13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Deryaplastik» HJ: Ýerli Çig Mal, Çeýe Marketing Ulanyp, Önümiň Eksporty Artdyrylýar

Ýurdumyzyň bazarlaryny polipropilenden, poliwinilhloridden we polietilenden ýasalýan önümler bilen üpjün edýän «Deryaplastik» hojalyk jemgyýetiniň kärhanalary diňe ýerli çig mal ulanmaklyga geçdiler. Häzirki wagtda telekeçiler daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek üçin polimer önümleri Gyýanlydaky (Balkan welaýaty) ýokary tehnologiýaly gazhimiýasy toplumyndan alýarlar.

Daşary ýurt çig malyndan ýüz öwrülmegi önümçiligiň netijeliligini ep-esli artdyrmaga we çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga ýardam etdi. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň sehlerinde 10 müň tonnadan 12 müň tonna çenli ýerli polietlien we polipropilen gaýtadan işlenilýär, munuň özi öňki ýyllaryň görkezilerinden has ýokarydyr. Şunda önümiň özüne düşýän gymmaty 30 göterim azaldy. Önümçiligiň möçberiniň artmagy bilen birlikde olaryň görnüşleri-de köpeldi. Bir ýyl mundan ozal hojalyk jemgyýeti bazarlara 700 görnüşli haryt iberen bolsa, indi olaryň görnüşi 1200-e golaýlady. Ýakyn döwürde ýene bir kärhana – suw gyzdyryjy enjamlary öndürýän zawod gurmak göz öňünde tutulýar, ol 15 litrden 150 litre çenli boýlerleri çykarar.

«Deryakeramika» HJ ençeme ýyl bäri ýurdumyzyň gurluşyk materiallary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetiniň düzüminde üç kärhana işläp, olaryň ikisi belli bir ölçegli polimer önümlerini – plastiki turbalary, ätiýaçlyk şaýlary we fitingleri, asma depelikleri, penjire öňüleri, elektrik kabellerini öndürýär.

Şeýle hem telekeçiler hojalyk harytlarynyň 60-a golaý görnüşini çykarmagy özleşdirdiler. 2017-nji ýylda «Deryakeramika» söwda belgisi bilen Türkmenistanda ilkinji faýans keramiki santehnika önümlerini çykarýan zawod açyldy.

Gerekli enjamlary satyn alan we innowasion tehnologiýalary ulanýan kärhana dünýä bazarlarynyň derejesine laýyk gelmäge çalyşýar. HJ-nyň önümleriniň bahasynyň we hiliniň sazlaşygy onuň bäsdeşlige ukyplylygyna ýardam etdi. 2018-nji ýyldan başlap, kompaniýa önümlerini sebit boýunça goňşy ýurtlara we GDA döwletleriniň käbirine iberýär. Şu ýyl onuň önümleri Baltika ýurtlaryna we Belorus Respublikasyna iberiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

WECOOP “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: Daşky Gurşaw we Howanyň Üýtgemegi” Taslamasynyň Sebitleýin Ýolbaşçylary Bilen Wideo Konferensiýa

BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji Dekabry Halkara Bitaraplyk Güni Diýip Yglan Etdi