5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Daşoguz Welaýatynyň Suwly-Batgalyk Ýerlerinde Guşlaryň Höwürtgeleme Möwsümi Başlandy

Daşoguz Welaýatynyň Suwly-Batgalyk Ýerlerinde Guşlaryň Höwürtgeleme Möwsümi Başlandy

Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri guşlaryň suwda ýüzýän we beýleki görnüşlerine, olaryň göçüş ýollaryna, ýaşaýan ýerlerine gözegçilik edýärler.

Sarygamyş, Aýböwür, Zeňňibaba we beýleki kölleriň ösümlik hem-de balyk baýlyklary suwda ýüzýän guşlaryň ençeme çörnüşiniň bu ýerlere hemişelik we wagtlaýyn uçup gelmegine sebäp bolýar, olaryň arasynda tüňňele, ördek, çuluk, jübtün we guw ýaly guşlar bar. Bu ýerlerde wagşy guşlar-da gabat gelýär. Guşlaryň köp toplanýan ýerlerinde tebigaty goramak çäreleriniň işjeňleşdirilmegi we olaryň howpsuz ýaşaýşy üçin şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň guşlaryň köp ýygnanýan ýerine öwrüilmegine ýardam etdi, olaryň bir bölegi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenilip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Ýer, suw we tokaý serişdelrine, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek, ozon gatlagyny saklap galmak hem-de agaç nahallaryny ekmek ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Ähli ýerde köpçülikleýin agaç nahallary oturdylýar, tokaý toplumlary döredilýär, Aral sebti bilen çäkleşýän ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni alýan Daşoguz welaýatyndaky Bötendagdagdaky ýaly emeli gök zolaklar döredilýär. Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda iri ekologiýa, şol sanda suw üpjünçiligini we ýerleriň meioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi.

Batyr ÖRÄÝEW

Degişli makalalar

Inspiring Ashgabat: Kikboksing Boýonça Aziýanyň Çempionaty

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Balkanabadyň Alpinistleri Belentligine Çalt Çykmakda Türkmenistanyň Kubogynyň Ikinji Tapgyrynda Öňdeligi Eýeledi