14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisinde 2016-njy Ýylda Harby we Hukuk Goraýjy Edaralaryň Alyp Baran Işleriniň Netijeleri Seljerildi

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisinde 2016-njy Ýylda Harby we Hukuk Goraýjy Edaralaryň Alyp Baran Işleriniň Netijeleri Seljerildi

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde 2016-njy ýylyň jemleri jemlendi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň döwlet Baştutanymyzyň beren anyk tabşyryklary we görkezmeleri babatda şu döwürde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlendi.

Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň howpsuzlygyny we asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bagly meseleler girizildi. Mundan başga-da, Täze, 2017-nji ýyl üçin esasy çäreler we wezipeler kesgitlenildi.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewiň hasabaty diňlenildi, ol ýurdumyzyň harby doktrinasyna laýyklykda onuň goranmak ukybyny güýçlendirmek, Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak maksady bilen, geçen ýylda görlen çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Harby gullukçylaryň gulluk etmegi we durmuşy üçin amatly şertleri döretmek şol özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga, şeýle hem olaryň döwrebap harby tehnikalara ussatlyk bilen erk etmegine gönükdirilen taktiki-okuw çäreleriniň birnäçesiniň, şeýle hem şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli harby ýörişiň ýokary taýýarlyk derejesinde geçirilendigi barada habar berildi. Mundan başga-da, harby gulluga çagyryş boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýörite taýýarlanylan meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilendigi barada aýdyldy.

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy türkmen topragynda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň esasy ornuny belläp, döwletimiziň gaýduwsyz Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgalalarynyň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigini aýtdy. Harby doktrinada milli goşunyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söweşjeň ukybyny we harby gullukçylaryň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň birkemsiz berjaý edilmegini gazanyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly boljakdygy bellenildi. Bitaraplyk derejesi bolsa tutuş adamzadyň beýik gymmatlygyna, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň girewine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz goşunymyzyň gaýduwsuzlygyň we watançylygyň hakyky mekdebi, türkmen esgerleri bolsa beden hem-de ruhy kämilligiň, ýokary ahlaklylygyň we gahrymançylygyň nusgalary bolmalydygyny aýtdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Döwlet serhedindäki ýagdaý we 2016-njy ýylda görlen çäreler hem-de Watanymyzyň mukaddes serhetlerini hüşgärlik bilen goramak wezipesini ýerine ýetirýän serhet goşunlarynyň şahsy düzüminiň ussatlygyny we söweşe ukyplylygyny artdyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ähli zerur şertleri özünde jemleýän serhet galalarynyň täze binalarynyň we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berlendigini, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýörite maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň üstüne ägirt uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýdyp, olaryň özleriniň mukaddes harby we raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek bilen, hemişe hüşgär bolmalydygyny, şunda Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goňşy döwletleriň ählisi bilen dostluk we doganlyk serhedi bolmagynda galmalydygyny belledi. Şol döwletleriň halklary bilen bolsa bizi gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şeýle hem gulluga degişli dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy. Serhet galalarynda serhetçileriň göwnejaý durmuşy, dynç almagy hem-de türgenleşikleri geçmek üçin ähli şertler döredilmelidir.

Içeri işler ministri I.Mulikow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň düzgün bozmalaryň öňüni almak we ýurdumyzda tertip-düzgüni saklamak boýunça öňde goýlan wezipelerini ýerine ýetirmek, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda geçen ýylda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça görlen çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem ministr geçen ýylyň dowamynda ministrligiň garamagyna degişli düzümlerde dürli maksatly desgalar toplumynyň, ýurdumyzyň sebitlerinde Içeri işler ministrliginiň welaýat müdirlikleriniň edara binalarynyň gurlup ulanmaga berlendigini habar berdi.

Geçen ýylda ministrligiň ýanynda hojalyk desgalar toplumynyň açylmagy bilen ýük awtoulaglaryny, ýeňil awtoulaglary saklamak, olara tehniki hyzmat etmek işleri sazlaşykly ýola goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz düzgün-tertibi üpjün etmekde, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda Içeri işler ministrliginiň uly orny barada aýdyp, ministrligiň işgärleriniň hem-de onuň garamagyndaky ähli düzümleriniň işine hemişe berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, içeri işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministrliginiň neşe serişdeleriniň hem-de psihotrop maddalaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen 2017-nji ýylda zyýanly endiklerden ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça geçirýän işleri barada aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Baş prokuror A.Hallyýew 2016-njy ýylda ýerine ýetirilen işler, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuratura edaralarynyň geçirýän işleriniň esasy ugurlary barada aýdyp, olaryň işiniň täze taryhy eýýamyň belent maksatlaryna we wezipelerine hem-de Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelmelidigini ýene-de bir gezek belledi.

