Täze ýyl baýramçylyklar tamamlanyp barýar, sport bäsleşikleri bolsa barha çekeleşikli häsiýete eýe bolýar. Stadionlara we sport meýdançalaryna sporty söýýänleriň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi we müňlerçesi ýygnanýarlar. Şu hepde hem geçen hepde ýaly, dürli derejedäki bäsleşiklere baý bolar. Esasan hem ýaş türgenleriň gatnaşmagynda futbol boýunça bäsleşikler gyzykly bolar.
Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda birbada ýaryşlaryň dördüsi geçirilýär. Olaryň üsüsini Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi guraýar. Olaryň ýene biri bolsa Aşgabadyň sport baradaky komitetiniň futbol boýunça sport mekdebiniň howandarlygynda geçirilýär. Mekdep ýaşyndaky futbolçylaryň gatnaşmagynda däp boýunça “Gyşky dynç alyş möwsümi” ady bilen guralýan ýaryşlara paýtagtymyzyň “Dagdan”, “Köpetdag” we beýleki sport toplumlarynyň meýdançalarynda tomaşa etmek bolar.
Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň futbol boýunça sport mekdebiniň meýdançasynda 13-nji ýanwarda 1996-1997-nji ýyllarda doglan ýaşajyk türgenleriň arasynda birnäçe bäsleşik geçiriler. Oňa Aşgabadyň sport mekdepleriniň toparlary hem gatnaşar.
Şeýle hem şu hepdede kiçi futbol boýuça ýaryşlaryň birnäçesi geçiriler. 9-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň sport mekdebinde futzal boýunça ýaş türgenler güýç synanşar. 7-9-nji ýanwar aralygynda bolsa Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň sport mekdebinde kiçi futbol boýunça welaýatyň birinjiligi geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça indi dördünji gezek geçirilýän umumymilli ýaryşlaryň nobatdaky tapgyry tamamlanyp barýar. 9-njy we 11-nji ýanwarda degişlilikde Tejende we Ruhabat etrabynda küştçüleriň hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen meşgullanýanlaryň iň güýçlüleri kesgitleniler.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda sportuň milli görnüşleri uly meşhurlyga eýedir. Şuny göz öňünde tutup, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşi 9-11-nji ýanwar aralygynda aşgabatly mekdep okuwçylarynyň arasynda göreş boýunça ýaryşlary geçirer. Balkan welaýatynyň merkezinde ýerli sport mekdebiniň birinjiliginiň çäklerinde sportuň bu milli görnüşi boýunça guraljak ýaryşlar hem çekeleşikli häsýete eýe bolar.
Şu hepdäniň dowamynda sport söýüjiler çeper gimnastika, badminton, woleýbol, boks, ýeňil we agyr atletika, dzýudo, tennis we biziň ýurdumyzda barha meşhurlyga eýe bolýan sportuň beýleki görnüşleri boýunça hem ýaryşlar guralar. Şonuň üçin hem tomaşaçylar dürli ýaryşlary synlap, lezet alyp bilerler.
Bu bäsleşikleriň köpüsiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen häzirki zaman sport toplumlarynda we mekdeplerinde geçiriljekdigi aýratyn buýsançlydyr. Häzirki wagtda milletiň Lideriniň sporty ösdürmek ugrunda alyp barýan ägirt uly işleri netijesinde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy, hatda Türkmenistanyň iň alys künjeginde ýaşaýanlar hem özlerine amatly wagtda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, saglygyny berkidip biler.
Halkara ülňülerine doly laýyk gelýän şol sport toplumlarynda döredilen şertler ýaşlaryň müňlerçesini özüne çekýär. Olarda türgenleşik geçýän ýaş türgenler tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda we häzirki zaman sport enjamlarynyň kömegi bilen öz ussatlyklaryny artdyryp, halkara sport ýaryşlarynda hem ýokary netijeler gazanýarlar. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň iň ýokary derejedäki ýaryşlarda, şol sanda mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça häzirki wagtda güýçli depginde bina edilýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiş gazanmaga ukyplydyklaryna ägirt uly umyt baglanylýar.