2016-njy ýyl ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän möhüm ähmiýetli wakalara baý boldy. Eziz Watanymyzyň şanly toýuna gabatlanyp açylan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has gowulandyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasynyň aýdyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, geljegi uly pudaklary, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek bu strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Öz nobatynda, ýokary maýa goýum işjeňligi ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň okgunly ösmegini şertlendirdi. Ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalaryny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, döwrebap ulag düzümini döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalara işjeň gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen firmalary we kompaniýalary – döwlet hem-de hususy kärhanalar edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamalaryny düzenlerinde hem-de olary guranlarynda gurluşyk senagatynda dünýäniň gazananlaryny netijeli özleşdirip we ulanyp, daşary ýurtly firmalar bilen deň derejede bäsleşýärler.
Ileri tutulýan milli maksatnamalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde amala aşyrylýan, şäher düzümini kemala getirmäge innowasion çemeleşmelere hem-de bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen şähergurluşyk maksatnamasy bar. Bu maksatnamanyň esasy maksady paýtagtymyzy sebitiň we dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, raýatlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Aşgabat Aziýa sebitiniň hakyky “merjenine” öwrüldi. Munuň özi ähli türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjy bolup durýar. Her ýyl paýtagtymyzyň binagärlik toplumynyň üsti täze medeni-durmuş maksatly desgalar, edara binalary we beýleki desgalar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde belent ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysyny özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň peýda bolmagy guwançly ýagdaýdyr. Şäher ýaşaýjylarynyň – dürli ulgamlarda hem-de pudaklarda zähmet çekýän adamlaryň maşgalalarynyň müňlerçesi jaý toýlaryny tutdy.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguz han we G.Eziziow köçeleriniň arasynda peýda bolan täze ýaşaýyş jaý toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen bu toplumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde bu ýerde jemi 1 müň 320 öýli kaşaň 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-si hem-de 160 orunlyk çagalar bagy guruldy. Ýaşayyş jaýlarynyň birinji gatynda senagat we azyk harytlary satylýan dükanlar bar. Şunuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk ýerler abadanlaşdyryldy, şol ýerde çagalaryň oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdançalar, köpçülikleýin-medeni çäreleriň we dabaralaryň geçirilýän desgalary, awtoduralgalar peýda boldy. Gül aýmançalary, ýaşyl otly meýdançalar döredildi, oturgyçlar hem-de köçeleri yşyklandyrmak üçin niýetlenen çyralar gurnaldy.
Ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleri we pudak edaralary – Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Senagat, Daşary ýurt, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba we suw hojalygy, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleri hem-de Türkmenistanyň Merkezi banky, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni, Söwda-senagat edarasy, Döwlet neşirýat gullugy, Aşgabat şäheriniň häkimligi, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy, Döwlet haryt-çig mal biržasy täze desgalaryň 13-siniň buýurjylary bolup çykyş etdiler. Binalaryň ýene-de 10-sy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy hem-de öz serişdeleriniň hasabyna guruldy. Olaryň ählisi diýen ýaly ýurdumyzyň hususy kompanýialary tarapyndan bina edildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.
2016-njy ýylyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň ulanmaga berilmegini görkezmek bolar. Ony gurmagyň üçünji nobatdakysynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda jemi 508 hojalyga niýetlenen bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 443-si hem-de her biri 240 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si we her biri 800 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň hem 2-si azyk we senagat harytlarynyň dükany guruldy.
Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda hem täze binalar açyldy. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça gurlan 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si ulanmaga berildi. Olaryň ikisi 54 öýden we altysy 36 öýden ybaratdyr. Şol has oňaýly öýler aşgabatly maşgalalaryň köpüsi üçin Täze ýyl baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Paýtagtymyzda gurlan beýleki desgalaryň hatarynda Morfologiýa merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglyk we iýmit merkezi hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi bar. Bu döwrebap desgalaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Olaryň ählisiniň halkara güwänamalaryna eýe bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen birlikde, şäheriň ulag-aragatnaşyk, inžener-tehniki we ugurdaş düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde eýýäm döwrebap ýollaryň, ýanýodalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýolagçylar üçin niýetlenen duralgalaryň, awtomobil köprüleriniň hem-de ýol aýrytlarynyň ençemesi ulanmaga berildi we olaryň täzeleriniň gurluşygy üstünlikli dowam edýär.
