Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen hojalyklarynda şaly ekmek üçin bölünip berlen sekiz müň gektaryň dörden bir böleginden gowragynda ekiş geçirildi.
Daşoguz welaýaty Lebap welaýaty bilen birlikde ýurdumyzyň azyk bazarlaryny şaly bilen esasy üpjün ediji sebit bolup durýar. Şu ýyl bu ýerde 34 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnamak bellenildi.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde şaly ýetişdirmek üçin ähli şertler, şol sanda häzirkizaman ýöriteleşdirilen tehnikalary bary. 2015-nji ýylda bina edilen şalyny gaýtadan işlemek boýunça häzirkizaman kärhanasynda ýygnalan hasylyň esasy bölegini gaýadan işlemek üçin mümkinçilik döredilendir.