Demirgazyk sebitiň dolandyryş merkezindäki Şagadam köçesiniň ugrunda tapgyrlaýyn gurulýan otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaý toplumynda ösen inženerçilik kommunikasiýalary bolar. “Ýüpek ýoly gurluşyk” Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň çekýän uzynlygy bir kilometrden gowrak ýylylyk beriji turbalary ygtybarly goragly bolar. Ol ýörüte ganawly beton kanala goýlar. Şeýle desgalar kommunikasiýalary diňe bir topragyň basyşyndan goraman, eýsem has berkligi we ýokary geçirijiligi bilen hem tapawutlanýar.
Şol bir wagtyň özünde “Ýüpek ýoly gurluşyk” Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri beýleki inženerçilik ulgamlarynyň hem ençemesini gurýarlar. Meselem, suw geçiriji turbalaryň umumy uzynlygy alty kilometre golaý, elektrik geçirijileriňki – dört kilometrden gowrak bolar. Häzirki wagta çenli eýýäm lagym ulgamlarynyň 600 metrden gowragy geçirildi. Täze ýaşaýyş jaý toplumy üçin özbaşdak bug gazany göz öňünde tutulan.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm