6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
SPORT

Duşak dagyna çalt çykmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Aşagabadyň golaýynda ýerleşýän Duşak dag massiwiniň belentligine çalt çykmak boýunça bäsleşik geçirildi. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn jemgyýetçilik medeni çäreleriň çäklerinde geçirilýän bu bäsleşigi Aşgabat şäheriniň sport boýunça komitetiniň we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň ýardam bermeklerinde “Agama” alpinistler kluby gurady. 



Bu sport çäresine gatnaşmak üçin Gökderä ýygnan azyndan ýetmiş adamynyň öňünde dag ýodalarynda tizlikli ýöremek wezipesi durdy. Duşaga diňe bir uly adamlar çykman, eýsem mekdep ýaşyna ýetmedik çagalardyr mekdep okuwçylary hem çykdylar. Bu çärä gatanaşanlaryň iň kiçi ýaşlysy bäş ýaşynda, iň ulysynyň bolsa ýaşy altmyşdan hem geçýär. Bäsleşigi guraýjylar “Agama” alpinistler klubynyň agzalary howpsuzlyga gözegçiligi üpjün etdiler, lukmançylyk kömeginiň, agyz suwunyň nokatlaryny goýdular, tejribeli alpinistler ýolugra bäsleşige gatnaşyjylaryň ýanynda boldular. 

Türgenler Gökderede ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş merkezinden başlanyp, Duşak-Erekdagynyň 2482 metr belentliginde tamamlanaýan ýerine çenli Skyrace diýlip atlandyrylýan (belentlige çykmak ýaryşy) çäräni geçirdiler. Onda baýrakly orunlary “Agamanyň” tejribeli türgenleri – ýedi müň metrlik Han-Teňrä çykmaga gatnaşanlar Alekper Ahmedow (2 sagat 40 minut), Koren Bortýakow (3 sagat) we Dmitriý Winokurow (3 sagat 20 minut) eýelemegi başardylar. 



Şahsy bäsleşikleriň indiki sany belentlige ylgamak «Vertical çjkilometer» (dikligine kilometr) diýlip atlandyryldy. Oňa diňe bir türgenler gatnaşman, eýsem höwesjeň türgenler – mekdep we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary, Aşgabat şäheriniň edaralarynyň we guramalarynyň işgärleri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bäsleşigiň bu görnüşinde “Ýaşlar topary” (16-29 ýaş), “Maşgala topary” (ulularyň kömegi bilen gatnaşanlar) ýeňiji boldular. Bäsleşige gatnaşan iň kiçi ýaşlylar hem sylaglandylar. 

Bäsleşikler üstünlikli we şowly geçdi. Sport guramalarynyň we Aşgabat şäheriniň Çandibil etrap häkimliginiň kömek bermekleri netijesinde dag ýodalary boýunça geçirilen bäsleşikler howsuz ýagdaýda geçdi. 

Bäsleşigiň ýeňijileriniň ählisine guramaçylary we onuň hemaýatkäri bolan Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan taýýarlanan sertifikatlar we sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Türkmen basketbolçylary çärýek finala çykdylar.

syrach

Rozy Rejebow: Grek-Rim Usulynda Göreşýän Pälwanlaryň Oýunlarda Ýeňiş Gazanmaga Mümkinçiligi Bar

Ýerine Ýetiriji Komitet “Atos” Kompaniýasyny Aşgabat 2017-niň Resmi Hyzmatdaşy Diýip Yglan Etdi!