Türkmen paýtagtynda 1994-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyk ýaşlaryň arasynda futbol we basketbol boýunça “Dostluk” Kubogy ugrunda däbe öwrülen bäsleşikleriň ikisiniň dabaraly açylyşy boldy.
“Köpetdag” stadionynda eýýäm 11-nji gezek geçirilýän futbol bäsleşiginde iki topara bölünen futbol komandalarynyň 8-si çykyş edýärler. “A” toparyna Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “ÇÝORSM” (Çagalar-ýetginjekler Olimpiýa rezerwiniň sport mekdebi), Aşgabat şäher sport komitetiniň futbol sport mekdebiniň “Aşgabat” topary, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýygyndy futbol toparlary girýärler. “?” toparynda bolsa “Olimp” Aşgabat we Ahal, Balkan hem Daşoguz welaýatlarynyň ýygyndy futbol toparlary girýärler. Her topardan iň gowy futbol komandalarynyň ikisi ýarym finala çykar, onuň ýeňijileri finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler, ýeňlişe uçranlar bolsa bäsleşigiň bürünç medaly ugrunda güýç synanyşarlar.
“A” toparynda oýunlaryň ikinji gününden soň üç oçko toplan “Aşgabadyň” futbolçylary öňdeligi eýelediler, olar “Lebap” toparyndan bolan bäsdeşlerinden 3:2 hasabynda üstün çykdylar. “ÇÝORSM” we “Mary” toparlary öz aralarynda 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar, olaryň hersiniň 1 oçkosy bar.
“B” toparynda hersi 3 oçko toplan “Balkan” bilen “Ahal” öňde barýarlar. Balkan welaýatynyň futbolçylary Lebap welaýatyndan gelen bäsdeşlerinden 6:1 hasabynda üstün çykdylar. Ahal welaýatynyň topary bolsa “Olimp” sport mekdebiniň wekillerinden 2:1 hasabynda üstün çykdylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bedenterbiýe sagaldyş merkezinde ikinji gezek geçirilýän basketbol boýunça bäsleşige hem toparlaryň 8-si gatnaşýar, olar hem öz aralarynda iki topara bölünendir. “A” toparyna “Olimp” (Aşgabat) topary, “Ahal”, “Balkan” we “Daşoguz” toparlary girdiler. “?” toparynda bolsa “Lebap”, “Mary” we Aşgabat şäher sport komitetiniň basketbol sport mekdebine wekilçilik edýän toparlaryň ikisi – “Aşgabat-1” we “Aşgabat-2” toparlary girdiler. Bu ýerde hem ýarymfinal jübütler her topardan iň gowylaryň ikisinden düzüler, olar finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler.
“A” toparynda geçen ýylyň bäsleşiginiň ýeňijisi bolan “Olimp” we “Balkan” toparlarynyň hersi 2 oçko gazanyp öňdeligi eýelediler, olar degişlilikde “Daşoguz” toparyndan 100:35 we “Ahaldan” 52:48 hasabynda üstün çykdylar.
“B” toparynda “Aşgabat-1” we “Lebap” toparlarynyň hersi 2 oçko toplap, bäsleşikde öňdeligi eýeleýärler. Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň basketbol sport mekdebiniň topary “Aşgabat-2” toparyndan 79:32 hasabynda, Lebap welaýatynyň basketbolçylary bolsa Mary welaýatyndan bolan bäsdeşlerinden 67:32 hasabynda üstün çykdylar.
Basketbol bäsleşigi 15-nji maýda tamamlanar. Şondan soňky günde bolsa “Dostluk” Kubogyny eýelemek ugrunda bäsleşigiň ýeňijisi belli bolar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm