Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň Gubadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasy gurulýar. «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň tabşyrygy boýunça bu taslamany Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenbetonönümleri» ÖB-niň Daşoguzdaky demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümi amala aşyrýar.
Gurluşygy alnyp barylýan fabrik – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp welaýatda işe giriziljek iri önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň on üçüsiniň biridir. Kärhananyň düzüminde edara jaýy, önümçilik sehi, ussahana, ammar, goşmaça binalar bolar.
Daşoguz welaýatynda el halyçylygynyň ençeme asyrlyk taryhy bar. Häzirki döwürde gadymy sungatyň ýörelgeleri täze çeperçilik we tehniki tilsimler bilen kämilleşdirilýär. Etraplarda şahamçalry bolan sebit çeper halyçylyk kärhanasynda halyçylaryň ýüzlerçesi zähmet çekýär.
***
Ýurdumyzyň demirgazygynda bagçylygy ösdürmäge telekeçilik düzümleri saldamly goşant goşýarlar. Miwe önümlerini ýetişdirmäge ýörüteleşen hususy hojalygy döreden S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Saparbaý Ýusubow tejribeli bagbanlaryň biridir.
Telekeçä tapgyrlaýyn özleşdirmek üçin uzak möhletleýin ulanmaga on gektar ýer bölünip berildi. Topragyň hasyllylygyny gowulandyrmak üçin ol tagalla baryny etmeli, şol sanda zeýakaba hem çekmeli boldy. Saparbaý Ýusubow alymlaryň ýerli howa-toprak şertleri üçin maslahatlaryny bag ýertişdirmek ýörelgeleri bilen utgaşdyryp her ýyl almadan, erikden, garalydan, çereşnýadan bol hasyl alýar. Şu ýyl 3 gektara golaý täze ýerde miweli agaçlaryň 800-e golaýy ekildi.
Sebitiň beýleki etraplarynda-da hususy kärhanalar we telekeçiler oba senagat önümçiliginiň şu pudagynda, şeýle hem miwe-gök ekinlerini gaýtadan işlemekde üstünlik gazanyp, daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goşant goşýarlar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm