5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Diller Dünýäsi

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri bu günki günde ylym-bilimiň batly depginler bilen ösýän bilim ojagynyň mekanyna öwrüldi. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sany bolsa birsyhly artýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezi daşary ýurt dillerini öwrenýän merkez hasaplanýar. Bu ýerde dürli ýaşdaky raýatlarymyza daşary ýurt dilleriniň birnäçesi we şol sanda kompýuter sowgatlygyny öwretmek ýaly sogap işler ýola goýlupdyr. Bu dil merkezi ýaşlara dünýä dillerini öwretmäge niýetlenendir. Dünýäniň ençeme dilleri boýunça dersler geçilýär. Iňlis, rus, nemes, arap, hytaý, ýapon dillerinden we matematika, kompýuter ýaly ugurlardan ýaş nesillere döwrebap bilim berilýär. Häzirki wagtda dil öwrediş bölümde 633 diňleýji, mekdebe taýýarlyk bölümde bolsa 460 çaga döwrebap bilim alýar. Şu güne çenli 3230 diňleýjiniň okuwy tamamlandygy hem-de olardan 2674 diňleýjiniň okuwy üstünlikli tamamlandygy barada usulyýetçi Şemşat Seýidowa bize guwanç bilen gürrüň berdi.
Okuwlar döwrüň talabyna görä sazlaşykly alnyp barylýar, çagalaryň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekleri üçin dürli tejribelerden we usullardan ýerlikli peýdalanylýandygy ünsüňi çekýär. Bu ýerde çagalara daşary ýurt dillerini öwretmekde, döwrebap okuw kitaplary, multimedia we kompýuter enjamlary giňden ulanylýar. Dersleriň çagalara has gyzykly, düşnükli bolmagy üçin okuwlar ýörite enjamlaşdyrylan interaktiw usulda amala aşyrylýar. Okatmagyň bu usuly häzirki wagtda bilim dünýäsinde dünýä tejribesinde giňden ulanylýan esasy serişdeleriň biri hasaplanýar. Okatmagyň bu usuly üstünlik gazanmagyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin bu usuldan netijeli hem döredijilikli peýdalanýan ussat mugallymlar öz döredijilik tejribelerini baýlaşdyrmaga ymtylýarlar. Bu gün geçilýän sapaklaryň oňat özleşdirilmeginde interaktiw tagtanyň peýdaly taraplary aýratyn nygtalyp geçilýär. Çagalar dil bilmekde, sözlüklerden peýdalanmakda, umuman, dil öwrenmekde bu usulyň has ähmiýetli, ygtybarlydygy aýdylýar.
Biz «Diller dünýäsi» dil merkezinde bolanymyzda, mekdebe çenli taýýarlyk bölümde çagalaryň türkmen we rus, iňlis dillerinden erkin bilim alyp, dünýägaraýyşlaryny giňeldýändigini görüp, buýsanjymyz goşalandy. Synp otaglary zerur bolan görkezme esbaplary bilen doly üpjün edilipdir. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy we terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Ýaş nesiller geçilýän sapagy oňat özleşdirýär. Geçilýän sapaklar gyzykly öwrenilýär we sözlükler ýat tutulýar. Islendik dil öwrenilende, ilki bilen, öwrenilýän diliň sözleri ýat tutulýar, özbaşdak gaýtalanýar, soňra ýazuwa geçirilýär. Ine, şeýdibem arzuwlanýan dil kämil derejä eýe bolýar. Mugallym çagalara sapagy düşündiren wagtynda, okatmagyň dürli serişdelerinden peýdalanýar. Bu bolsa mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky ýygjam gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň Üstünden Gurlan Täze Demir Ýol Köprüsinden Geçdiler

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Fotosuratlary 51

turkmenhabargullugy

Türkiýede Bilim Almak Üçin Resminamalaryň Terjime Hyzmat

turkmenhabargullugy