19-njy awgustda Milandaky EKSPO-2015 Bütindünýä sergisindäki Türkmenstanyň bölümine millionynjy adam baryp gördi. Bu sergi açylan gününden başlap, ýöredilýän ýörite hasaplaýjynyň maglumatlary esasynda kesgitlenildi.
Ol kyrk dokuz ýaşly Italiýanyň raýaty, matematika we fizika mugallymy Eleonora Solimene boldy. Bu wakanyň şanyna uly bolmadyk dabara geçirildi, onuň barşynda E.Solimene türkmen tarapynyň gutlaglary beýan edildi hem-de oňa Bütindünýä sergisiniň türkmen bölümine gelip görýän aýratyn tomaşaçy hökmündäki Şahadatnama gowşuryldy.
Bu resminamany oňa EKSPO-2015-de türkmen bölümini guramak boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başpotratçysy Germaniýanyň GessConGmbH kompaniýasynyň resmi wekili Kambiz Gesseljaý gowşurdy. Bu kompaniýa Türkmenistanyň üç gatly bölüminiň taslamasyny taýýarlady, gurluşygyny, tehniki üpjünçiligini hem-de bezeg işlerini ýerine ýetirdi, häzirki wagtda bolsa 31-nji oktýabra çenli dowam etjek serginiň tutuş dowamynda guramaçylyk hyzmatlaryny amala aşyrýar. Ýeri gelende aýtsak kompaniýa biziň ýurdumyzyň bölümini aýratyn taslama boýunça örän gysga möhletde 53 günüň dowamnda bina etdi.
Sergä gelen millionynjy raýat guramaçylardan gymmat bahaly sowgat milli öwüşginler, haly nagyşlary bilen bezelen zenan torbasyny, şeýle hem arassa pagtadan taýýarlanan türkmen dokma önümini we sergi nyşanlary bolan beýleki sowgatlary aldy.
Däp boýunça millionynjy myhmanyň hormatyna baýramçylyk sadakasy berildi, onda hormatly myhmana milli tagamlar hödür edildi. Manty. Somsa, palow, çekdirme, pişme we milli aşpezligiň beýleki tagamlary hödür edildi. Türkmen tamdyr çöregi hem italýan topragyndaky türkmen saçagynyň bezegi boldy. Ýeri gelende aýtsak ähli milli tagamlary türkmen aşpezleri taýýarladylar, olar serginiň barşynda türkmen aşpezliginiň tagamlaryny taýýarlap myhmanlara hödür edýärler.
Eleonora gysgaça söz sözläp, Türkmenistan hakynda köp ýakymly zatlary eşidenigini, meşhur halylary görmäge gelendigini aýtdy. Zähmet rugsadyna çykyp, EKSPO-2015-e gelip sergi bilen tanyşlygyny türkmen bölüminden başlandygyny beýan etdi. Garaşylmadyk ýagdaýda hem ýakymly wakanyň sergä gelen millionynjy adam bolandygyny bilim galdym.
Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň bölümine her gün gelýänleriň ortaça sany sekiz müňden gowraga deňdir, olaryň hatarynda italýanlardan başga-da Germaniýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Türkiýäniň raýatlary bar.