Häzirki Türkmenistanyň çägi taryhyň dowamynda «dünýäniň ýedi ýolunyň» çatrygy, gadymy siwilizasiýalaryň dörän ýeri bolupdy. Arheologlar tarapyndan gadymy ilatly ýerleriň harabalyklarynda öwrenilýän medeni gatlaklar muňa şaýatlyk edýär. Şol ýadygärlikleriň arasynda Köne Nusaý möhüm orun eýeleýär. Taryhy ýyl ýazgylarda köne oturymly ýerde peýda bolan bu şäher Mitridatkert diýlip ýatlanylýar. Çünki ol Parfiýa imperiýasynyň ajaýyp hökümdary Mitridat döwründe döredilipdir.
Gadymy Parfiýa türkmenleriň özleriniň 5 müňýyllyk taryhynyň dowamynda döreden beýik döwletleriniň biri bolmak bilen, ol alty ýüz ýyllap durupdyr. Meşhur gündogary öwreniji alym W.W.Bartold hut parfiýa hökümdary Mitridat II «Gündogaryň döwletleriniň biri Hytaý, şeýle hem Günbataryň döwletleriniň biri Rim bilen aragatnaşyk saklan ilkinji hökümdar bolupdyr» diýip belläpdir.
Parfiýa öz döwrüniň uly döwleti bolmak bilen, dünýäde agalyk etmek ugrunda özüniň esasy bäsdeşi bolan Rim imperiýasy bilen hemişe gapma-garşylykda bolupdyr. Beýik döwletleriň gampa-garşylygy biziň eýýamymyzdan öňki 53-nji ýylda tamamlanypdyr. Şonda türkmenleriň ata-babalary Parfiýanyň çägine çozup giren, Mark Krass tarapyndan baştutanlyk edilýän rim legionlaryny derbi-dagyn etdiler. Mark Krass şondan birnäçe ýyl ozal Spartagyň baştutanlygyndaky erkinligi söýýän gullaryň gozgalaňyny basyp ýatyrypdy. Şöhratly ýeňişden soň Parfiýa uzak ýyllaryň dowamynda Mesopatamiýadan Hindistana çenli bolan ägirt uly giňişlikde özüniň häkimiýetini we syýasy täsirini berkarar etdi. Biziň ata-babalarymyz Köpetdagyň eteginde, garaşsyz Türkmenistanyň paýtagtynyň—häzirki Aşgabadyň golaýynda öz döwletiniň paýtagtyny döretdiler.
XX asyryň birinji ýarymynda akademik M.E.Massonyň ýolbaşçylygyndaky Günorta-türkmen toplumlaýyn arheologik ekspedisiýa Nusaýda arheologik gözlegleri geçirdi. 90-njy ýyllaryň başynda bu ýerde W.N.Pilipko tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen-rus ekspedisiýasy işjeň işledi. Takmynan, şol döwürde Turiniň arheologik gazuw-agtaryşlar merkezi (Italiýa) taryhyň we arhitekturanyň bu täsin ýadygärligine uly gyzyklanma bildirdi—1991-nji ýylda bu ýerde arheologiýanyň doktory, professor A.Inwernissi öz ylmy-barlaglaryny geçirip başlady. 1999-njy ýyldan başlap bolsa ekspedisiýa onuň okuwçysy we işini dowam etdiriji, arheologiýanyň doktory Karlo Lippolis ýolbaşçylyk etdi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan alymlaryň yhlasly işi özüniň oňyn netijelerini berdi. Gadymy Nusaýyň harabalyklarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda arheologlar tarapyndan tapylan tapyndylar gadymy taryhyň köp syrlarynyň üstüni açmaga ýardam etdi.
Şu günler Köne Nusaýda — Aşgabadyň golaýyndaky Parfiýa galasynda arheologiýa gazuw-agtaryşlarynyň nobatdaky meýdan möwsümi tamamlanyp barýar, şol gala 2007-nji ýylyň tomsunda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Iki müň ýyldan gowrak mundan ozal şol ýerde Ärsaklar neberelerinden bolan şalaryň ybadathanasy ýerleşipdir, şol nebere Parfiýany gadymy dünýäniň örän kuwwatly döwletine öwrüpdir. Türkmenistanyň şöhratly taryhynyň bu täsin ýadygärligi şu ýyl goşa ýubileýi belleýär: Nusaýyň ylmy-barlaglarynyň geçirilip başlanan pursatyndan bäri göni 80 ýyl geçdi, bu ýerde bilelikdäki türkmen-italýan ekspedisiýasynyň işläp başlanyna hem 20 ýyl doldy. Şondan bäri geçen her ýyl bu täsin we alymlar üçin köp babatlarda syrly bolmagynda galýan bu gala barada biziň bilimlerimiziň çäklerini giňeldýär. «Türkmenistanda işlän wagtymyzyň dowamynda biz siziň ajaýyp ýurduňyzy tüýs ýürekden söýdük we halkara arenasynda onuň gazanýan üstünliklerine ägirt uly gyzyklanma bilen seredýäris, şeýle hem täze Galkynyş eýýamynda türkmen topragynda bolup geçýän oňyn özgertmeleri uly gyzyklanma bilen synlaýarys.
Şol üstünlikleriň ählisiniň aňyrsynda Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz zähmeti, onuň syýasy erk-islegi we sebitde parahatçylygy saklamaga hem berkitmäge, ýurduň her bir raýatynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjn etmäge hyjuwlydygy görünýär. Biziň üçin türkmen Lideriniň Italiýa Respublikasyna golaýda bolan resmi sapary aýratyn şanly waka boldy, ol biziň döwletlerimiziň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şeýle zerur itergi berdi.
