6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

Döwlet Immunizasiýa Maksatnamasy-Halkyň Saglygy Baradaky Alada

Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginiň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş hiliniň we onuň döwlet nusgasynyň hem-de durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Çünki, «Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» düşünjesi bilen kesgitlenilýän, döwletiň işine adam ölçegi many-mazmun gymmatlygy babatdaky esasy ýörelgeler şu ulgamyň binýadyny düzýär.

Ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy lukmançylygyň ähli derejelerde — şäherlerde we obalarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda ösdürilmegi — munuň özi lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary ýurt ylym-bilim merkezleriniň we edaralarynyň birnäçesiniň hormatly akademigi, professory we doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy aýratynlygydyr.

Biziň ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynyň arassaçylyk — keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatynda ilatyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugrunda dünýäniň köp döwletleri üçin nusgalyk bolup durýar. Döwletimizde ýokanç keselleriň birnäçesiniň aradan aýrylandygy baradaky halkara sertifikatlary Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny goramak boýunça wezipeleri çözmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrarnamasy bolup durýar, şeýle hem bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň toplan tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýradylmagy üçin maslahat berildi.

Bu maksatlar bilen ilkinji nobatda kanunçylyk binýady pugtalandyryldy — ýokanç keselleriň we beýlekileriň ýaýramagynyň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça kadalaşdyryjy hem-de usulyýet resminamalary kämilleşdirildi.

Geçirilen öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň netijeleri boýunça Türkmenistana ýurtda drakunkulýoz parazit keseliniň ýok edilendigi barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sertifikaty gowşuryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sanjymlaryň geçirilmegi ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Waksinalary we immunizasiýa serişdeleriniň satyn alynmagy ýurdumyzda Döwlet býujetiniň hasabyna amala aşyrylýar. Çagalary immunizasiýalaşdyrmak işleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan makullanan ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýändigini bellemek gerekdir.

Immunobiologiýa serişdelerini saklamagyň we ibermegiň zerur şertlerini üpjün edýän ulgam ep-esli berkidildi we kämilleşdirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde TDH-nyň habarçysyna habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Milli sanjym tertibine laýyklykda çagalar 11 ýokanç kesellerine: difteriýa, gökbogma, bürmä, poliomielite, gyzamyga, gyzylja, epidemiki parotite, wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, Hib ýokanjyna we adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlary mugt alýarlar.

Türkmenistanda keselleriň öňüni alyş Milli sanjym tertibi täze waksinalaryň girizilmegi bilen üýtgäp durýar. Häzirki wagtda kombinirlenen, düzüminde birnäçe ýokanç kesellere garşy birwagtda immunitetiň döremekligine ýardam berýän waksinalary satyn almaklyga aýratyn üns berilýär.

Waksinalar indiwidual derejede howply ýokanç kesellerden goramaklygy üpjün edýär. Eger-de, ähli adamlar öňüni alyş sanjymlaryny öz wagtynda alsalar, onda jemgyýetde ýokanç kesellere duýgur adamlar galmaýar. Öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi ýurdumyzda epidemiologiki abadançylygy saklamaklygyň esasy ugurlarynyň biridir. Waksinalar bilen dolandyryp bolýan ýokanç kesellere garşy gazanylan epidemiologiki abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalaryň we uly ýaşly ilat toparynyň sanjymlama bilen 95 — 99 göterim gurşalyp alynandygy bilen baglydyr.

Kesellemegiň derejesiniň peselmegi immuno öňüni alyş işleriniň guramaçylykly geçirilmekligine we bu işe ilatyň işjeň gatnaşmaklygyna baglydyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä Türkmenistanyň halkynyň saglygyny goramakda möhüm ornuň degişlidigini belleýär.

