz welaýatynyň merkezinde “Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasynyň açylyşyna gatnaşmak üçin bu ýere gelen wekiliýetleri garşylamak dabarasy boldy.
Irden Daşogzuň howa menzilinde daşary ýurtly myhmanlar GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, GDA agza döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň, birnäçe döwletleriň medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň sungat ussatlary we döredijilik toparlary garşylandy.
Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylyga we ösüşe gönükdirilen oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli ýurtlary hem-de iri halkara guramalary bilen giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Biziň döwletimiz GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde Arkalaşygyň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edýär hem-de şol gatnaşyklary dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.
Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir. Bu şäher döwrebap düzümi taryhy mirasa aýawly garamak bilen sazlaşykly utgaşdyrýar. Şol miras bolsa dünýäniň alymlarynyň üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde saklanyp galan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin binagärlik ýadygärlikleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlary bilen bilelikde öwrenilýär we dikeldilýär.
Taryh we häzirki döwür Daşoguzda sazlaşykly utgaşýar. Häzirki wagtda bu şäher okgunly ösýän şäherleriň biridir. Soňky ýyllarda bu ýerde durmuş-medeni maksatly desgalaryň köpsanlysy, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi, kuwwatly senagat kärhanalary guruldy. Daşoguz täzeçilligi hem-de binagärlik çözgüdi babatda özboluşlylygy bilen tapawutlanýan täsin desgalaryň ençemesine buýsanyp biler. Olaryň hatarynda “Bagt köşgüniň”, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň, 3 müň orunlyk täze metjidiň, kaşaň myhmanhananyň, aýlawyň we köpugurly söwda merkeziniň örän owadan ak mermerli binalary bar.
Şäheriň Türkmenistanyň has ösen medeni merkezleriniň biri hasaplanylýandygy tötänden däldir. Dünýäniň gadymy siwilizasiýalarynyň biriniň medeniýetiniň däpleri senetleriň, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň ösüşinde öz beýanyny tapýar. Häzir bu ýerde döwrebap kitaphanalar, dürli muzeýler, çagalar sungat mekdepleri, şäher medeniýet merkezi, açyk konsert amfiteatrlary işleýär. Köpçülikleýin medeni çäreler geçirilen günlerinde 10 müň orunlyk sport toplumlarynyň ikisiniň sport meýdançalary açyk konsert sahnasyna öwrülýär.
Soňky ýyllarda Daşoguz dürli iri döredijilik forumlarynyň, şol sanda ýurdumyzda her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostluk festiwallarynyň, halkara ylmy maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda we Köneürgençde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Beýik Ýüpek ýolunda medeniýetleriň söhbetdeşligi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu duşuşyga gatnaşmak üçin 37 döwletden alymlar��”arheologlar, taryhçylar, medeniýeti we sungaty öwrenijiler, antropologlar, utgaşyk ulgamlaryň hünärmenleri geldiler. Olaryň işi Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli syýahatçylyk ugurlarynyň hem birine öwrüldi.
Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Daşoguz hemişe Gündogaryň iň myhmansöýer şäherleriniň biri hasaplanylýardy. Irden Daşoguz welaýatynyň merkeziniň howa menziline gelen myhmanlar hem muňa göz ýetirdiler. Myhmanlar türkmen myhmansöýerliginiň däplerine laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy.
Daşary ýurtly myhmanlar uly syýahatçylyk kuwwatyna eýe bolan welaýatda bolmagynyň birinji gününde onuň ajaýyp ýerleri hem-de taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.
Sebitiň ruhy durmuşynyň hakyky merkezi, ylmy we usulyýet merkezi hasaplanylýan welaýat kitaphanasy, onuň köpsanly zallary hem-de üpjünçiligi myhmanlar üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Kitaphananyň eýwanynda Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýörite taýýarlanan kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide milli nusgawy edebiýatyň eserleriniň täze neşirleri, demirgazyk sebitiň taryhy we medeniýeti, gadymy Köneürgenjiň binagärligi baradaky kitaplar, türkmen halkynyň goňşy döwletleriň halklary bilen taryhy gatnaşyklaryna bagyşlanan materiallar görkezildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň milli taryha we medeniýete bagyşlanan işlerine, çeper eserlerine aýratyn orun berildi.
