Daşary işler ministri Manuçehr Mottaki metbugat ýygnagynda BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýa bilen geçirilýän gepleşiklere täzeden başlap biljekdigini aýtdy.
Ýadro maksatnamasy bilen baglanşykly gepleşikleriň Türkiýede geçirilmegini teklip eden Mottaki “türk dostlarymyza gepleşigiň Türkiýede geçirilmegi baradaky teklibi kabul edýändigimiz habar berdik” diýdi.
Mottaki gepleşikleriň haçan we nirede geçiriljekdigi bilen baglanşykly taýarlyklaryń dowam edýändigini ýatlatdy.
Diplomatiki töwerekler gepleşikleriň Türkiýede geçirilmegi barasynda ylalaşyga gelnendigini emma wagty meselesinde heniz doly maglumatyň ýokdygyny nygtaýar.
referans: www.trtturkmen.com