14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi.

 Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri hem-de şol düzümleriň üstüne ýüklenen möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreler ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meselesi boldy. 

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň alty aýynda harby ulgamda özgertmeleriň barşy, jemgyýetçilik-durmuş howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady hem-de ruhy taýdan rowaçlanmagynyň möhüm şerti hökmünde türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ýolbaşçylyk edýän ministrligi tarapyndan görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň başyndan bäri geçen alty aýda tutuşlygyna alnanda harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde köp işleriň geçirilendigini belläp, öz öňlerinde goýlan wezipeleri sazlaşykly, birkemsiz ýerine ýetirmegiň, özgertmeleri geçirmäge has jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady, şol özgertmeler harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmäge, watançylyk-terbiýeçilik işini güýçlendirmäge hem-de harby gullukçylaryň taktiki we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe käýinç yglan etdi. 

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowyň hasabaty diňlendi, ol özüne ynanylan düzümde şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de serhet goşunlarynda tertip-düzgüni güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler hakynda habar berdi, serhet goşunlarynyň üstüne halkymyzyň parahat durmuşyny we rahatlygyny, mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini eserdeň goramak ýaly jogapkärli wezipe ýüklendi. 

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipäniň aýratyn möhümdigini nygtap, döwlet serhediniň bitewiligini we bozulmazlygyny üpjün etmegiň, gury ýerde hem, deňizde hem gözegçilik gullugyny çekmek arkaly ähli şertleri döretmegiň, eserdeňligi güýçlendirmegiň zerurdygyna gullugyň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli tabşyryklary berip, Watanymyza we mukaddes harby kasamyna çäksiz wepaly serhetçileriň geljekde hem özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge ägirt uly jogapkärçilik bilen çemeleşip, Döwlet serhediniň eldegirmesizligini üpjün etjekdigine ynam bildirdi. 

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi, ol 2014-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem harby özgertmeleriň möhüm taraplaryna — milli goşunymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň arasynda geçirilýän watançylyk işiniň derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga degişli döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz harby ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça wezipeleri öz wagtynda çözmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady, ol häzirki zaman harby tehnikasy we ýörite enjamlar bilen doly üpjün edilmelidir. Ýurdumyzyň harby ýokary okuw mekdeplerinde goşunlaryň ähli kysymlary üçin hünärli işgärleri taýýarlamak has möhümdir, şol ýokary okuw mekdepleriniň durmuşyny Watanymyza gulluk etmäge bagyşlan uçurymlary öz ykballaryny ýeňil bolmadyk harby gulluk bilen aýrylmaz baglanyşdyrýarlar. 

Soňra 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işler hakynda içeri işler ministri I.Mulikow hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, ol ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek, jenaýatçylygyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak, ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça görülýän maksada gönükdirilen çäreler hakynda hasabat berdi. 

Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini kämilleşdirmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berip, Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň ýurdumyzda has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny saklamak, täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna ynamly gadam urýan halkymyzyň rahat, döredijilikli durmuşyny üpjün etmek üçin doly derejede tagallalary etmelidiklerini belledi. 

Ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň sazlaşykly hem-de birkemsiz ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzyň bähbitleriniň, onuň raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmäge degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hakyky demokratik, hukuk döwletiniň esasynyň pugtalandyrylmagyna, mähriban topragymyzda parahatçylygy hem-de asudalygy saklamaga, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kanunylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmäge prokuratura işgärleriniň goşýan goşandyna ýokary baha berip, mili kanunçylygymyzyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagynyň hem-de öňüniň alynmagynyň we döwlet we hususy düzümleriniň işine berk gözegçiligiň, olar tarapyndan kanunçylygyň gyşarnyksyz birkemsiz berjaý edilmeginiň zerurdygy barada Türkmenistanyň Baş prokuroryna degişli tabşyryklary berdi. 

Hasabat döwründe milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek babatda geçirilen işler, şu günüň talaplaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny umumylykda kabul edilen halkara ülňülerine laýyk getirmek hakynda Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew hasabat berdi. 

