Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde tebigy gazyň, nebitiň we elektroenergiýanyň orny” atly her ýylda geçirilýän okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Halkara Energetika Hartiýasynyň sekretariaty bilelikde gurady.
Iki günlük okuw maslahatyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýadan, Türkiýeden we Finlýandiýadan gelen bilermenler hem-de ýurdumyzyň dürli pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.
Iki günlük forumyň dowamynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň gurallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we energiýa göterijileriň dünýä bazarlarynda döwlet işiniň anyk we aýdyň ugurlary kesgitlener.
Şu gün okuw maslahatyna gatnaşyjylar energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň hukuk ugurlary bilen tanyşdylar we halkara turbageçiriji düzüme gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini goramak boýunça netijeli çäreleri we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir gury ýerde we deňizde ägirt uly uglewodorod serişdelerine däl, eýsem, ony ulanmagyň mümkinçiliklerine hem eýe bolup durýar. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň özüniň tebigy baýlyklaryny has netijeli peýdalanmak maksady bilen, halkara gaz bazarlaryna çykalgalaryny yzygiderli giňeltmäge çalyşýandygy bellärliklidir.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýan energetika howpsuzlygynyň täze bitewi binýadynyň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň ýangyç akymlaryny köpugurly esasda ösdürmek, energiýa göterijileriň köpşahaly eksport ugurlaryny döretmek boýunça netijeli syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýär we goldanylýar.
Munuň özi ýakynda Energiýa Hartiýasynyň Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraply Çarçuwaly ylalaşyga tarap ýolda” atly forumy nobatdaky gezek tassyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, gazanylan netijeler dünýäniň energetika giňişliginde syýasy-hukuk taýdan bolşy ýaly, energetika howpsuzlygynyň bitewi we pugta ulgamyny döretmek we ösdürmek, döwletara energetika düzümleriniň ygtybarly we durnukly hereketi üçin zerur gurallary emele getirmek boýunça anyk işler nukdaý nazaryndan giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berer.
Bu gezekki maslahata gatnaşyjylar üçin toparlaýyn interaktiw sapaklar guraldy. Onuň barşynda amaly görnüşde energetika ulgamynda milli syýasatynyň çäklerindäki gepleşikleriň mümkin bolan görnüşleri taýýarlanyldy. Ulgamlaýyn çemeleşmeler pudaklaýyn bilermenlere gepleşikleriň ýokary derejesini üpjün etmäge, onuň jemleri boýunça häzirki döwürde energetika syýasatyny döretmekde zerur bolan teklipleri öňe sürmäge mümkinçilik berdi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, alnan maglumatlaryň diňe bir amaly däl, eýsem, tejribe taýdan ähmiýeti bar. Ol özara peýdaly tejribe alyşmalaryny, ýangyç-energetika pudagynyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirdi.