Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Katar Döwletine geldi.
Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Doha şäheriniň howa menziline hormat garawulynyň nyzama düzülen uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Dohanyň halkara howa menzilinden aýratyn möhüm myhmanlar üçin niýetlenen “St.Regis Doha”. kaşaň myhmanhanasyna tarap ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe wagtdan bu ýerden Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugraýar.
Köşgüň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Baştutanyny Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça görşüp, ýörite bellenilen ýere geçýärler. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Türkmenistanyň we Kataryň Döwlet senalary ýaňlanýar. Nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, Türkmenistanyň we Kataryň Baştutanlary esgerleriň öňünden geçýärler we Kataryň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.
Soňra Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köşge girýärler. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany Kataryň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrylýar. Kataryň Emiri hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýar.
Resmi çäre tamamlanandan soň, döwlet baştutanlary Uly mejlisler zalyna barýarlar, bu ýerde iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi.