2017-nji ýylyň 7-10-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Saud Arabystan Patyşalygynda boldy.
Senagat we energetika pudaklarynyň, şeýle hem Saud Arabystanynyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň Er-Riýadda geçirilen nobatdaky bäşinji mejlisinde söwda-ykdysady, maýa goýum gatnaşyklarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe ugurlar boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmen-saud Hökümetara toparynyň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Şeýle-hem Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi gurnaldy.
Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalary saudly kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň maýynda Saud Arabystanyna bolan resmi saparynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Geçirilen duşuşyklar we gepleşikler nebitgaz pudagynda, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemek we çykarmak, aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça saud maýadarlaryny halkara we milli taslamalaryna çekmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri döretdi. Hususan-da, geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda gazhimiýa we senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, gazylyp alynýan dag magdan we beýleki ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi.
Şeýle-hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyna goldaw bermek barada aýdyldy.
Türkmen halylaryny we haly önümlerini bu ýurduň bazarlaryna we onuň üsti bilen beýleki arap ýurtlarynyň bazarlaryna çykarmak, şeýle hem Türkmenistanyň halyçylyk pudagyna maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy. Saud tarapy Er-Riýad şäherinde türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň sergisini guramagy we şu mesele boýunça iş toparyny döretmegi teklip etdi.