Sizi türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmenistan bilen Özbegistany örän köp zatlar baglanyşdyrýar. Munuň özi, öňi bilen taryhy we ruhy kökleriň, medeniýetleriň, däpleriň, dessurlaryň, garyndaşlyk gatnaşyklarynyň, diliň we mentalitetiň umumylygydyr.
Köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň gadymy topraklarynda özboluşly medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň wekilleri ýaşaýarlar. Bu bolsa biziň halklarymyzyň hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan özboluşly dünýä garaýşynyň kemala gelmegine ýardam edýär.
Iki ýurtlaryň halklarynyň däbe öwrülen dostluk we doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde has çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Bizde halklarymyzyň bähbitlerine we abadançylygyna gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde entek peýdalanylmadyk mümkinçilikler bar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda çuňňur hem-de giň göwrümli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Dünýä derejesindäki milli medeniýetlerimizi we sungatlarymyzy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Iki dostlukly döwletlerde ilatyň durmuş derejesi durnukly ýokarlandyrylýar, halkara derejesindäki medeni çäreler, ylmy maslahatlar we festiwallar yzygiderli esasda geçirilýär, medeni ähmiýetli täze desgalar açylýar.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň däp boýunça Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari» atly halkara saz festiwallaryna, Daşkent we Ürgenç şäherlerinde guralýan sergilere, şeýle hem geçen ýylda Özbegistanyň paýtagtynda türkmen nusgawy şahyry Mollanepesiň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşmaklary türkmen-özbek dostlugyny aýdyň beýan edýän wakalardyr.
Öz gezeginde Özbegistanyň wekilleri Aşgabatda Halkara amaly haşam sungatynyň eserleriniň sergisine we «Adamzadyň ruhy hazynasy» atly milli folklor festiwalyna, aýratyn zehinli çagalaryň «Awaza – dostluk mekany» atly III Halkara festiwalyna we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen estrada saz, aýdym we tans toparlarynyň «Awaza-2010» Halkara festiwalyna gatnaşdylar.
Hormatly watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda medeniýet we sungat örän möhüm hem-de aýgytly ähmiýete eýe bolup durýar we biz – Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleri ähli pudaklardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iki halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris.
Ýene bir gezek Sizi türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Size berk jan saglygyny, maşgala ojaklaryňyzyň abat bolmagyny, festiwalyň işine bolsa rowaçlyklar, döredijilik ylhamyňyzyň gaýnap-joşmagyny hem-de asylly işiňizde täze ýeňişler gazanmagyňyzy arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Islam Karimow
referans: www.turkmenistan.gov.tm