Milli kazyýet ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyna mundan beýläk hem kazyýetiň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip, işgärleri seçip almaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ilkinji derejeli üns bermegi tabşyrdy. 

Türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmeleriniň barşy barada, şeýle hem ýanwar-iýun aýlarynda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryny göz öňünde tutup kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ygtybarly esasy bolup hyzmat edýän täze kanunlary taýýarlamagy, şeýle hem eýýäm güýje giren kanunlaryň hereketini kadalaşdyrmagy hem-de düzümiň işgärleriniň raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliklerini geçirmek arkaly, kanunlary ilata düşündirmegiň möhümdigini nygtady we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek we gümrük gözegçiligini güýçlendirmek babatda beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, hususan-da, gümrük bölümleriniň zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilmegini, şeýle hem onuň işgärleriniň gullugy we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegini gaýragoýulmasyz wezipeler hökmünde kesgitledi. 

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilen çäreler, şeýle hem neşekeşlige garşy göreşmäge, neşe serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilen anyk ädimler barada hasabat berdi. Bu işler ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň uly möçberini ýok etmek boýunça golaýda geçirilen çäräniň ähmiýeti nygtaldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş we neşe serişdelerine hem-de psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça 2011 — 2015-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň» çäklerinde çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtap, operatiw-gözleg işini güýçlendirmegi, zyýanly endikleriň adamlaryň saglygyna ýetirýän zyýany barada ilatyň arasynda düşündiriş işlerini işjeň alyp barmagy, şeýle hem iri halkara guramalary we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy talap etdi. 

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow özüniň gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy we şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, gullugyň öňünde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet Baştutanymyzyň işi kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. 

Milli Liderimiz parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň seçip alan ýoly boýunça ynamly öňe barýandygyny, dostlukly ýurtlaryň we hyzmatdaşlaryň sanyny ýylsaýyn artdyrýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sazlaşykly işiniň wajypdygyny nygtady. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, bu ýere gatnaşýan ýolbaşçylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, bu edaralaryň garamagyndaky desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň, şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmegiň işgärleriň hünär derejesini, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan iş üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. 

Dünýädäki häzirki harby-syýasy ýagdaýy nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan, diňe goranmak häsiýetine eýe bolan hem-de Harby ulgamda bitewi döwlet syýasatyny döretmäge gönükdirilen harby doktrinamyz döwletimiziň ösüşiniň esasy talaplaryna doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň geçirýän işiniň wajypdygy barada aýdyp, harby gullukçylar özleriniň mukaddes harby we raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek bilen, döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini hemişe ýatda saklamalydyrlar diýip nygtady. Şol syýasatyň esasyny bolsa adam, onuň bagtyýar we abadan durmuşy baradaky alada düzýär. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki käbir meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara öz öňlerinde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi. 

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurulýan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby – deňiz institutynyň binasynyň gurluşyk meýdançasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bezeg aýratynlygy, onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi bilen baglanyşykly taslamalary synlady. Taslamalarda gurulýan desgalaryň binagärlik ugurlary, olaryň mümkinçilikleri, binalarda döredilmegi göz öňünde tutulýan şertler görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Döwlet baştutanymyz bu möhüm desgada alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen hem içgin tanşyp, Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylaryna birnäçe bellikleri aýtdy we gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanmaga berilmeli möhletlerine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gämi abatlaýyş kärhanasyna geldi. Döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda kärhananyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan gämiler, olary gurmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bu ýerde işleýän hünärmen döwlet Baştutanymyza gämileri gurmakda ulanylýan tehnologiýalar, olaryň netijeleri, gämilerde degişli derejedäki gullugy amala aşyrmak üçin döredilýän şertler barada gürrüň berdi. 

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini gowulandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirjekdigini belledi. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryna gelip gowşan döwrebap awtoulaglary hem synlady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylara Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady. 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.

Degişli makalalar

Daşoguz Şäheri 2016-njy Ýylda Arkalaşygyň Medeni Paýtagty

syrach

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy atly žurnalyň täze sany.

syrach

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

turkmenhabargullugy