Belli bolşy ýaly şu ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow „Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa-Bereket-Etrek (Türkmenistan )-Gorgan (Eýran)“ halkara demir ýolunyň Bereket-Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işleri hakyndaky„ Karara gol çekdi.
Bereket stansiýasyndan başlap, Serhetýaka stansiýasyna çenli 444 km. demir ýoluň demir gözeneklerini çekmeklik işleri tamamlandy. Bu ýerde ýörite gurluşyk tehnikasynyň we işçi otlylaryň gatnawy şeýle-de stansiýalarda we demir ýoluň bölünýän ýerlerinde gurluşyk işlerini alyp barmak üçin gerekli enjamlaryň we gurluşyk materiallaryň daşalyşy başlandy. Şeýle-de soňky stansiýa çenli serhet we gümrük gulluklary üçin ýükler daşaldy. Mahlasy, demir ýoluň gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrliginiň edaralarynyň hünärmenleri demir ýoluň bu böleginde gyşyň sowuk, tomsuň bolsa yssy günlerinde, dürli päsgelçilikleri, çuň oýlary, mese-mälim bolup duran beýiklikleri ýeňip geçip, ýeri toprak bilen düşemek işlerini alyp bardylar. Miriş we Ustýurt ýapgytlarynda hem belli bir kynçylyklar döredi. Esasan hem agyr tehnikalar bu ýapgytlary hüjüm edip diýen ýaly işe girişýärdiler. Biziň demiýolçylarymyzyň baý tejribesi hem-de häzirki zaman kuwwatly tehnikalary hemme kynçylyklary ýeňip geçip, bu bellenilen tapgyry öz wagtynda tabşyrmaga mümkinçilik berdi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde şu wagtky demir ýoly hem hasaba almak bilen türkmen demirýolçylary kyn şertlerde, Tejen-Sarah-Maşat, Türkmenabat-Atamyrat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ýaly polat ýollaryň 1200 km gurdular, ine-de Bereket-Serhetýaka demir ýol böleginiň işleri hem aýgytly alnyp barylýar.
Ýeri toprak bilen düşemek işleri üçin ençeme kubometr çagyl demir ýoluň gözenekleriniň aşaklaryna düşeldi. Üstesine-de diňe bir esasy ýolda bolman, eýsem onlarça kilometr goşmaça ýollarda, ýagny 18 stansiýada we demir ýoluň bölünýän ýerlerinde hem çagyl düşeldi. (Olaryň käbirinde, ýagny Bereket we Serhetýaka stansiýalarynda otly düzümleriniň agramly böleginiň boljagyny göz öňünde tutup, 4 sany goşmaça ýol çekildi.) Hemme stansiýalarda we demir ýoluň bölünýän ýerlerinde dürli gulluklar we hünärmenler üçin zerur bolan binalaryň gurluşygy tamamlandy.
Demir ýoluň esasy ugrunda şu günler uly iş alnyp barylýar. Esasy ýol has ýokary hilli derejelere çykarylýar. Ýolda 25 metr bolan demir gözeneklerine derek 700 metr bolan demir relslar gurnalýar. Bu bolsa ýoluň howpsuzlygyny üpjün eder, tizligi ýokarlandyrar, ýöreýän otlularda gatnaýanlar üçin goşmaça rahatlyk we amatlylyklary döreder, sebäbi otly sessiz diýen ýaly ýörär.
Ustýurt ýapgydyndan howpsuz geçmekligi üçin şu günler aýlawly, ýagny otly düzüminiň ýokaryk galanda we aşak düşende has amatly boljak ýolunyň hem gurluşygy alnyp barylýar. Stansiýalary we demir ýoluň bölünýän ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri dowam edýär. Bu ugurda göreldilileriň hatarynda esasy Bereket, Tüwer we Serhetýaka stansiýalaryny görkezip bolar. Bu ýerde otlular üçin yzyna öwrülýän depo, gurluşyk toparlary we başga-da gulluklar üçin dynç alyş binalary gurlar. Mundan başga, Gazagystan bilen araçäkde ýerleşjek iň ahyrky stansiýada bir sagatda 50 ýolagçy geçirijilik ukyby bolan, 50 orunlyk myhmanhanaly, demir ýoluň hünärmenleri üçin goşmaça ýaşaýyş jaýly häzirkizaman demir ýol menzili gurlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji ýanwarynda Bereket demir ýol menziliniň iki gatly häzirki zaman binasyna baryp, demir ýoluň ugrunda özüniň bezeginde häzirkizaman binagärlik ýörelgeleri we däp bolan milli bezegiň nusgalary sazlaşykly boljak menzilleri gurmagy tabşyryk berdi. Bu maksat bilen eýýäm şu ýylda bu desgalaryň gurluşyk işlerine bäsleşik geçirmek üçin 570 mln manat bölünip beriler. Täze halkara demir ýolunyň 700 kilometri biziň ýurdumyzyň içinden geçýär. Ýolagçylar we demirýolçylar üçin amatly boljak menziller bolsa bu döwletiň ýüzi bolar.
Täze polat ýolunyň ikinji bölegini Bereketden Etrege çenli 265,5 kilometriniň gurluşygyny «PARS ЕNЕRJI» eýran kompaniýasy amala aşyrýar. Kompaniýanyň mehanizatorlary ýoluň tutuş ugrunda topragy düşemek işlerini tamamlap, relsleri geçirmeklige başladylar. Demir ýolunyň ilkinji 20 kilometri çekilip, geljekgi menzilleriň (jemi 7 sany) gurluşyk işlerine başlandy. Bu ýagdaý bolsa täze demir ýolunyň gurluşygy saklanmaz diýip çak etmäge mümkinçilik berýär. Eýran kompaniýasy bir wagtyň özünde Bereketde yzyna öwrülýän deponyň gurluşygyny hem alyp barýar.
Gurluşygy doly tamamlanandan soň bu demir ýol Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna , Günorta Aziýa, Pars aýlagyna çykmaga öňaýly şertleri döreder. Hindi ummany we Pars aýlagy döwletlerinden biziň ýurdumyzyň şeýle hem Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Demirgazyk we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleriň daşalmagyna mümkinçilik döreder. Gazagystan öz tarapynyň 146-njy kilometrlik Uzene çenli barýan böleginiň gurluşygyny tamamlady. Bu bolsa biziň iki ýurdumyzyň polat ýollarynyň geljekde birikmegine ýardam berer.
Gejekde goňşy ýurtlaryň araçäklerine çenli demir ýollaryň gurluşygyny dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da biziň ýurdumyzyň çäklerinden 85km geçýän, umumy uzynlygy 120 km bolan Atamyrat (Türkmenistan)- Andhoý (Owganystan) demir ýolunyň gurluşygyna taýýarlyk görülýär. Onuň gurluşygy boýunça iki döwletiň baştutanlarynyň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Bu demir ýol hem biziň ýurdumyzyň üstaşyr ýük daşamaklygyny giňeltmäge mümkinçilik döreder.
Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde iri we kuwwatly tranzit mümkinçilikleri bolan döwlete öwrülmäge hem-de garaşsyz bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ugurdan mundan beýläk hem berkemegine we ösmegine ýardam berer.
referans: www.turkmenistan.gov.tm