Demirgazyk sebitde ýazky bag ekiş möwsüminiň dowamynda tut nahallarynyň 60 müňüsi oturdylar, bu bolsa geçen ýyldakydan ep-esli köpdür. Bu bagyň ekiýän meýdanynyň artdyrylmagy tuduň peýdaly sypatlary we onuň ekologiýa taýdan oňaýly täsiri bilen düşündirilýär. Onuň bezeglik sypatlary landşaft dizaýnynyň elementi hökmünde onuň meşhurlygyna ýardam edýär.
Mundan başga-da, onuň meýdanynyň giňeldilmeginiň ykdysady ähmiýeti hem bar. Daşoguz welaýaty ýokay hilli ýüpek öndüriji sebitleriň biridir. Diňe şu ýyl bu ýerde onuň 485 tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Mälim bolşy ýaly, bu agajyň ýapraklary ýüpek gurçugy üçin iýmitdir.
Şu ýylyň ýazynda Daşoguz welaýatynda 750 gektar ýerde 300 müň nahal oturdylar. Şunda, onuň bäşden bir bölegine miweli agaçlar, şol sanda alma, erik, armyt, alça, çereşnýa, wişnýa, injir we beýleki agaçlaryň nahallary ekiler.
turkmenistan.gov.tm