14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Daýahatyn Kerwensaraýy Taryhy Ýadygärligiň Rejeleýiş we Dikeldiş Işleriniň Ilkinji Tapgyry Tamamlandy

Daýahatyn Kerwensaraýy Taryhy Ýadygärligiň Rejeleýiş we Dikeldiş Işleriniň Ilkinji Tapgyry Tamamlandy

Binagärligiň ajaýyp ýadygärligi Lebap welaýatynda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýy, Amuldah Horezme tarap uzaýan kerwenleriň ýol ugrunda bäş müň ýyl mundan ozal gurlan taryhy ýadygärlikdir. Alymlaryň pikirine görä, bu taryhy ýadygärlik Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk böleginde Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwdanyň gülläp ösen döwründäki iň gowy saklanan kerwensaraýlaryň biri.

Kerwensaraýyň diwarlarynyň örtügi, arkalarynyň kerpiç örümleri, gümmezleri bişen kerpiçden bolsa-da wagtyň geçmegi , ygallaryň we ýagynlaryň bolmagy bilen şeýle berk gurluşyk materiallary hem berbat bolup, zaýalanýar. Bu taryhy ýadygärligiň ýykylmagynyň öňüni almak maksady bilen ABŞ-nyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiň Gaznasy ” atly maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi “Daýahatyn kerwensaraýy” taryhy ýadygärligiň rejeleýiş we dikeldiş işleriniň ilkinji tapgyryny amala aşyrdy.

Diwarlaryň has gowşak ýerleriniň , basdyrmalarynyň we örtüginiň köp ýerleriniň zaýalanmagynyň öňüni almak işleri geçirildi. Galereýanyň demirgazyk-gündogar tarapynyň howlusynyň bölekleýin rejeleýiş işleri geçirildi. Kerwensaraýyň daşky we içki giriş portalynyň ýokarky bölegi dikeldildi. (suratda). Ikinji gezek ulanyp boljak orta asyr kerpiçleri we olaryň nusgasy esasynda taýýarlanan kerpiçler rejeleýiş işlerinde ulanyldy. Bu taslamanyň işlerini taryhy ylymlaryň kandidaty Muhammet Mämmedowyň ýolbaşçylygynda paýtagtyň arhitektorlary Derkar Döwletow, Ruslan Myradow, Maksatmyrat Amanow, we lebaply rejeleýjiler, ýagny Rahmanguly Ýazhanow we Halykberdi Annagulyýew ýerine ýetirdiler.

“Daýahatyn kerwensaraýy” taryhy ýadygärligiň rejeleýiş we dikeldiş işleriniň ilkinji tapgyrynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilen dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Allan Mastard gatnaşyp, geçirilen işlere ýokary baha berdi.

ÝUNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň sanawyna goşmaklyga hödürlenen “Daýahatyn kerwensaraýy” taryhy ýadygärligiň rejeleýiş we dikeldiş işleriniň geljekki tapgyrlary babatda öňde goýlan wezipeler kesgitlendi.

Degişli makalalar

Bildiriş (Türkmenistan İstanbul Başkonsolosluğu Hakynda)

Türkmenistanyň Pagta Arassalaýjy Kärhanalary 2016-njy Ýylyň Hasylyny Gaýtadan Işläp Gutardylar

turkmenhabargullugy

Araly Halas Etmegiň Döwletara Toparyň Mejlisi

syrach