8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Elektronikada täze işläp taýýarlamalar.

Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda kompýuter prosessorlary sowatmagyň netijeli usuly işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagta çenli bu ýokary okuw mekdebinde işlenip taýýarlanylan oýlap tapyşlaryň birnäçesi ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşikleriň jemleri boýunça ylma goşan goşandy üçin, ýokary tehnologiýalarda täze sepgitlere ýetendigi üçin Döwlet Baştunanynyň baýraklaryna mynasyp boldy.

Täze oýlap tapyşyň awtory aragatnaşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Azat Ataýew öz oýlap tapyşynyň tanyşdyrylyşynda bu işiň artykmaçlygyny görkezýän ynamly delilleri getirdi. Howa aýratynlyklaryny nazara alanyňda bu oýlap tapyşyň ähmiýeti uludyr. Aragatnaşyk desgalaryny özbaşdak sowatmagyň innowasion usuly has möhümdir. Sebäbi köplenç howanyň üýtgeýiş derejesine baglylykda olaryň işinde bökdençlik döreýär. Häzirki döwrüň prossesorlary energiýany barha köp sarp edýärler. Energiýanyň esasy bölegi ýylylyk görnüşinde bölünip çykýar. Soňky ýyllarda ulanylyp başlanylan kompýuter sowadyjylarynyň (kulerler) kuwwaty ýokarlandy, olaryň göwrümi, agramy , dwigatellireniň aýlanyşy artdy, wentilýatorlarynyň gerimi giňedi.

Kompýuterleri öndürijiler tok berlişiniň güýjüni peseltmek usulyna we täze tehnologiýa kadalaryna geçmek arkaly energiýa sarp edilişini we ýylylyk bölüp çykarylyşyny azaltmaga çalyşýarlar. Emma integrasiýanyň ösmegi we ýylylygy yzyna serpikdiriji meýdanyň daralmagy bilen bu wezipe barha çylşyrymlaşýar. Şunda ýörite materiallar we ýylylygy göteriji enjamlar zerurdyr. Yrgyldylaryň tizleşmegi CPV-yň ýylylyk bölüp çykaryjylygynyň has-da artmagyna getirýär.

Işlenilip taýýarlanan sowadyş usulyna laýyklykda ýörite gap tok geçiriji suwuklyk bilen doldurylýar we onuň içine prossesor hem-de ýyladyş trubkalarynyň birnäçesi salynýar. Trubkalaryň käbir ýerleri suwuklyga çümdürilmän galdyrylýar we olara ýylylyk berijiligi güýçlener ýaly radiatorlar berkidilýär. Şunda suwuklyk platanyň gyzdyrylýan enjamlarynyň we ýyladyş trubkalaryň arasynda ýylylyk geçiriji bolup hyzmat edýär. Ýyladyş trubkasy sowadyş ulgamynyň bir bölegi bolup, ol ýylylyk geçiriji metaldan ýasalan, iki ujy hem ýapyk wakuum trubkalaryndaky çalt bugarýan suwuklygyň esasynda herekete gelýär. Trubkanyň gyzgyn tarapynda suwuklyk bugaryp, ýylylygy özüne siňdirýär, hem-de sowuk howany toplap ony daşary çykarýar. Şeýlelikde ýylylyk geçirilýär. Toplanylan sowuk howa dartyş güýji netijesinde bug çykýan zolaga gaýdyp gelýär. Wakuum (boşluk) ýagdaýynda suwuklygyň bugarmasy birnäçe esse tiz bolup geçýär.

Teklip edilýän bu sowadyş tehnologiýasy öň ulanylyp gelinýän kulerler (wentilýatorly radiatorlar) ulgamyndan has amatlydyr. Sebäbi onuň göwrümi ep-esli kiçidir hem-de elektrik energiýasyny harçlamazdan gyzýan enjamlary göwnejaý sowadyp bilýär. Täze usulyň artykmaçlyklaryny subut etmek üçin ýörite tejribe synagy hem geçirildi. Ol köne usuldan täze usulyň has ýokary netije berýändigini görkezdi.

Bu oýlap tapyşyň artykmaçlygy Türkmenistanda halkara bilim beriş forumynyň geçirilen wagtynda dürli ýurtlaryň ylmy dünýäsiniň wekilleriniň Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen tanyşdyrylmagynyň çäklerinde hem doly aýan edildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Rus Döwlet Sirki.

syrach