Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnalynyň 2015-nji ýyldaky tamamlaýjy dördünji sany çapdan çykdy.
Žurnal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda bolup geçen 70-nji mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar. Onda golaý geljek 15 ýylda bilelikde hereket etmegi durnukly ösdürmegiň maksady kabul edilipdi.
Žurnalda ýurduň ajaýyp tebigy desgalary goraghanalary baradaky makalalaryň çap edilmegi dowam etdirilýär. Olaryň biri hem Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasydyr. Bu goraghana indi onlarça ýyl bäri bu ýerleriniň tebigy landşaftyny gorap gelýär. Bu ýerleriniň ösümlik dünýäsi örän köp dürliligi bilen tapawutlanýar. Alymlar tarapyndan bu ýerler ýabany medeni ösümlikleriň gelip çykyşy boýunça dünýä merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilendir. Häzirki wagtda bu ýerleriniň tebigy toplumlaryny adaty ýabany nardan, ýemşenden, itburundan, grek hozundan, türkmen badamyndan, ýabany üzümden, türkmen mandragorasy ýaly köp sanly seýrek duş gelýän we endemiki ösümliklerden ybarat bolan ösümlikleriň saklanyp galynmagy barada uly tagallalar edilýär.
Türkmen paýtagtynyň ýüz ýaşan baglary barada ýazylan makaladan köp peýdaly we gyzykly maglumatlary alyp bolýar. Olary paýtagtlylar aýawly saklaýarlar, sebäbi olar şäheriň taryhynyň bir bölegi bolup durýar. Makaladan Aşgabadyň gurulmagynyň diri şaýatlary bolan onlarça bagyň her biriniň taryhyny bilip bolýar. Olardan şäheriň günorta-günbataryndaky eldar sosnasyny, Botanika bagynyň çäginde ösüp oturan tuýa agajyny, Saparmyrat şaýoly bilen Azady köçesiniň kesişýän ýerindäki uzynlygy 23 metr bolan çynary, Golýazmalar institutynyň howlusynda ösüp oturan dub agajyny we beýlekileri görkezmek bolar. Gowy idedilmegi netijesinde bu baglaryň köpüsi oňat boý alyp ösüp otyrlar.
Žurnalyň sahypalarynda adam saglygy üçin peýdaly bolan papaýa agajynyň gawun daragtynyň Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmek tejribesi, şeýle hem çaýy taýýarlamagyň dürli usullary we bu ösümligi gündogar halklarynyň arasynda ösdürip ýetişdirmegiň syrlary barada makalalar bar. Bagbanlar üçin niýetlenen, ýazky ekiş möwsümine dürli ösümlikleriň tohumyny taýýarlamak barada, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň Botanika bagynda ösüp oturan agawanyň görnüşleri barada makalalar ýerleşdirilendir. Gülli agawalar bu ösümligiň durmuşynda bir sapar bolup geçýär, ondan soňra bolsa ol gurap galýar. Şunuň ýaly ýeke-täk ýagdaý birnäçe ýyl mundan ozal Günbatar Köpetdagda (Parhaý diýen ýerde) bellige alyndy.