Ýokary hilli immunizasiýa çäreleriniň hem-de waksinalar bilen dolandyrylýan ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy netijeli gözegçilik edilmeginiň utgaşdyrylmagy üstünlikler gazanylmagyna mümkinçilik berdi. Mysal üçin, käbir ýokanç keseller doly ýok edildi, şeýle hem difteriýa, burme keseli, gökbogma, epidemiologiýa paratiti we beýleki keseller bilen kesellemegiň görkezijileri peseldildi. Türkmenistanyň «Ýurduň säklerinde ýabany poliowirus keseliniň ýaýramagyny ýok etmek hakynda sertifikaty» alandygyny hem bellemek gerek.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda «Türkmenistanda gyzamygyň we gyzylja ýokanç keseliniň öňüni almak» maksatnamasy kabul edildi hem-de 2015-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Sebit edarasy ýurdumyzda gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy boýunça ýurdumyzyň gazananlaryny tassyklady.

Türkmenistan şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň «Gyzzyrmanyň eliminasiýasyna garşy göreşden 2015-nji ýyla geçmek» atly strategiki meýilnamasyny goldady we kabul etdi hem-de bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeleri esasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çözgüdi boýunça 2010-njy ýylda gyzzyrmanyň eliminasiýasyna ýeten ýurtlaryň sanawyna girizildi.

Azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet tarapyndan gözegçiligiň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň öňünde goýlan esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminiň düzüminde waksinalar we immunobiologiýa serişdeleri saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyklykda ýörite sowadyjy we doňduryjy otaglar bar, ýurdumyza getirilýän waksinalary «sowuklyk zynjyrynyň» talaplaryny doly ýerine ýetirmek bilen kabul etmek, saklamak we ugratmak üçin zerur şertler döredilendir.

Ammarda waksinalaryň, şprisleriň, iňňeleriň, howpsuzlyk gutularynyň, termokonteýnerleriň saklanyş şertlerini merkezleşdirilen ýagdaýda dolandyrmak maksady bilen, ýörite gözegçilik otagy hereket edýär. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklaryndan ýerlerde keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlar we hasabatlar elektron usulynda kabul edilýär we seljerilýär.

Merkeziň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesini ýerine ýetirmek bilen, ygtybarly we iň täze barlaghana gözegçilik usullaryny ulanmak arkaly Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn howply ýokanç keselleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri amala aşyrýarlar. Bu ýerde waksinalaryň saklanylyşy, daşalyşy, sanjymlamalaryň geçirilişi, hasabatlaryň ýöredilişi barada sanjym işleri bilen gönüden-göni bagly bolan hünärmenleriň arasynda okuw-seminarlary geçirilýär. Okuw-seminarlarynyň mazmuny dünýäde täze maglumatlaryň ýüze çykmagyna görä her ýylda täzelenýär.

Bedeni islendik wirusdan goramak üçin berk immunitetiň bolmaklygy saglygyň gözbaşy hasaplanýar. Gyş döwründe bedeniň immun ulgamyny gurplandyrmak zerurdyr. Munuň üçin, bedeni B we С toparynyň witaminleri bilen baýlaşdyrmak wajypdyr.

Wirusly kesellerden goranmak üçin şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmeklige hem aýratyn üns berilmelidir. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak, otaglary güniň dowamynda 3-4 gezek ýelejiretmek, otagda çygly arassalaýyş işlerini geçirmek zerurdyr.

Bu ýönekeý, netijeli usullar dümew bilen kesellemek howpuny peseldýändir. Emma, bu usullaryň netijelidigine garamazdan, dümew keseliniň öňüni almak üçin sanjymlama iň bir ygtybarly usul hasaplanylýar.

Häzirki wagtda ähli saglyk öýlerinde degişli toparlaryň arasynda dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlamasynyň geçirilýändigini bellemek gerek.

Mundan başga-da isleg bildirýän raýatlara 6 aýlyk çagalardan başlap we uly ýaşly raýatlara dümew keseline garşy öňüni-alyş sanjymlamasy geçirilýär, munuň üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýewropa döwletleriniň öndürijileriniň ýokary hilli waksinalaryny yzygiderli satyn alýar.

tdh

Degişli makalalar

Üstünlik Gazanmagyň Ýollary

Türkmenistanyň Özbegistandaky Medeniýet Günleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy

Tebigy Hazynalaryň Ylmy Açary