Adamlaryň bagtyýar durmuşy we abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli we kanuny esasda çemeleşilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew milli kazyýet ulgamynyň işini hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek, ony umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyklykda täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goragynda durýan ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işiniň netijeleri baradaky hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini aýtdy hem-de hereket edýän kanunçylygyň pugta ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz işleriň takyk hem-de sazlaşykly alnyp barylmagynyň wajypdygyny belläp, Ýokary kazyýetiň başlygyna mundan beýläk-de kazyýet işiniň netijeli bolmagy üçin ähli şertleri döretmegi, işgärleri seçip almak işine, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky Permana gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek üçin geçen ýylda Milli howpsuzlyk ministrligi tarapyndan görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Parahatçylyk we asudalyk bolsa döwlet ösüşiniň, türkmen halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň möhum şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, munuň üçin düzümleriň sazlaşykly işlemelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministrligiň ähli gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, oňa dünýäniň ösen tejribelerini işjeň ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklary we görkezmeleri babatda geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň artdyrylýandygyny nazarda tutup, Döwlet gümrük gullugynyň bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanylandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Garaşsyz Türkmenistanyň “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde soňky ýylda bu gullugyň işi has-da netijeli häsiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň häzirki döwürde halkara ähmiýetli logistik merkeze öwrülýändigini, onuň möhüm ulag-üstaşyr geçelgelerini baglanyşdyrýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň umumy ykrar edilen kadalara laýyk derejede ýola goýulmalydygyny aýtdy we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, hususan-da, daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda jemgyýetçilik-syýasy we işewür toparlaryň wekillerini hem-de dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän syýahatçylary bellige almak işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak, olara ýurdumyzyň raýatlygyny bermek baradaky kanundan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň özygtyýarly döwletimize, onuň baý taryhyna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bildirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

“Açyk gapylar” syýasaty we dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegi amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara hukuk kadalaryna we ýurdumyzda kabul edilen Kanunlara laýyk derejede alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.

Adalat ministri B.Muhammedow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli hukuk özgertmeleriniň ilerledilişi hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak boýunça geçen ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny içgin seljermegi hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, öňde goýlan döwlet wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ygtybarly esas boljak täze kanunlary işläp taýýarlamaga başlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ähmiýetini ilata düşündirmegiň we raýatlarymyza ýetirmegiň hem-de zerur bolan hukuk kömegini bermegiň wajypdygy barada aýdyp, beýleki hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik kabul edişliklerini geçirmek tejribesini dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemläp, kabul edilen meýilnamalary hem-de maksatnamalary doly we öz wagtynda durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda bolsa hemmetaraplaýyn taýýarlykly hem-de giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, ýokary hünär we ruhy-ahlak häsiýetlerine eýe bolan harby işgärleri taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleriniň Aziýa ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýaryşlaryň geçirilýän günlerinde degişli tertip-düzgüniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelerde wajyp orun eýeleýändigini belledi.

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ylalaşdyryjylyk syýasatyna hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrina laýyklykda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Döwletimiz harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek bilen, harbylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň göwnejaý dynç almagy hem-de eziz Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmegi üçin zerur bolan şertleri döretmek boýunça çäreleri görýär.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işleriň dowam etjekdigini belläp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara harby atlary dakmak hakynda resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň çäklerinde “Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek we olaryň teswirlerini hem-de şekillerini tassyklamak hakyndaky” Permana gol çekendigini aýdyp, olary gowşurmak dabarasyna başlamagy tabşyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri general-polkownik Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyzyň Permanyny okaýar.

Dabara gatnaşyjylar göni hatarlara düzülip, “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýip batly seslenýärler.

Harby bölümleriň serkerdeleri söweşjeň baýdagy almak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýanyna gelýärler. Serkerdeler döwlet Baştutanymyzyň elinden söweşjeň baýdagy alyp, harby kasama, eziz Watanymyza wepalylygyň, edermen ata-babalarymyz ýaly janlaryny gaýgyrman, mähriban topragymyzy goramaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes Tuga tagzym edýärler.

Milli mukaddeslikleriň öňünde baş egmek—bu milli gahrymanlarymyzyň edermenliginiň, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň—eziz Watanymyz üçin şirin janlaryny gurban edenleriň–ene topragymyzy goraýjylaryň öňünde baş egmegi aňladýar. Türkmeniň beýik gymmatlyk we mukaddeslik hasaplaýan Tuguna uly sarpa bilen garaýşynyň beýanyna öwrülen bu dessur biziň halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däplerine, olardan miras galan belent maksatlara ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Söweşjeň baýdak—bu harby bölümiň söweşjeň maksadynyň aýratynlyklaryny, onuň taryhyny we hyzmatlaryny häsiýetlendirýän mukaddes hormat nyşanydyr. Ol harby abraýyň, edermenligiň, şan-şöhratyň nyşany bolup, her bir harby gullukça eziz Watanymyzy goramagyň gahrymançylykly däpleri we onuň mukaddes borjy baradaky hakykaty has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby gullukçylary şu günki şanly waka—söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň eziz Watanymyzyň edermen goragçylarynyň söweşjeň ruhuny artdyrjakdygyna, mukaddes Kasama üýtgewsiz wepaly bolyp, eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň öňünde öz harby we raýatlyk borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylary olaryň harby bölümlerine söweşjeň baýdaklaryň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara bagtyýarlyk, abadançylyk we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew söweşjeň baýdaklary kabul eden harby gullukçylaryň adyndan özleri barada edilýän alada, milli goşunymyzy has-da ösdürmek, onuň kuwwatyny artdyrmak meselelerinde berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ene topragymyzda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek bilen öňde goýlan wezipeleri çalt hem-de doly berjaý etmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine we munuň üçin güýç-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Harby gullukçylar dabaraly ýagdaýda mukaddes Kasamy aýdýarlar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hem-de ähli şahsy düzüme berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de eziz Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmekde, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

Türkmen Telekeçileri Katara Eksport Etmäge Taýýar

Brent Nebitiniň Barreliniň Bahasy 53,40 Dollara, WTI-niňki 50,53 Dollara Çenli Aşak Düşdi