Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan üçin şanly senäniň – Saglyk döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20-ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň hümmeti 50 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary hem-de şol pullaryň toplumyny çykardy.
Täze şaýy pullary Beýik Britaniýanyň The Roýal Mint Limited zikgehanasynda ýasaldy. Şaýylaryň bezegi milli pulumyzyň beýleki nusgalary ýaly, özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we türkmen halkynyň ajaýyp milli ýörelgelerine laýyk gelýär.
Şaýy pullaryň ýüz tarapynyň merkezinde sekizburçluk ýerleşdirilipdir. Onuň içinde Türkmenistanyň saglygy goraýşynyň nyşany bolan kepjebaşyň şekili, sahawatly türkmen topragynda ösýän hem-de ir döwürlerden bäri halk lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümlikler çomuç bilen ýüzärlikden bezelen çarçuwanyň içinde ýerleşdirilipdir. Sekizburçlugyň aşaky böleginde TÜRKMENISTANYŇ LUKMANÇYLYGY diýen ýazgy ýerleşdirilipdir.
Şaýy puluň ýüz tarapynyň ýokary böleginde aýlaw bilen ýazylan SAGLYK DÖWLET MAKSATNAMASYNA 20 ÝYL diýlen ýazgy şaýy pullaryň goýberilmegine sebäp bolan taryhy wakany şöhlelendirýär. Aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan ýylyny aňladýan 2015 diýen ýazgy bar.
Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir. Onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY diýen ýazgy, aşaky böleginde onuň hümmetini görkezýän ELLI MANAT diýen ýazgy şekillendirilipdir. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy görkezilýär. 38,61 mm. deň bolan birmeňzeş diametrde altyn şaýy puluň agramy 39,94 grama, kümüş puluňky bolsa 28,28 grama barabardyr. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünýär.
Ýurdumyzyň şanly senelerini ebedi şekillendiren gymmatbaha şaýy pul, Türkmenistanda döredilýän bahasyna ýetip bolmajak numizmatiki toplumyň üstini ýetirer hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpsanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar .
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň güwänamasy şaýy pullaryň pruf hilini kepillendirýär.