9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Döwlet Maldarçylyk Hojalyklary Owlak-Guzy Almak Borçnamalaryny Ýerine Ýetirdiler

Döwlet Maldarçylyk Hojalyklary Owlak-Guzy Almak Borçnamalaryny Ýerine Ýetirdiler

Türkmen dowardarçylygynyw tohumlyk genofondy, esasan garaköli we saryja tohumlarynyň saklanýan ýerleri bolan Oba we suw hojalygy ministrliginiň düzümindäki maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak döwlet meýilnamasy 100,8, köşek almak meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirldi.

Döwlet hojalyklaryndaky 766 müň sany owlak-guzy almak baradaky göz öňünde tutulan sepgide ýetildi. Häzirki wagtda goýunlaryň baş sany 1 million 965 müňe, düýeleriň baş sany 15 müň 960-a ýetirildi.

Oba we suw hojalygy ministrliginiň düzüminde mladarçylyk hojalyklarynyň 39-sy bar. Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň ‘Kirpili“, Tejen etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň „Gyzylarbat“, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň „Ýeňiş“, „Çenebit“ we „Galaýmor“, Tagtabazar etrabynyň „Sarja“, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň „Jeýhun“ we Döwletli etrabynyň „Amyderýa“ dowardarçylyk, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň „Türkmenistan“, Mary welaýatynyň Sakarçäge etranbynyň „Sakarçäge“ çarwadarçylyk hojalyklary bar. Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň „Çarwadarçylyk“, Görogly etrabynyň „Garagum“ hojalyklarynda-da dowarlar we düýeler köpeldilýär.

Häzirki wagtda ýaşajyk mallara ideg edilýär.
Nurjan GAPUROW

Degişli makalalar

Türkmen-Gazak Işewürler Maslahaty

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Hyzmatdaşlygy Giňeltmek Üçin Uly Mümkinçiliklere Eýedir

Woleýbol Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryş Tamamlandy

turkmenhabargullugy