Milli baýramçylyga — Bitaraplyk gününe gabatlanylyp Aşgabatda “Zemin”, “Ebedilik”, “Jebislik”, “Ösüş”, “Erkanalyk”, “Çemen” diýen binalar açyldy. Paýtagtymyzyň durky täzelenen awtoulag ýollarynyň çatryklarynda gurlan täsin heýkel kompozisiýalary ak mermerli türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretdi. Şeýle hem 400 we 240 orunlyk köp gatly awtoduralgalar ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda Aşgabadyň 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görýändigini hem aýratyn bellemelidiris. Aziadanyň ýaryşlary paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň döwrebap desgalarynda geçiriler. Bu ägirt uly sport toplumynda sebit hem-de halkara derejeli iri ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen birlikde, ol türgenler üçin köpugurly türgenleşik binýady hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin ajaýyp merkez bolar.
Ýubileý ýylynda ýurdumyzyň sebitlerinde hem täze desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. Munuň özi tutuş türkmen topragyny, hatda iň alysdaky künjekleri hem gurşap alan özgertmeleriň geriminiň örän giňdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen ýylyň 26-njy dekabrynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda ýurdumyzda umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desga işe girizildi. Şol desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň öz güýjümiz bilen gurlan birinji tapgyryny, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegini, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýasyny, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Geçen ýyl ýurdumyz boýunça umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köpsanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn şatlyk duýgularyny döredýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bu maksatnama raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ilatynyň döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Geçen ýyl bu maksatnamanyň çäklerinde 2436,1 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi, 53 desga, 1211,6 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy guruldy, 907,4 kilometr inženerçilik ulgamlary, 3614 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi. Häzirki wagtda durmuş-medeni maksatly desgalarynyň 58-siniň, suw arassalaýjy desgalaryň 28-siniň gurluşygy alnyp barylýar, şeýle hem dürli desgalarda inženerçilik ulgamlarynyň 1936,7 kilometri çekilýär, 808,2 inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurulýar.
Täze obalar raýatlarymyzyň şäherlerdäki ýaly amatlyklaryň hözirini görüp ýaşaýandyklarynyň, olar üçin oba ýerlerde has oňaýly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamalaryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň barşynda şol obalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Türkmen bedewiniň baýramynyň öňýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky häzirki zaman nusgalyk obasynyň açylyş dabarasy boldy. Toplumyň işgärleri üçin 114
hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumy bina edildi. Bu ýerde ähli amatlykly 4 we 5 otagly iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 57-si guruldy. Öýlerde ýaşamak üçin ähli amatlyklar, şol sanda döwrebap durmuş tehnikasy – elektroplita, gap-gaç ýuwýan maşyn, sowadyjy bilen üpjün edilen oňaýly aşhanalar göz öňünde tutuldy. Her bir öýüň howlusynda awtoulag goýulýan jaý ýerleşýär. Meýdany 30 inedördül metre deň bolan mellek ýeri hem göz öňünde tutulandyr.
Mundan başga-da, obanyň çäginde durmuş maksatly beýleki desgalar—çagalar bagy, umumybilim berýän orta mekdep, düzüminde saglyk öýi, dükanlar, dellekhana we beýleki bolan jemgyýetçilik merkezi guruldy.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşen Bagtyýar zaman obasynda bir gatly, dört otagly kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň 274-si hem-de iki gatly, alty otagly jaýlaryň 226-sy guruldy. Olar jemi 500 maşgala niýetlenendir. Şeýle hem beýleki desgalaryň tutuş toplumy bina edildi.