Bu ýerde welaýat kitaphanasynyň 90 ýyllyk taryhy barada gyzykly maglumatlar hödürlenilýär. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda onuň häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda gurlan täze dokuz gatly binasy ulanmaga berildi. Bu ýerde kitaplaryň hem-de beýleki neşir önümleriniň 1 million nusgasyny aýawly saklamak üçin ähli şertler döredildi. Kitap saklanylýan ýerleriň dördüsi şu maksatlar üçin niýetlenendir. Olarda seýrek duş gelýän neşirleri saklamak üçin ýörite bölümler göz öňünde tutulypdyr.
Uly binanyň gümmeziniň aşagynda ýerleşýän obserwatoriýa myhmanlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar, bu ýerde älem giňişligini öwrenmek üçin niýetlenen kuwwatly teleskop ýerleşýär.
“Türkmen kitabynyň taryhy” muzeýinde türkmen alymlarynyň hem-de nusgawy şahyrlarynyň döreden we hünärmenler tarapyndan gaýtadan dikeldilen gadymy golýazmalar we beýleki gadymy kitaplar ýerleşdirilipdir. Munuň özi türkmenleriň pähim-paýhasyň çeşmesi bolan kitaplara aýawly garandygyna we garaýandygyna, olary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde aýawly saklaýandygyna şaýatlyk edýär.
Welaýat kitaphanasynda şeýle hem müň ýyl mundan ozal Köneürgençde döredilen sebitdäki ilkinji “Akademiýa” atly kitaphana baradaky maglumatlar bar. Horezm şalarynyň höküm süren döwründäki al-Mamunyň, hökümdarlar Atsyzyň, Arslan II, Muhammet ibn Tekeşiň, Reşitetdin Watwatyň, şeýh Nejmetdin al-Kubranyň kitaphanalary bu ýere Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ähli künjeklerinden Beýik Ýüpek ýoly bilen gelen alymlaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanypdyr. Ol ýerde dünýä meşhur eserler döredilipdir, olaryň nusgalary beýleki ýurtlaryň köpsanly kitaphanalarynyň gymmatlygyna öwrülipdir.
Bu gadymy toprakda Abu Reýhan Biruni, Mahmyt Zamahşary, Nejmetdin Kubra, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň Pir, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly Gündogaryň beýik alymlary we meşhur şahyrlary ýaşapdyr we döredipdir, düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barypdyr. Olar dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyr, halkymyzyň şan-şöhratyny belende göteripdir.
Günüň ikinji ýarymynda daşary ýurtly myhmanlar “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Şol ýerde olara ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan we biziň günlerimizde aýawly saklanylýan özboluşly däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, Türkmenistanyň tebigatynyň täsin hem-de gaýtalanmajak gözelligine baha bermäge mümkinçilik döredildi.
Myhmanlar Halk senetler muzeýiniň öňünde mähirli garşylandy, adatça, şol ýerden “Üç ýüz altmyş” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek başlanýar. Olar bu ýerde dikilen öýlerde türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşy, senetleri bilen tanyşdylar, däp bolan milli tagamlardan dadyp gördüler we ýaňy demlenen gök çaý içdiler.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň çäginde dürli döwürlere degişli binagärlik ýadygärlikleriniň 20-ä golaýy saklanyp galypdyr. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň çatryklarynyň birinde ýerleşen Köneürgenjiň gülläp ösen döwürleri, köp asyrlar mundan ozal şol ýerde ýaşan adamlar hem-de bu topragy edermenlik bilen goranlar barada köp zatlary gürrüň berip biler.
Daşary ýurtly myhmanlar Nejmetdin Kubranyň hem-de Soltan Alynyň kümmetleriniň binagärlik toplumlaryna, “Daş metjit” muzeýine we Törebeg hanymyň kümmetine, Daşgala ýadygärliklerine ��” “Kerwensaraý girelgesine”, Il Arslanyň, Tekeşiň kümmetlerine, Gutlug Temiriň Merkezi Aziýadaky iň belent minarasyna baryp görüp, binagärlik sungatynyň ajaýyp gymmatlyklaryny döreden türkmen binagärleriniň gaýtalanmajak ussatlygy hem-de zehini bilen tanyşdylar.
Ertir Ruhyýet köşgünde “Daşoguz ��” Arkalaşygyň medeni paýtagty” ýylynyň çäreleriniň maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berilmegine bagyşlanan dabara geçiriler. Şol waka mynasybetli döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsert maksatnamasy taýýarlanyldy, şeýle hem welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde GDA ýurtlarynyň şekillendiriş, amaly-haşam we surat sungatynyň ussatlarynyň sergisi açylar.