Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşyldepe daýhan birleşiginiň gowaçaly meýdanynyň gyrasynda içi nygmatdan doly desterhanly ak çadyrlar tutuldy. Bugaryp duran uly gazanlardan türkmen tagamlarynyň işdäaçyjy ýakymly ysy bark urýar. Onuň ýakynynda bolsa Jon Dir kompaniýasynyň reňki bolan ýaşyl reňkli oba hojalyk maşynlary hatara goýlupdyr.
Bu ýerde dünýä belli amerikan tehnikasynyň nusgalarynyň tanyşdyrylyşy hem-de bu iri kompaniýanyň türkmen bazarynda işläp başlamagynyň 20 ýyllygy mynasibetli uly dabara guraldy. Jon Dir kompaniýasynyň tehnikalary hyzmatdaşlygyň 20 ýyly içinde ekin meýdanlarynda özleriniň berkligini görkezip, oba hojalyk zähmetkeşleri olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine mynasyň baha berdiler.
Amerikaly işläp taýýarlaýjylar türkmen sarp edijileriniň talaplaryna we ýerli howa-toprak şertlerine laýyk gelmegi baradaky talaplaryna jogap bermek bilen, bu ýokary öndürijilikli täze görnüşli oba hojalyk tehnikalaryny ýyl-ýyldan kämilleşdirýärler.
Türkmen oba hojalyk işgärleri hem bol hasyl almalkda möhüm ähmiýete eýe bolan bu kuwwatly maşynlary ekin meýdanlarynda uly ynam bilen ulanýarlar. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlaly bäri Jon Diriň tehnikalarynyň uly parky diňe bie Türkmenobahyzmat Döwlet birleşiginde emele gelmän, eýsem husuy hojalyklarda hem emele geldi.
Türkmen oba hojalyk önümlerini öndürijiler tehniki serişdeleri meýdan işlerinde ulanmak üçin oňaýly şertlerde ýörüte ýeňillikli karz pul serişdeleriniň hasabyna hususy eýeçiligine hem alyp bilerler.
Oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary we abzallary, suw tygşytlaýjy we suwaryş ulgamyny satyn alamak üçin ýeňillikli karz pul serişdeleri ýyllyk 1 göterim bilen10 ýyl möhletli berilýär. Karz pul serişdelerini paýtagtyň muňa ygtyýarlyklary berilen täjirçilik banklaryndan, oalryň etraplardaky we welaýatlardaky şahamçalaryndan we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň belli maliýe hyzmatdaşy bolup durýan Türkmenistanyň Daýhanbank DTB alyp bolar.
Bu barada gowaçaly meýdanda geçirilen baýramçylyk tanyşdyrylyşynda gürrüň edildi hem-de iki hatarly Jon Dir pagta ýygyjy kombaýnynyň işleýşi görkezildi. Şeýle hem kompaniýanyň hyzmat ediş hünärmenleri bu ýere ýygnanalary bu ýerde goýlan ýokary öndürijilikli tehnikanyň beýleki birnäçe görnüşleriniň häsiýetleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Myhmanlaryň dykgatyna pudagyň hünärmenleriniň, kärendeçileriň we mehaniztorlaryň dykgatyna däne seýalkalarynyň, pagta ýygyjy kombaýnlaryň, kuwwatlylygy 95-den 150-ä çenli at güýji bolan traktorlaryň kämilleşdirilen nusgalary ýetirildi. Bellenilşi ýaly, bu traktorlar ýerli oba hojalyk işgärleri tarapyndan uly islegden paýdalanaýar hem-de oba hojalyk önümçiliginde giňden peýdalanylýar.