Olaryň hatarynda ýerli häkimiýetiň edara binasy bar. Bu ýerde iş otaglary zerur bolan enjamlar, kompýuter tehnikasy, degişli aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Oba saglyk öýi hem ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi bolsa oba ilatyna lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Onuň iki gatly binasynda maşgala lukmanlarynyň, EKG, UZI, rentgenografiýa otaglary hem-de barlaghana, lukmançylyk hyzmat edilýän otaglar we beýleki otaglar bar. Bu ýerde gündizki stasionar we dermanhana işleýär.
Ajaýyp Medeniýet öýi hem oba ýaşaýjylarynyň ygtyýaryndadyr. Bu ýerde höwesjeň döredijiligi ösdürmek, ilaty, şol sanda ýaşlary sungat dünýäsine çekmek, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek üçin ähli şertler döredildi. Medeni merkezde 200 orunlyk tomaşaçylar zaly, aýdym aýtmak we tans etmek üçin niýetlenen otaglar, şekillendiriş sungaty studiýasy we beýlekiler ýerleşýär.
Iki gektardan gowrak meýdanda ýerleşýän we dükanlaryň 113-sini, bazary hem-de edara binasyny birleşdirýän “Miras” söwda merkezi alyjylara esasan hem ýurdumyzda öndürilen azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşlerini hödürleýär. Obada gurlan “Döwletli” durmuş hymaty öýi, 500 orunlyk iki gatly “Toý mekany” we 100 orunlyk garbanyşhana ilata hyzmat etmek babatda şäherdäki desgalardan birjik-de pes durmaýar.
Bagtyýar zaman obasynyň körpe ýaşaýjylary üçin çagalar bagy hem-de mekdep guruldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda gurulýan mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary hem-de umumybilim berýän orta mekdepler hökmany suratda öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap multimediýa we interaktiw enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýaş oba ýaşaýjylarynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine ýardam edip, olaryň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Mundan başga-da, täze obada ulgamlaýyn kabel hojalykly, 550 telefon belgili aragatnaşyk edarasynyň binasy guruldy. Munuň özi ýaşaýjylaryň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem degişli suwaryş, tehniki we kömekçi desgalar guruldy. Bu ýerde zerur bolan ulag we inžener-tehniki kommunikasiýalar, şol sanda içerki awtomobil ýollary, suw geçiriji, lagym hem-de elektrik geçiriji ulgamlar, gaz geçiriji çekildi.
Ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary düzülende oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalalarynyň köpçagalylygy göz öňünde tutuldy. Her biri 16 sotok meýdanda ýerleşen kaşaň iki gatly kottejler giň we ýagty otaglaryň birnäçesini, şol sanda çagalar üçin niýetlenen we oýun otaglaryny hem-de döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanalary, hammamlary we beýlekileri birleşdirýär. Naýbaşy derejedäki şeýlei kottejleriň biriniň umumy meýdany 420 inedördül metre golaýdyr.
Bir gatly kottej jaýlary hem ýaşamak üçin has oňaýlydyr. Olarda maşgalalaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ajaýyp şertler döredildi. Olaryň her birinde giň otaglaryň dördüsi (olaryň iň ulusynyň meýdany 42 inedördül metrden geçýär) hem-de beýleki otaglaryň birnäçesi, şol sanda döwrebap durmuş tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan aşhana bar. Jaýlaryň ählisinde awtoulag üçin garažlar hem göz öňünde tutuldy.
2016-njy ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatynda Berkarar zaman obasy açyldy. Bu oba Garabekewül etrabynyň merkezinden 32 kilometr uzaklykda, “Zelili” geňeşliginiň çäginde, 210 gektar meýdanda ýerleşýär. Bary-ýogy dört ýylyň içinde bu çöllük meýdanda döwrebap oba peýda boldy. Görenleri haýran galdyrýan bu oba täsin desgalaryň ençemesini, bagy-bossanlygy, giň köçeleri, owadan çyraly elektrik geçiriji ulgamlary, köpsanly ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş-medeni maksatly desgalary birleşdirýär.
