8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Durmuş energiýasy

«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly Halkara sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligi bilen ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu ykdysady gözden geçiriliş Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak, pudaga maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek ýolundaky ýene bir ädime öwrüldi. Sergi meýdançasynda geçirilen netijeli duşuşyklar, täze taslamalar we teklipler, pikir alyşmalar ýakyn geljekde täze şertnamalaryň baglaşyljakdygyny we energetika infrastrukturasynyň desgalarynyň artjakdygyny alamatlandyrdy we olar işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berer.

Paýtagtymyzda guralan bu täsirli sergi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň bilermenleriniň, marketologlarynyň, alymlaryň we konstruktorlaryň, energetikaçy hünärmenleriň ünsüni çekdi. Türkmen paýtagtyndan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen myhmanlaryň müňlerçesiniň gören sergisinde bu pudak barada birnäçe täzelikleri bilmek mümkinçiligi döredi. Häzirki döwürde bu pudak hakykatdan-da Durmuşyň Energiýasyna, ösüşiň baş hereketlendirijisine öwrüldi.

Türkmenistanda elektroenergiýany ulanmak ýyl-ýyldan artýar. Täze kärhanalar gurulýar, şäherleriň çäkleri giňeldilýär, täze etraplar we ilatly nokatlar açylýar. Hut şonuň üçinem ýurdumyzyň energetika pudagy täze Galkynyş eýýamynda ykdysadyýetiň okgunly ösüşine laýyklykda iş tertibinden ozup işleýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Abadanda, Balkanabatda, Aşgabatda, Daşoguzda, Ahalda we Awazada birnäçe täze elektrostansiýalar guruldy. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi uly bolan sebitlerindäki kuwwatlyklaryň ösüşini üpjün edýär we olaryň ygtybarly binýadyny düzýär.

Mundan hem başga elektroenergetikanyň ägirt uly eksport mümkinçiliginiň durmuşa geçirilmegi ýurda örän uly serişdeleriň gelmegini üpjün edýär. Iň häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy, türkmen topragynyň baý tebigy gaz gorlary ýurdumyzyň elektroenergiýa ulgamynyň önümliligini we onuň eksport mümkinçiligini artdyrýar. Şeýlelikde ol örän düşewüntli pudaga öwrülýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljekde bu ulgamyň eksport mümkinçiliginiň möçberleriniň artdyryljakdygy gürrüňsizdir.

Türkmen paýtagtynda guralan ykdysady gözden geçirilişde pudagyň has ähmiýetli gazananlary, şeýle hem dünýäniň bu pudak boýunça öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehnologiýalary we enjamlary görkezildi. Elektrostansiýalardan başga-da, ykdysadyýetiň esasy ulgamynyň oňaýly ýagdaýyny üpjün edýän dispetçerlik we beýleki düzümleriň bitewi energo ulgamy barada hem ýatdan çykarmak bolmaz. Bu industriýanyň düzümine maşyngurluşyk pudagy hem girýär. Sergide bu pudak barada hem gürrüň berilýär.

Ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýeti ýaly, maşyngurluşyk pudagy hem okgunly ösdürilýär. Diýmek, bu pudaga-da häzirki zaman tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy zerur. Şonuň üçin hem sergi daşary ýurtly hyzmatdaşlara geljegi uly bolan türkmen bazaryna täze işläp taýýarlamalary hem-de tehnologik çözgütleri teklip etmek üçin oňaýly mümkinçilik döretdi. Serginiň esasy tematik bölümleri gurluşygyň täze taslamalaryna esasy kuwwatlyklaryň hem-de energoulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze alternatiw elektro tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň eksport mümkinçiligine, pudaga maýa goýumlarynyň çekilmegine we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanyldy. Ägirt uly serişde binýady, oňaýly tebigy şertler, güneşli günleriň bollugy, amatly şemally howa Türkmenistanda, esasan-da ýurdumyzyň çetki sebitlerinde alternatiw, ekologiýa taýdan arassa önümçiligi ýola goýmak üçin ygtybarly esas döredýär.

Üç günüň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gatnaşyjylar we myhmanlar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň işläp taýýarlamalary we «nou-haulary» hem-de ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralary we ulgamdaky inżenerçilik çözgütler, maýa goýum çözgütleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Energetika enjamlarynyň täze tehnologiýalarynyň nusgallyk işlerini Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan ekspozisiýalardaky owadan bezegli stendlerde synlamak bolýar.

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy maslahat halkara sergisiniň esasy wakasyna öwrüldi. Hünärmenler onda Türkmenistanyň energetika pudagynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Onlarça çykyşlar diňlenildi. Dünýä biznesiniň öňdebaryjylary bolan «General elektric», «Honeywell», «Alstom», «Obýedinýonnaýa dwigatelestroitelnaýa korporasiýa», «Simens» we beýleki kompaniýalaryň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.

Ýurdumyzyň energetikaçylary, alymlary we hünärmenleri üstünlikli iş tejribeleri barada gürrüň berdiler. Ylmy maslahatyň temasy pudak üçin ähmiýetli bolan meseleleriň hemmesini — täze gurluşyklary we hereket edýän kuwwwatlyklaryň döwrebaplaşdyrylmagyny, infrastrukturanyň, bölüji ulgamlaryň ösüşini, alternatiw energetikanyň girizilmegini we onuň ykdysady taýdan netijeli bolmagyny öz içine alýar.

Türkmen energetikaçylary geljege uly ynam bilen garaýarlar, çünki pudak iň öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. munuň şeýledigini Aşgabatda geçirilen Halkara sergi ýene bir ýola tassyk etdi.

Ykdysady gözden geçiriliş öz işini tamamlansoň, sergini guraýjylar we oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöerlik we serginiň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözleri beýan edilýär. Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara halkara nusgasyndaky diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmennebit Demirgazyk Goturdepe Ýatagynda Guýulary Gurmak Boýunça Halkara Bäsleşigini Yglan Etdi

Germaniýada Türkmen-German Işewürler Maslahaty Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmen-Belarus Işewürler Forumy