8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Dünýäniň dokma önüm öndürijileri Aşgabatda ykdysady maslahata ýygnandylar

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde dowam edýän “Türkmenistanyň dokma senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri we geljegi” atly halkara serginiň çäklerinde şu gün ykdysady maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň esasy hünärmenlerini, alymlary, şeýle hem Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan işewürleri we hususy telekeçileri Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda ýygnady. Duşuşyga şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlary we talyplary çagyryldy.

Duşuşykdaky çykyşlarda milli dokma senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de onuň ägirt uly gorlarynyň durmuşa geçirilmeginde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada bellenildi. Ägirt uly serişde mümkinçilikleri, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň ösdürilmegine we innowasiýa işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagyna üns berilmegi, halkara hil ülüňleriniň we ekologiki talaplaryň ileri tutulýan ugurlary daşary ýurt kompaniýalarynyň dokma işewürliginiň dürli ugurlarynda Türkmenistan bilen işewür hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan uly gyzyklanmasyny şertlendirýär.

Bellenilişi ýaly, pagta süýümine, tebigy matalara we beýleki dokma önümlerine dünýä bazaryndaky ýokary isleg bu pudagyň eksport gorlarynyň ileri tutulýan ähmiýetini kesgitleýär. Bu gün ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimden gowragy daşary ýurtlara, şol sanda ABŞ-na, Kanada, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Italiýa, Türkiýä, Hytaýa, Russiýa, Ukraina ugradylýar. Dünýä önümleri bilen deň derejede bäsleşýän biziň önümlerimiz Türkmenistany dokma önümleriniň eksporty boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarýar.

Forumyň gün tertibine–dokma kärhanalaryny tehnologiki taýdan döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan işleýji pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şu ugurda iň gowy dünýä tejribesini we ylmyň gazananlaryny peýdalanmak ýaly meseleler girizildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň maslahatdaky tanyşdyrylyşynda pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, tä önümiň gutarnykly goýberilişine çenli önümçiligiň ähli dowamlylygyny özünde jemleýän täze kuwwatlyklary döretmek, ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, hyzmat edilişini hem-de bazary öwreniş gullugynyň ulgamyny kämilleşdirmeklik bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Dünýäniň egirme we dokma önümçiligi ulgamynda öňdebaryjylaryň hataryna girýän — “Marzoli” hem-de “Savio” italýan, “Schlafhorst”, “Truetzschler” ,“Oerlikon” nemes, “Rieter” şweýsar kompaniýalarynyň innowasion dokma enjamlarynyň tanyşdyrylyşynda özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça mümkinçilikler şöhlelendirildi. Bu önüm öndürijileriň Türkmenistanyň köp kärhanalarynda ornaşdyrylan awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy bilen ýokary tizlikli tehnologiki ugurlary bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün edýär, olaryň agramly bölegi bolsa daşarky bazarlara çykarylýar. “Demteks Türkmenistanyň” Aşgabatdaky hyzmat merkezi Germaniýanyň, Şweýsariýanyň we Belgiýanyň önüm öndüriji kompaniýalarynyň ondan gowragyna wekilçilik edýär, şeýle hem italýan kompaniýlarynyň hyzmat ediş merkezi türkmen kärhanalaryny enjamlaryň we olara degişli ätiýaçlyk şaýlaryň getirilmegini kepillendirýär, şonuň ýaly hem bejeriş hem-de elektron hyzmatlaryny öz wagtynda ýerine ýetirýär. Hyzmatdaşlygyň bu ugry dowam etdirilýär. Ýakyn günlerde Aşgabatda “Rieter” kompaniýasynyň pagta egriji fabriklere hyzmat etmek boýunça nobatdaky merkezi işe giriziler.

Biziň geljegi uly bolan hyzmatdaşlarymyz hökmünde özleri üçin täze türkmen bazaryna özara gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky taslamalary bilen gelen “Their”, “Volkmann” nemes, “Piranol” belgiýa, “Huvis”, “Huosung” koreý önüm öndürijileri çykyş edip, ýüplükleriň we matalaryň dürli görnüşlerini reňklemekde täze dokma enjamynyň hem-de kämilleşdirilen tehnologiýalaryň, şeýle hem geljegiň matasynyň işlenip taýýarlanylmagy, şol sanda sport lybaslaryny taýýarlamak üçin innowasion işläp düzmeleri bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de geljegine uly ynam bildirilýän tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy babatynda özara gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklipler aýdyldy.

Geçirilen ykdysady maslahat diňe bir Türkmenistanyň dokma pudagynyň innowasion ösüşini mundan beýläk-de ösdürmek üçin kepil bolman, eýsem, ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etjek özara işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze giň mümkinçilikleri açdy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Açyldy

Ýurdumyzyň Telekeçiligi

syrach

Aşgabatda Türk Gurluşyk Materiallary Senagatynyň Sergisi Işine Başlady

syrach