Giň möçberli taslamany durmuşa geçirmäge döwlet kärhanalary bilen bilelikde hususy gurluşyk kärhanalary we firmalary hem işjeň gatnaşdylar. Hususan-da, täze obanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylary saldamly goşant goşdular. Olara bu ýerde 3, 4 we 5 otagly 600 ýaşaýyş jaýynyň ählisiniň hem-de çagalar bagynyň gurluşygy ynanyldy. Obadaky desgalary gurmak işleri ýokary hilli ýerine ýetirildi. Ähli desgalarda ýaşaýjylar üçin ýokary derejedäki amatlyklar döredildi. Ýaşaýyş jaýlarynyň giň we ýagty otaglary ýylylyk saklamak hem-de ýer titremesine durnuklylyk babatda zerur serişdeler bilen üpjün edildi.
Döwletimiziň täze obanyň ýaşaýjylary üçin gozgalmaýan emlägi karzlaşdyrmak babatda uly ýeňillikleri döredendigini aýratyn bellemlidiris: täze jaýlara göçüp baranlar ilkibaşda jaýyň bahasynyň ondan bir bölegini, galan bölegini bolsa 30 ýylyň dowamynda töleýärler. Her bir maşgala 16 sotok mellek ýeri bölünip berildi.
Şeýle hem obada Medeniýet öýi, Bagt köşgi, metjit, geňeşligiň binasy, aragatnaşyk edarasynyň binasy, köpugurly bazarly Söwda merkezi, Hyzmat ediş öýi, azyk we senagat harytlaryny satýan dükanlaryň 4-si we beýleki desgalar guruldy. Oba Saglyk öýünde müşderilere ýokary derejeli hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde rentgen, hirurgiýa, stomatologiýa, terapewt otaglary, UZI, EKG, barlaghana we beýleki otaglar bar.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen 640 orunlyk orta mekdepde interaktiw multimediýa tagtaly okuw otaglary, şeýle hem lingafon, kompýuter otaglary ýerleşýär. Bu ýerde oglanlaryň we gyzlaryň zähmet sapaklaryny geçmek üçin ýörite otaglar bar. Okalga zally kitaphana, mejlisler zaly, naharhana, lukmançylyk otagy, sport zaly hem-de açyk sport meýdançalary hem okuwçylaryň we mugallymlaryň hyzmatyndadyr. Körpeleriň 280-sine niýetlenen çagalar bagynda kompýuter we lingafon otaglary, döredijilik studiýalary, tomusky eýwanlar hem-de oýun meýdançalary, ýumşak hem-de amatly mebeller ýerleşdirilen giň we ýagty ýatakhanalar, sport we aýdym-saz zallary, naharhana, lukmançylyk otagy bar.
Täze obada ýol-inžener kommunikasiýalar meseleleri üstünlikli çözüldi, bu ýerde suw geçiriji, lagym ulgamy, gaz geçiriji, elektrik geçiriji, asfalt ýollar çekildi. Şeýle hem transformator bekedi, suw arassalaýjy desgalar, ýangyna garşy göreş edarasynyň binasy we beýlekiler guruldy.
Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagta çenli 210 desganyň bina edilendigini, 110 desganyň bolsa gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygynyň bellemelidiris. Häzirki zaman kärhanalaryň işe girizilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, şeýle hem 18 müň 313 täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Sebitlerde gurlan we ulanmaga berlen täze desgalaryň uly sanawynda Mary welaýatyndaky döwrebap Döwletli zaman şäherçesi hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Bereketli zaman şäherçesi, Türkmenabat şäherindäki 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürýän önümçilik toplumy, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi, Mary şäherindäki “Bagtyýarlyk” seýilgähi hem-de ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar hem bar.
