Soňky ýyllarda welosiped ulagyna isleg barha ýokarlanýar. Adamlar diňe gatnaw üçin däl, eýsem, sport ýa-da gezelenç maksady bilen hem welosiped edinýärler. Şeýle bolansoň bu ulagy öndürýänleriň sany hem barha artýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped bazaryna ýene bir agza goşuldy. “Mokumono” şereketi “Delta S” atly daşky gurşawa zyýansyz ulagy işläp taýýarlady. “Delta S” ulagy daşky dizaýny babatda tapawutlanýar. Köp ýeri gysylan alýuminden ýasalandygy üçin berk we ýeňil bolan ulagyň önümçiligi Gollandiýada amala aşyrylýar. Agramy 14,5 kilogram bolan welosiped şäher içinde sürmäge niýetlenipdir. Ulaga kuwwaty 250W bolan elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendiriji ýerleşdirilipdir. Pedaly aýlamak bilen onuň tizligini 25 km/sagada ýetirmegiň mümkindigi bellenilýär. Welosipediň bir gezekki zarýady bilen 60 km ýol geçip bolýandygy bellenilýär. LED çyralary ony garaňkyda hem sürülmäge mümkinçilik berýär. 2990 ýewrodan satylýan ulagyň dürli reňklisiniň bardygy bellenilýär. Welosipediň GPS-li görnüşini almak üçin goşmaça 149 ýewro tölemeli bolar.
Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/