8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SAGLYK

Döwrebap Lukmançylyk Ulgamy

Dogry bir aý mundan ozal, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasyebtli pýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda lukmançylyk ulgamynyň täzi iri desgalary gurlup ulanmaga berildi. 

Olaryň hatarynda Halkara kardiologiýa merkezi we Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bar. Ýurdumyzyň barha ösýän saglygy goraýyş düzümine goşulan döwrebap merkezler täze lukmançylyk ulgamynyň nusgasyna öwrüldiler. Olarda ylmyň we tehnikanyň ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň toplumlaýyn ulgamynyň kemala getirilmegine gönükdirilen öňdebaryjy gazananlary ornaşdyryldy. 

Dürs anyklaýyş, netijeli bejeriş we saglygy dikeltmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagy bilen lukmançylyk kömegine mätäç adamlara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmaty üpjün edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly durmuş ähmiýeti bolan wezipedir. 

Halkara kardiologiýa merkeziniň binasy ozal 20 näsaga bejeriş geçirip bilýän bolsa, häzirki döwürde bu san 150-ä golaýlady. Geçen aýyň dowamnyda halkara kardiologiýa merkezine 760 –dan gowrak näsag ýüz tutdy. Olardan 83-si kardiohirurgiýa, intensiw terapiýa, endowaskulýar hirurgiýa we beýleki bölümlerde ýatymlaýyn bejeriş aldylar. Şu döwürde merkezde 7 operasiýa amala aşyryldy. Näsaglaryň 32-sine keselleri dürs we anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýän ýörite barlaglar geçirildi. 

Ýürek keselini anyklamak işi häzirki döwürde aňrybaş wezipe hökmünde ykrar edildi. Ony anyklamak näsaglara bejerişiň gerekli usulyny saýlap almak we oňa endohirurgiýa boýunça bejergi geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berdi. Olaryň netijeleri boýunça gan damarlarynyň kemçiligi, olaryň häsiýetli tarapy kesgitlenilýär. Merkezde 21 adama edilen stentirleme operasiýasy şowly geçdi. Onuň baş maksady ýürek damarlarynyň näsag ýerlerini dikeltmekden ybaratdyr. 

Kardiologiýa merkeziniň açylaly bäri onuň balaghanalarynda 2 müň barlag geçirildi. Olaryň häzirki döwürde iň täze we çylşyrymly hasaplanýan magnit-rezonas tomografiýa we kompýuter tomografiýa enjamlarynda geçirilendigini bellemeli. 

Terapiýa ugrunda bolşy ýaly, hirurgiýa ugrunda hem bu ýerde hereket edýän ähli anyklaýyş we bejeriş enjamlary häzirki döwürde dünýä ýüzünde iň aňrybaş enjamlardyr. Bu merkezde işleýän lukmanlar näsaglary bejermegiň häzirkizaman ülňülerine laýyk derejede işleýärler. Bu ýerde operasiýa edilen näsagyň doly derejeli durmuşa gaýdyp gelmegi ugrunda ähli zerur şertler döredilipdir. 

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-klinigi merkezi 670 orunlyk bolup, ol açylan gününden bäri doly derejede hereket edýär. 28 bölümi we göwrelilere çaga dogurýanlara medisina kömegini berýän, akuşerligiň tejribeleri we häzirkizaman tehnologiýalary, perinatologiýa, intensiw terapiýa we täze doglanlaryň dikeldiş, lukmançylyk genetikasy, anyklaýyş we maslahat beriş hyzmatlary, çaga kesellerini bejeriş we başga-da birnäçe bölümleri özünde jemleýän iri medisina edarasydyr. 

Geçen aýyň dowamynda bu merkezde 800-den gowrak enelere we çagalara maslahat beriş çäreleri geçirildi. Näsag çagalaryň 400-sine ýokary derejeli lukmanylyk kömegi berildi. Hirurgiýa bölümlerinde 21 operasiýa edildi. 

Bu ýerde dünýä inen ilkinji bäbege onuň ene-atalary Berkarar diýip at goýupdyrlar. Munuň özi her bir türkmenistanlynyň gülläp ösýän we abdan durmuşyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriblan Watanymyzyň ägirt uly üstünrliklerine çäksiz buýsanjyň nyşany bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne utgaşýar. 

Şeýle hem merkezde “Bejerişiň görkezijilerini dolandyryş ulgamy” girizildi. Munuň özi lukmana näsagyň ýagdaýy barada zerur maglumat almaga we onuň netijelerine monitorlarda gözegçilik etmäge, eger zerur bolsa ýagadýy kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ulgam merkezde ulanylýan ähli enjamlaryň arasynda bir bitewi maglumat toruny döretmäge mümkinçilik berýär we şeýlelikde bölümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar we bejerişiň hiline hemişelik gözegçiligi üpjün edýär. 