Balkanabatda döwlet Tugunyň belent sütüni üçin täze meýdança açyldy. Bu desganyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ulanmaga berilmegi halkymyzyň milletiň bitewiligini, mertebesini we mähriban Watana bolan buýsanjyny özünde jemleýän mukaddes Döwlet tuguna bolan belent sarpasyny alamatlandyrdy.
Nebitgaz toplumynyň buýurmasy esasynda Hazaryň kenaryndaky şypahana zolagynyň çäginde gurlan bäş ýyldyzly “Gämi” myhmanhanasy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ak elken” kottežler toplumy, ýaht-kluby we ýurdumyzyň Merkezi bankynyň buýurmasy esasynda gurlan “Tolkun” kottežler toplumy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Kenar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda ýaşaýyş jaý toplumy ulanmaga berildi.
Şunuň bilen birlikde, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň düýbi tutuldy. Olaryň hatarynda deňiz ýakasyndaky syýahatçylyk zolagynda guruljak “Awaza” şypahanasy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde iri ýaşaýyş jaý toplumlary bar.
Geçen ýylyň ýazynda Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisiniň geçirilmegi we oňa Russiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Hindistandan, Türkiýeden, Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki ýurtlardan iri firmalaryň 130-dan gowragynyň wekilleriniň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň geriminden habar berýär. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň sergä uly üns bermegi geljegi uly we sazlaşykly ösýän türkmen bazaryna bolan ägirt uly gyzyklanmalaryň subutnamasydyr.
Giň möçberli sergi gurluşyk serişdeleri, ýöriteleşdirilen tehnikalar we enjamlar, ýol gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli serişdeler görkezilýän bölümlerden ybarat boldy. Serginiň myhmanlarynda we oňa gatnaşyjylarda täze binagärlik taslamalary uly gyzyklanma döretdi. Gurulýan we gurulmagy teklip edilýän edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň taslamalary görkezildi. Sergi geljege nazar salmaga we täze tehnologiýalar esasynda ýakyn geljekde şäherlerimiziň köçeleriniň näderejede boljakdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Awgust aýynda Aşgabatda “Türkmengurluşyk-2016” halkara sergisi geçirildi. Üç günüň dowamynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezi senagat ulgamyndaky hünärmenler üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrüldi. Ykdysady gözden geçirilişe ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň bölümleriniň 120-den gowragy görkezildi. Olaryň hatarynda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň BAE-niň, Türkiýjniň,Eýranyň, Wengriýanyň, Polşanyň, Gazagystanyň, Belarusuň, Ukrainanyň we beýleki köpsanly ýurtlaryň iri gurluşyk kompaniýalary bar.
Gurluşyk bazarlarynyň wajyp meýillerine, innowasion tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna üns berilmegi, şeýle hem Söwda-senagat edarasynyň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem-de “Türkmenawtoýollary” Döwlet konserniniň guramagynda taýýarlanylan çäreleriň işewür maksatnamasy serginiň uly üstünlige beslenmegini şertlendirdi.
Asylly däbe görä, serginiň çäklerinde “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň gurluşyk ulgamy bazarynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň, mahabat we ylmy çemeleşmeleriň işjeňleşmegini, hünär ulgamynyň kämilleşdirilmegini şertlendirdi. Şeýle hem köpsanly tanyşdyryş çäreleri, duşuşyklar we geňeşler geçirildi. Olaryň barşynda bilelikdäki işiň esasy ugurlary kesgitlendi hem-de täze gatnaşyklar ýola goýuldy we ýakyn geljek üçin meýilnamalar bellenildi.
Düýpli gurluşyk we ýaşaýyş jaý gurluşygy bilen bir hatarda ýerli çig malyň binýadynda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik pudagyna ägirt uly döwlet goldawy berilýär. Bu ugur ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmekde, welaýatlaryň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm ugurlaryň biri hökmünde görülýär. Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary barha artýan gurluşyk bazaryna sement, diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama demirbeton önümlerini, bişen kerpiçleri, diwarlyk beton daşlaryny, örtük plitalaryny we beýlekileri ugradýar.
