6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Döwrebap Ýollar Häzirki Zamananyň Nyşanydyr

Türkmen paýtagtynda A.Nyýazow şaýolunyň durky doly täzelenen bölegi ulanmaga tabşyryldy. Bu taslama ýol aýrytlaryny we köprüleri gurmak ýaly birnäçe iri taslamalary durmuşa geçiren türkmen gurluşykçylarynyň tagallasy bilen amala aşyryldy. 

Türkmenistanda täze taryhy eýýamda döwrebap ulag düzümleriniň kemala getirilmegine ägirt uly üns berilýär. Muňa pudagy ösdürmek üçin millionlarça manat möçberde goýulýan maýa goýumlar, ol ýa beýleki iri taslamalara halkara maliýe edaralaryň, şeýle hem daşary ýurt gurluşyk kompaniýalaryň çekilmegi şaýatlyk edýär. Çünki hemme döwürlerde-de ýollar şäherleriň we obalaryň ösdürilmegi üçin möhüm bolan durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, bol hasylly ýerleriň özleşdirilmegine, tebigy baýlyklaryň netijeli peýdalanylmagyna hyzmat edipdir. Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň hususy awtoulag edinmäge bolan islegleri barha artýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly durmuş syýasaty bilen baglanyşyklydyr. 

Ulag gatnawynyň artmagy bilen bir wagtyň özünde ýola düşelen örtükleriň ulanyşa ýaramsyzlygy-da artýar. Çünki geçen asyryň aýaklarynda taslanan we gurlan ýollaryň köp bölegi halkara kadalaryna hemişe laýyk getirilmändir we awtoulaglaryň möçberiniň iki, hatda üç esse artmagy göz öňünde tutulmandyr. Şunuň bilen baglylykda bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we olary giňeltmek, täze ýollary gurmak boýunça tapgyrlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Ol işler bolsa uzak möhletleýin ulanylmagyny we ulag gatnawynyň geljekde ösüşini hasaba almak arkaly hemme zerur bolan talaplara laýyk gelýän berkligiň aňrybaş ýokary hilini üpjün edip berjaý edilýär. Şeýlelik bilen, işleriň ýokary hilini we döwrebap awtomagistrallaryň şekýetmez tekizligini gazanmak häzirki wagtda bu pudakda iş alyp barýan ähli kompaniýalaryň ugur almaly esasy ýörelgeleri bolup durýar. 

Bu ýoluň Görogly şaýolundan Hoja Ahmet Ýasawy köçesine çenli durky doly täzelenen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň birnäçe maksady bar. Paýtagtymyzyň bu şaýoly batly depginler bilen ösýän Aşgabadyň ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynda wajyp ähmiýete eýedir. Çünki, bu awtoýol Halkara howa menzilinden şäheriň merkezine hiç hili päsgelçiliksiz we birnäçe esse çalt barmaga mümkinçilik berer. Bu taslama amala aşyrylanda onuň gözellik tarapyna hem aýratyn üns berildi. 

Özüniň tehniki häsiýetnamasy boýunça her gapdalyna gatnaw zolagy goşulan, uzynlygy 4 kilometre golaý, giňligi 30 metr bolan bu şaýoly, ýollara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär. Muňa mysal hökmünde ýoluň “örtgüsiniň” birnäçe gatdan, şol sanda çagylly düşekjeden, dokama däl geosintetik serişdeden, çagyl-çäge garyndysyndan, bitumdan we asfalt betonyň özünden ybaratdygyny aýtmak ýeterlikdir. Şaýol awtomobil gatnawlaryny sazlaýan we ýoly ýagtyldýan döwrebap enjamlar hem-de maglumat beriji tablo bilen enjamlaşdyrylypdyr. 

Ýoluň uzaboýuna zerur bolan inženerlik kommunikasiýalary, suw sowujylar, ýoluň gyrasynda ekilen şitilleri damja usulynda suwarmak üçin enjamlar, ýol hereketini guramak üçin tehniki serişdeleriň, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň we yşyklandyryjylaryň elektrik üpjünçiligi üçin geçirijiler çekilipdir. Mundan başga-da, häzirki zaman awtobus duralgalary bar. Ýol bellikleri hem döwrebap uzak möhlete durnukly serişdeden peýdalanmak arkaly çekilipdir. 

Ýokarda ýatlanyp geçilişi ýaly, täze awtomobil ýollarynyň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugrudyr. Bu wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň depginli ösýän, her günde täze awtomobiller bilen baýlaşýan pýatagty üçin aýratyn möhümdir, munuň özi öz nobatynda türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Görşümiz ýaly,bu ugurda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňmöçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Degişli makalalar

V Aziýa Oýunlary Mynasybetli Ýadygärlik Şaýy Pullary Çykaryldy

turkmenhabargullugy

Ýaş Alymlar Merkezi Ýaşlaryň Ylmy Gözleg Işlerini Höweslendirer

Aşgabatda “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” Gepleşiginiň Çäklerinde Daşary Işler Ministrleriniň 6-njy Duşuşygy Geçirildi