Pursatdan peýdalanyp, men Türkmenistanyň hormatly Prezidentine öz ylmy-barlaglarymyzy dowam etdirmäge we siziň taryhyňyzy öwrenmäge öz goşandymyzy goşmaga döreden mümkinçiligi üçin öz hoşallygymy bildirmek isleýärin. Men ylmy ösdürmek üçin şeýle amatly mümkinçilikler döredilen başga ýurdy bilmeýärin. Maňa türkmen Lideriniň howandarlygynda geçirilen halkara ylmy maslahatlarynyň birnäçesine gatnaşmak miýesser boldy, şoňa görä-de dünýäniň hiç ýerinde alymlaryň forumlarynyň häzirki wagtda Siziň ýurduňyzdaky ýaly jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolýandygyny görmeýändigimi aýdyp bilerin.
Şeýle maslahatlaryň ähmiýetine baha bermek kyndyr, çünki olar diňe ylmy-barlagçylaryň ol ýa-da beýleki derwaýys temalara ünsüni jemlemegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem biziň her birimize öz kärdeşlerimiz bilen duşuşmaga, özümizi tolgundyrýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, köne tanyşlarymyzy görmäge we täze dostlar edinmäge hem mümkinçilik berýär. Galyberse-de, munuň özi täze Galkynyş eýýamynda çalt depginler bilen ösýän Türkmenistany has gowy tanamak üçin mümkinçilikdir» diýip, ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Turin uniwersitetinden arheologiýanyň doktory Karlo Lippolis TDH-niň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ozal bellenilişi ýaly, Turin uniwersitetiniň ýanyndaky Turin arheologiýa ylmy-barlaglary we gazuw-agtaryşlar merkezinden bolan italýan arheologlary Köne Nusaýda ilkibaşda Türkmen döwlet uniwersitetinden bolan kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda, soňra bolsa — Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we olaryň durkuny özgertmek baradaky Milli müdirligi bilen köpden bäri işleýärler.
Şeýle hyzmatdaşlygyň netijeleri äşgärdir: ozal näbelli bolan monumental desgalaryň birnäçesiniň üsti açyldy, gadymy sungatyň köp sanly zatlary tapyldy, «Nusaý» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleriniň ÝUNESKO-nyň ekspertleri bilen bilelikde işläp taýýarlan usulyýeti boýunça gazylyp ýüze çykarylan diwarlaryň ygtybarly konserwasiýasy amala aşyryldy. «Mälim bolşy ýaly, Nusaý parfiýalylaryň — türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň şindi bu şalygy esaslandyryjy Beýik Ärsagyň ýurdy dolandyran wagtynda özleriniň Günbatara tarap ýeňişli hereketine başlan ýeri bolupdy. XX asyrda geçirilen gazuw-agtaryşlar arkaly Nusaýyň sungatynyň we binagärliginiň Ärsaklaryň köşk gurluşyk usulynyň täsirli nusgasy bolup durýandygy aýdyň boldy, şonda gündogar-günbatar däpleri soňra ellinizm atlandyrylan täsin utgaşygy döretdiler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň medeni mirasynyň iň täsirli simwolyna öwrülen ritonlaryň ýygyndysynyň özi nämä degmeýär!» diýip, Karlo Lippolis gürrüň berýär.
Italiýaly arheologlar we sungaty öwrenijiler özünden öňki işlänleriň toplan materiallaryny örän uly üns bilen öwrendiler, hatda akademikler Mihail Massonyň we Galina Pugaçenkowanyň Nusaý ritonlary baradaky monografiýasyny Italiýada gaýtadan hem neşir etdiler. Olar Nusaýyň häzirki zaman esasy ylmy barlagçylarynyň biri — Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyndan taryh ylymlarynyň doktory Wiktor Pilipkonyň zähmetine hem ýokary baha berýärler.
Aslyýetinde, italýan alymlarynyň işleri Köne Nusaýyň Tegelek zal diýilýän ýerinde başlanypdy. Şol ýerde ozal gazuw işleriniň ujypsyz möçberi geçirilipdi. Şol ýerde toýundan döredilen heýkelleriň bölekleriniň köp sanlysy, hususan-da, Köne Nusaýy esaslandyryjy Mitridat I örän täsirli portreti tapyldy.
Tiz wagtdan Tegelek zaldan demirgazyk tarapda ozal näbelli bolan ýene bir ymaratyň bolandygy ýüze çykaryldy, arheologlar onuň üstüni 2000-2006-njy ýyllar aralygynda doly açypdylar. Diwarlarynda saklanyp galan suwaglaryň reňkinden çen tutup, arheologlar ony Gyzyl jaý diýip atlandyrdylar. Onuň merkezinde uly sütünler zaly ýerleşipdir. Bu ybadathananyň esasy girelgesi daş friz bilen bezelipdir.
Türkmen-italýan ekspozisiýasynyň şu we beýleki köp sanly täsin tapyndylaryny Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynda görmek bolýar. Olaryň arasynda ganatlaryny gerip duran bürgüt şekillendirilen diwar relýefi, Nusaý ybadathanalarynyň diwarlaryndaky owadan nagyşlaryň örän seýrek duş gelýän nusgalary, dürli simwoliki şekilleri bolan keramiki plitalar görnüşindäki arhitektura bezegleriniň köp sanly bölekleri bar.
kaynak: turkmenistan.gov.tm