Ýerli çig mallaryň esasynda ýurdumyz üçin täze önümler bolan has inçe, aýratyn berk bazalt süýümlerini we ondan taýýarlanýan ýylylyk saklaýjy hes-de kompozit gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhanalary döretmek işleri doawam edýär. Bazalt süýüminden taýýarlanan önümler ekologiýa taýdan howpsuz we senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda, nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagaty, awtomobil we maşyn gurluşygy, elektroenergetika, metallurgiýa we oba hojalygy, gämi gurluşygy, nebithimiýa we beýleki pudaklarda giňden ulanylýan önümleriň hataryna degişlidir.
Şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Onuň esasy işi kalsiý karbidini, gipsoangdrid materialyny, döwlet kaustik dolomiti, dürli magdan däl gurluşyk serişdelerini, şeýle hem himiýa senagaty üçin hlorlanan heki we azyk duzuny öndürmekden ybaratdyr.
Ýurdumyz üçin täze senagat tehnologiýalarynyň hatarynda float-usuly arkaly aýna önümçiligi bar. Bu tehnologiýa aýna önümçiligi we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede gurulýan zawodyň özi üçin esasy çig mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini öndürýän iri kärhanalar toplumynyň gurluşygynyň taslamasynyň esasyny düzdi.
Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbidini goramak we öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe degişli Kararlara gol çekdi. Hususan-da çäge-sement esasy bolan gury gurluşyk garyndylaryny, kafel we keramiki plitalaryň ýelimini, şeýle hem izogamy ýurdumyza getirmek üçin gümrük salgytlary kesgitlendi.
Ýene bir Karar ýerli gurluşyk kärhanalarynyň işiniň, şeýle hem ol döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň daşary ýurtly şahsy taraplar bilen Türkmenistanyň çäginde binalaryň we desgalaryň (aýratyn möhüm senagat desgalaryndan başgasy) gurluşygy boýunça baglaşylýan şertnamalarda göz öňünde tutulýan işleriň 80 göteriminiň ýerine ýetirlmegini üpjün edýär.
Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda “Watan” Döwlet elektrik bekediniň gurlup ulanmaga berilmegi geçen ýylyň şanly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu waka mynasybetli guralan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ýyllyk kuwwaty 2 milliard kWt/sagat bolan Döwlet elektrik bekedi döwrebap tehnologik desgalar toplumyndan ybaratdyr. ABŞ-nyň “General Electric” dünýä belli köpugurly senagat düzüminiň gazturbina gurnamalary toplumyň esasyny düzýär. Elektik bekedi ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär we dolulygyna kompýuterleşdirildi. Bu bolsa dolandyryş merkezinden tutuş tehnologik işlere netijeli gözegçiligi üpjün edýär.
Täze desganyň inženerçilik-tehniki düzümini döretmekde ýüzlerçe hünärmenler, inženerler, elektrikler, gurluşykçylar, jemagat hojalygynyň işgärleri zähmet çekdiler. Kuwwatly kabeller, elektrik ulgamlary, suw geçirijiler we lagym ulgamlary ýerasty inženerçilik ötüklerinden geçirildi. Şeýlelikde Döwlet elektrik bekedi bellenilen möhletinden 5 aý ir ulanmaga berildi.
Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy eksporta, ilkinji nobatda bolsa degişli düzümiň kemala gelýän ýeri bolan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektroenergiýanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň açylmagyny, dostlukly ýurtda parahatçylykly gurluşygyň ösdürilmegini we durnukly ýagdaýyň emele gelmegini şertlendirer. Elektroenergiýanyň eksport edilýän beýleki geljegi uly ugurlar, hususan-da, Pakistan we Täjigistan ýaly ugurlar has çynlakaý netijä eýe bolýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly möhüm taslama barada bellemek ýerlikli bolar. Bu gaz geçirijiniň ugrunda elektrik geçiriji kuwwatly ulgamy gurmak zerurlygy ýüze çykýar. Ol tutuş ugurdaky ähli düzümleýin desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen eksport etmek mümkinçiligini ýüze çykarar.
