Belarusiýanyň saz sungatyna goşant goşan meşgur saz topary “Didulýa” topar başlygy sazanda Waleriý Mihaýlowiç Didulýa toparyň ady Waleriý Mihaýlowiçiň familiýasyna görä goýuldy. Sazandaçy ýazyjy kompazitor Waleriýa Mihaýlowiç Didulýa 1969-njy ýylyň 24-nji ýanwar aýynda Belarusiýada Gronda şäherinde doguldy. Orta mekdep bilimini dogulan şäherinde aldy we saz bilen mesgulannmaga başlady. Sazanda öziniň birinji saz guralyny bäş ýaşyndaka ejesi sowgat berýär. Saza bolan inçe höwesi bilen özbaşdak saz ýazmana başlapdyr. Boş wagtlary dostlary bilen konsertlerde toýlara gatnaşyp öziniň saza bolan söýgisini artdyrýar. Soňradanam 3-nji gitarist hökmünde “Aliýe zori” ansambilyna kabul edilipdir. Obalarda şäherçelerde restoranlarda konsertlerde çykyş edip başlady. “Aliye zori” topar dagadykdan soňra Waleriý Mihaýlowiç Didulýa aýdym-saz we tans topary bolan “Belyýe rosy” toporynyň sez-ýazyjysy bolup işe başlapdy. Bu aýdym-saz we tans toparda esasanam halk tanslary bilen meşgur bolup Polşa halk tansy, Belarusiýa halk tans,y Ukraina halk tansy, Sigan halk tansy şeklinde çykyş etdiler toparyň kömegi bilen birinji sapar Yewropanyň ähli ýerinde Ispaniýada, Fransiýada, Italiýada, Polşada, Şweýsariýada, Germaniýada gostrolda bolýar. Didulýa Ispaniýada ispan tansy bolan flamenko aydym saz sungaty bilen tanyş bolýar. Birinji albomy 2000-nji ýyl çykdy we 2002-nji ýyl bolsa ökde sazandalary toplap “Didulýa” saz toparyny döredýär. Sahnada Didulýa bilen Rustem Bari Aleksandr Leer Haýbula Mogamedow Dmitriý Ersow Waleriý Skladanniý we Ramil Malikow çykyş edýär. Didulýa 120-den gowrak saz eseriň eýesi bolup we häzirki wagtda dünýä tanaýar. Döredijilik işleri
1-albom 2000 Flamenko
2-albom 2002 Doroga Bagdad
3-albom 2004 Legenda
4-albom 2006 Peserniý gorod iskerman
5-albom 2006 Swetnyýe Sny
6-albom 2007 Muzyka nesnyatogo kino
7-albom 2010 Oramat
8-albom 2012 Ornamentalniý
9-albom 2013 Odnajdy Segodnýa