Mundan başga-da, 70-e golaý ylmy hünärmenler işleýän Ylmy-kliniki merkezde akuşerçiligiň, çaga lukmançylygynyň we çaga hirurgiýasynyň möüm meselelerini öz içine alýan 6 möhüm ugur boýunça barlaglar alnyp barylýar. Şeýle hem merkezde çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş döwri bölümi hereket edýär. Munuň özi ýurdumyzyň çagala lukmançylygynyň ösüşinde täze ugurdyr. 

Lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamagyň we keselleri bejerişiň täze usullary häzirki döwürde bir aý mundan ozal açylan Halkara okuw-ymly merkezinde hem işlenip taýýarlanylýar. Munuň özi düýpden täze guramaçylyk düzümi bolup, ol lukmançylyk pudagynda ulgam emele getirýän merkez boulp durýar. 

Merkezde häzirki döwre çenli Orta Aziýa ýurtlarynyň hiçisinde bolmadyk enjamlaryň kömegi bilen ordinatorlar, lukmanlar we beýleki hünärmenler iş tejribelerini geçýärler, hünär derejesini ýokarlandyrýarlar. Şeýle hem olar düýpli we amaly barlaglaryň möhüm işläp taýýarlamalaryny alyp barýarlar, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler, iň täze usullary we tehnologiýalary synagdan geçirýärler. Toplumyň düzümine simulýasiýa ulgamlary bolan bölümler, şol sanda laporoskopiýa we robotohirurgiýa hereket edýär. Bu ýerde kliniki ýagdaýlaryň we ähli işleriň hakykata ýakyn derejä ýetirilmegi okuwyň ýokary netijeliligi üpjün edýär. Ýörite kompýuter maksatnamalary bolsa işiň ýagdaýyna we hünärmenleriň ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik döredýär. 

Kliniki merkezde bar bolan okuw modullary trenažýor-manekenlerden ybarat bolup, olar elektron maksatnamalar bilen üpjün edilen dolandyryş pulty arkaly herekete girizilýär. Bu usul ýaş lukmanlar, hünärmenler üçin niýetlenendir. Ol bu ýerde okuw geçýänlerde zerur ukyplary we dürli ýagdaýlary şekillendirmegiň esasynda kliniki pikileri işläp taýýarlamak maksady bilen döredilendir. 

Bu iri okuw merkezi açylan pursatyndan bäri öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, bu ýerde lukmanlar we orta lukmançylyk hünärmenleri üçin tejribe – okuw sapaklarynyň üç tapgyry geçirildi. Şeýle hem patomorfologiýa, sitologiýa, biohimiýa we gematologiýa barlaghanasynyň binýadynda ylmy-barlag taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine girişildi. 

Bu ýerde hereket edýän täze ugurlar we ylmy-barlag barlaghanasynyň, sütünli öýjükleri öwrenmek boýunça embriologiýa bölümi dikeldiş hirurgiýasynda ulanmak maksady bilen döredildi. Bu ýerde gürrüň ýurdumyzyň regeneratiw lukmançylygynda we transplantogiýasynda ösüş dokumalaryny goýmak barada barýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleýşi ýaly, täze tehnologiýalaryň we usullaryň işlenip taýýarlanylmagy olaryň önümçilige işjeň ornaşdyrylmagy bilen utgaşmalydyr. Şu maksat bilen täzeçil ugur döredilýär. Halkara okuw-ylmy merkezi alym lukmanlaryň, bilermenleriň we dolandyryş ulgama degişli hünärmenleriň özara gatnaşyklarynyň möhüm binýady bolmak bilen şol täzeçil ugruň wajyp bölümini emele getirýär. 

Umuman, irki anyklaýşyň we keselleri bejerişiň täze tehnologiýalary häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamany ösdürmekde, lukmanylyk kömeginiň döwrebap ülňülerini tassyklamakda möhüm orun eýeleýär. 

Ägirt uly döwlet serişdeleriniň gönükdirilmegi, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk we farmakologiýa, ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiniň möhüm şerti boulp durýar. Ýöne iň esasysy bolsa adamlaryň öz saglygyna bolan garaýşynyň çynlakaý häsiýete eýe bolmagy, olaryň öz saglygyna aýawly we jogapkärçilikli çemeleşmekleri pudagyň ýokary gazanan netijesidir. 

Şunlukda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ugurly durmuş syýasatynyň üstünlige beslenjekdigi gürrüňsizdir. Ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine gönükdirilen giň möçberli wagyz-nesihat işleri, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi, milletiň saglygyny goramagyň esasy usuly bolan keselleriň öňüni almak çäresi ýurdumyzyň baş baýlygy bolup durýar.

Degişli makalalar

Döwlet Immunizasiýa Maksatnamasy-Halkyň Saglygy Baradaky Alada

turkmenhabargullugy

Lebapda Saglyk öýi işe girizildi.

syrach

Türkmenistanyň Hökümetiniň Ilatyň Saglygyny Goramak Boýunça Görýän Çäreleri Baradaky Maglumat…