Mundan başga-da, “Watan” elektrik bekediniň ulanmaga berilmegi Lebap welaýaty üçin bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda, ulag, dokma we himiýa senagatlarynda, oba hojalygynda, gurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazaryndan has-da möhümdir.
2016-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Energetika ministrliginiň “Aşgabatenergo” önümçilik birleşiginiň “Paýtagt” dispetçer merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez paýtagtymyzyň energiýa ulgamynyň durnukly işine gözegçiligi amala aşyrmaga, elektroenergiýanyň akymyny netijeli dolandyrmaga, zerur bolsa degişli enjamlary abatlamak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmaga, şeýle hem degişli energetika desgalarynyň bökdençsiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama barada aýdylanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda ol üç tapgyrda amala aşyryldy. Şeýle hem onuň çäklerinde paýtagtymyzda onlarça transformator podstansiýalary, şol sanda 220 kilowolt kuwwaty bolan bäş sany – “Aşgabat DES”, “Dagly”, “Olimp”, “Abadan DES” we “Gurtly” ýaly podstansiýalar, şeýle hem 110 kilowolt kuwwaty bolan 22 we 35 kilowolt kuwwaty bolan 29 transformator beketleri guruldy. Şeýle hem 140 transformator we 10 kilowolt kuwwaty bolan paýlaýjy podstansiýalar bina edildi.
Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde gurlan täze podstansiýalaryň hereket edýän ulgamlaryna birikdirmäge niýetlenen elektrik geçirijileriň kabel liniýalary hakynda hem aýtmaly. Olar ýörite aragatnaşyk ötükleri arkaly geçirildi. Bu bolsa olaryň gowy saklanmagyny, ýer we gurluşyk işleri geçirilende mehaniki zyýan ýetirmeleriň öňüniň alynmagyny, şeýle hem elektrik ulgamlarynda ýokary hilli abatlaýyş işleriniň geçirilmegini üpjün edýär. Elektrik geçirijileriň kabel ulgamlarynyň çekilmegi hereket edýän howa elektrik geçirijilerini aýyrmaga we ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň gowulandyrylmagyna şert döretdi.
Halkara sertifikatlary, şol sanda ABŞ-nyň “Trust” Ekologiýa howpsuzlyk guramasynyň “Daşky gurşawa oňaýly täsiri bolan taslama üçin” Lihtenşteýniň Uniwersitetiniň “Ygtybarly we bökbençsiz energiýa üpjünçiligi üçin”, Awstriýanyň Energetika institutynyň “Energetikanyň netijeliligi üçin”, şeýle hem Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň “Energetika durnuklylygy üçin” Sertifikatlary bu taslamanyň täzeçil usula we ýokary netijä eýedigini alamatlandyrýar.
Paýtagtymyzda “General Electric” kompaniýasynyň edara ediş binasynyň gurluşygy bu düzümiň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm energetika taslamalary boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşdygyny tassyklaýar. Onuň düzüminde iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylýan okuw merkezi göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzy 2030-njy ýyla çenli toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe iri senagat desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu maksatnamany durmuşa geçirmek, şeýle hem elektroenergiýanyň eksport möçberlerini ýokarlandyrmak üçin elektroenergetika ulgamynyň ösdürilmegi üpjün edilýär. Tutuş halk hojalyk toplumynyň üstünlikli ösdürilmegi, şunlukda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň çekilmegi döwrebap energetika ulgamynyň döredilmeginiň möhüm ugry bolup durýar.
Energiýa serişdeleriniň möçberleri boýunça Türkmenistan baý döwletleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, elektroenergiýanyň önümçiligi dünýäde iň girdejili önümçilik hasaplanýar. Şunlukda, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri artdyrylýar. Onuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika senagaty durnukly ýokary ösüş depginlerini gazanýar.
