16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
DURMUŞ

Dostluk “Kerweni” Türkmen-Koreý Hyzmatdaşlygynyň Täze Giňişliklerini Açýar

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Koreýa Respublikasy tarapyndan her ýyl geçirilýän “Kerwen” atly forumyň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenstanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. 2011-nji ýylda badalga berlen bu toplumlaýyn syýasy we medeni-ykdysady çäre sebitiň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Koreýa Respublikasy tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde guralýan şu gezekki forum ýurdumyzda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna gabatlanyp geçirilýär. 

Mälim bolşy ýaly, bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda teklip edildi. Şol saparyň netijesinde üstünlikli ösdürilýän uzakmöhletleýin özara hyzmatdaşlyga täze mümkinçilikleri açýan, olara hemmetaraplaýyn itergi berýän resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary boýunça edarasynyň baş direktory Pak Çul-miniň ýolbaşçylygynda dostukly ýurduň syýasy we işewür toparlarynyň, ylym hem-de medni – jemgyýetçilik ulgamynyň 80 wekilini özüne jemleýän uly wekiliýet ýurdumyza geldi.

Çäräniň açylyş dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jong Te-in gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Koreýa Respublikasynda durmuş-ykdysady ösüşiň haýran galdyrýan depgini bilen öňe barýan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Daşary syýasatynda ynsanperwer, işjeň başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan sebitde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna we durnukly ösüşe örän uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ilçi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yklymda ykdysady we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen “Ýewraziýa başlangyçlary” we “Ýüpek ýoly” taslamalaryna berýän goldawynyň ähmiýetini belledi. Bu bolsa köp babatda Merkezi Aziýada hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde ygtybarly energetika we ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmäge gönükdirilen Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna gabat gelýär. 

Iki ýurduň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de  pugtalandyrmaga, işewür toparlaryň arasynda ysnyşykly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylmy gatnaşyklary we medeni gymmatlyklar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ymtylýandyklaryny nygtamak bilen, ilçi bu çeräniň türkmen we koreý halklarynyň abadanlygyna we gülläp ösmegine niýetlenen maksatlaryny amala aşyrmak üçin nobatdagy gezek itergi berip, täze mümkinçilikleri döretjegine ynam bildirdi. 

“Kerweniň” paýtagtymyzda we Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek dört günlük maksatnamasy wakalara örän baýdyr.

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda koreýaly myhmanlar ylmy okuw geçirdiler. Onuň gidişinde professorlar – syýasatşynaslar we ykdysadyýetçiler jemgyýetçilik diplomatiýasyna, milli medeniýetiň hem-de  medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, “Ýewraziýa başlangyçlaryny” amala aşyrmagyň çäklerinde ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyşyň ugurlaryna bagyşlanan işleri bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň hemişelik we oňyn bitaraplygynyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi, onuň şanly 20 ýyllygy bilen baglanyşykly dürli çäreler diňe bir biziň ýurdumyzda däl-de, dünýäniň köp döwletlerinde, şol sanda Koreýa Respubilkasnyda hem geçirilýär. 

Ertir Balkan welaýatynda bilelikdäki senagat ugurly taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan iri koreý kompaniýalyrynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portuna we nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp görmegi, şeýle hem polietilen hem-de polipropilen önümçiligi boýunça Gyýanly şäherçesindäki häzirkizaman gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşmagy göz öňünde tutýarlar, onuň gurluşygyna şu ýylyň aprel aýynda badalga berildi. 

Çarşenbe güni wekiliýetiň agzalary “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda 11-nji noýabrda öz işine başlajak Türkmenistanyň VII halkara maýa goýum maslahatynyň işine gatnaşarlar. Maslahatyň çäklerinde koreý işewürleri türkmen kärdeşleri bilen işewürlik duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýärler. 

“Kerwen” forumynyň medeni maksatnamasy “Tal” tans toparynyň Magrymguly adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda şu günki çykyşy bilen açyldy. Bu tans topary türkmen tomaşaçylaryna diňe bir koreý halk tanslaryny ýerine ýetirmek bilen däl-de, eýsem “taekwondo” milli göreşiň tilsimleri bilen baýlaşdyrylan tanslary, şeýle hem häzirkizaman breýk-dans tanslary bilen hem meşhurdyr. Ýaş ýerine ýetirijileriň türkmen sahnasyndaky konsertleri 2012-nji ýylda hem gyzgyn garşylanypdy. Häzirki wagtda artistler özleriniň tans çykyşlary bilen koreý gyzlarynyň näzik we çeýe hereketlerini ähli ajaýyplygy bilen açyp görkeýzärler hem-de türkmen tomaşaçylarynyň el çarpyşmalaryna mynasyp bolýarlar. 

Degişli makalalar

Türkmen-Awstriýa Dostlugy

syrach

Üstünlik-Bu Özüňe Ynanmakdyr!

WADA Bilen Toplumlaýyn Hyzmatdaşlyk Türkmen Sportunyň Arassalygyny Saklamaga Ýardam Eder