2016-njy ýylda Energetika minitsrliginiň düzümleri boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 1 milliard 99 million 900 müň manatdan gowrak boldy. Bu 2015-nji ýyldakydan 11,6 göterim köpdür. Hasabat döwründe elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 105,8 göterime, eksporta iberilmeginiň ösüş depgini bolsa 116,2 göterime deň boldy.
Pudaga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy, häzirki döwürde elektrik beketleri üçin netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz ýangyçlaryň biri bolan tebigy gazyň ägirt uly gorlary bu ulgamyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözgüdini üpjün edýär. Marynyň Döwlet elektrik bekediniň çäginde ýurdumyzda ilkinji we kuwwaty 1574 megewatt bolan garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygy düzümiň mundan beýläk-de ösdürilmegini, elektroenergiýanyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän taslamadyr.
Ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektroenergiýa öndürmäge niýetlenen
bu beket iň täze inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalara degişlidir. Ýurdumyzda ozal gurlan beketlerden tapawutlylykda, bu DES elektrik öndürmek üçin ýangyç hökmünde diňe tebigy gazy däl, eýsem bugy hem ulanar. Degişlilikde, bu ýerde ABŞ-nyň belli “General Electric” kompaniýasynyň öndüren 4 gaz we 2 bug turbinalary oturdylar.
Mundan başga-da, “2013-2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda kuwwaty 432 megewatt bolan gazturbina elektrik bekedi Serdarabat etrabynda hem gurlar. Degişli şertnama “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.
Milli energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri we dünýäniň işewür toparlary, maýadarlary tarapyndan bilelikdäki taslamalaryň ldurmuşa geçirilmegine bolan barha artýan gyzyklanmalar däp boýunça her ýylyň sentýabrynda bellenilýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen Halkara sergide we “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly ylmy maslahatda has aýdyňlygy bilen äşgär boldy.
Dünýäniň 13 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalarynyň 52-si bu sergä gatnaşdy. Olaryň hatarynda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bar. Olaryň hatarynda türkmen bazary üçin täze bolan kompaniýalaryň 40-dan gowragy bar. Olary ýurdumyzda giň möçberli maýa goýum we energetika taslamalarynyň uly geljegi gyzyklandyrýar. Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde geçirilen gözden geçirilişiň barşynda birnäçe tanyşdyryş çäreleri, hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri bilen tanyşmak täze tehnologiýalary we enjamlary ulanmak, pudaklaýyn düzümlerdäki öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütleri, serişdeleri özleşdirmäge bolan döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmak we ýurdumyzyň energetika mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalara utgaşyp gitdi.
Maslahatyň dowamynda içerki we halkara elektrik geçirijileriň gurluşygynyň iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişine, gurluşyk we energetika desgalaryny abatlamak babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, alternatiw energetikanyň
ösdürilmegine, düýpli ylmyň gazananlarynyň esasynda täzeçil
energiýa ulgamlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berlendigini bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, ýetip gelen 2017-nji ýylda giň möçberli gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek wezipesi öňde durýar. Jemi 42 milliard 700 million manat maýa goýum serişdelerini özleşdirmek, 873 desgany, şol sanda önümçilik maksatly 262 we durmuş maksatly 611 desgany, şol sanda hassahanalary, lukmançylyk merkezlerini hem-de saglyk öýlerini, mekdebe çenli çagalar edaralaryny, orta mekdepleri, medeniýet öýlerini gurmak meýilleşdirilýär.
Şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna aýratyn üns berler, şunda döwlet serişdeleriniň, şeýle hem hususy maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlary gurlar, şeýle hem ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň ösdürilmegine uly serişdeler gönükdiriler. Täze elektrik stansiýalary gurmak, bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar, munuň özi goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem-de içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
… Türkmenistan täze taryhynyň nobatdaky sahypasyny açyp, ösüşlere tarap ynamly gadamyny dowam edýär. 2016-njy ýylyň wakalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky täze sahypalaryny ýazmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.