Çägi gadym döwürden söwda ýollarynyň çatrygy, Ýewropadan Aziýa tarap «köpri» bolup hyzmat eden Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi biziň döwrümizde hem aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurulýan Demirgazyk-Günorta demir ýoly sebitiň ýurtlarynyň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň ygtybarly ulag ýoluna öwrüler. Ýewropa ýurtlaryndan Pars aýlygynyň portlaryna çenli demir ýoluny 600 kilometr gysgaltjak täze ulag geçelgesiniň innowasion ideýasy biziň günlerimizde maksada gönükdirilip durmuşa geçirilýär. Türkmen Lideriniň bu başlangyjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan joşgun bilen kabul edilmegi geň däldir, çünki biziň ýurdumyzyň çäginden geçjek demir ýol beýleki alternatiw ugurlara garanyňda has-da amatly bolup görünýär.
Mälim bolşy ýaly, täze demir ýol üç döwletiň—Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň çäklerinden geçip, Täze Uzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen aralygyny öz içine alar, onuň köp bölegi—700 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginden geçer. Işler hünärmenleriň ykjam barlan ugry boýunça alnyp barylýar. Täze ýol türkmen demirýolçularynyň ilkinji işi däldir, olaryň gurup ulanmaga beren Tejen-Sarahs we Türkmenabat—Atamyrat, Aşgabat-Daşoguz ýaly polat ýollary üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň demirýol gurluşykçylarynyň şol işlerde toplan tejribesi Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi ýaly halkara taslamasy amala aşyrylanda örän zerur boldy.
Türkmen demirýolçularynyň häzir gurýan Bereketden Gazagystanyň serhedine çenli uzynlygy 466 kilometr bolan demir ýoluň diňe demirgazyk böleginde razezdleriň we stansiýalaryň 20-ä golaýy bina ediler. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde TDH-niň habarçysyna habar berişleri ýaly, bu ýerde eýýäm demir ýoluň 326 kilometri çekilip, onuň 366-njy kilometrinde ýerleri tekizlemek boýunça işler alnyp barylýar, buldozerler, ýüküni özi düşürýän ulaglar we beýleki kuwwatly tehnika işledilýär. Dürli maksatly häzirki zaman awtomobil tehnikasynyň 165-sini satyn almak barada daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnama laýyklykda olaryň sany ýakynda ep-esli artar. Öz demir ýolumyzyň gurluşygy üçin materiallar, şeýle hem zerur bolan otlular, wagonlar satyn alyndy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň demir ýol edarasynyň düzüminde döredilen köprigurluşyk müdirliginiň mümkinçilikleri demir ýolunda örän zerur bolup durýar. Bu bölüm iň häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün ediler, netijede çylşyrymly taslamalary durmuşa geçirmek, köprüleri, inżenerçilik desgalaryny gurmak oňa kyn düşmez. Mysal üçin, ýoluň demirgazyk böleginde eýýäm emeli desgalaryň—uly we kiçi köprüleriň 100-si guruldy, bu ugurda işler dowam etdirilýär.
Häzirki wagtda gurluşyk işleri Demirgazyk-Günorta demir ýolunyň günorta türkmen böleginde hem işler gyzgalaňly dowam edýär, ýoluň bu bölegi Köpetdagyň günbatar eteginden geçer. Türkmenistanyň we Eýranyň serhedinde Bereket şäherini we Etrek etrap merkezini birleşdirjek demirýoluň bu böleginiň uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolar. Bu ýerde stansiýalaryň we razezdleriň 8-si gurlar. Demirýol nebite we gaza baý ýataklaryň golaýyndan, bir wagtlar gülläp ösen Dehistanyň ýerlerinden geçer, olar häzirki taryhy eýýamda gaýtadan galkynmak we ösmek üçin kuwwatly itergä eýe bolar. Bu ýerde potratçy daşary ýurt kompaniýasynyň hünärmenleri eýýäm geljekki ýol üçin ýerleri tekizlemek işlerini alyp barýarlar.
Bereket stansiýasyna hem uly özgerişlikler garaşýar, ol durkuny täzelemek işlerinden soň, halkara ähmiýetli iri demirýol merkezine öwrüler. Uly islegleri kanagatlandyrmaga ukyply we ýokary halkara standartlaryna laýyk gelýän şäheriň täze demirýol menzilinde iri demirýol merkezi üçin zerur bolan infrastrukturany döretmek göz öňünde tutular.
Ulag geçelgesiniň ähli stansiýalarynda täze tehnologiýalar ulanylar. Bu ýerde demirýolçular üçin ýaşaýyş jaýlaryny hem, durmuş ulgamynyň desgalaryny hem gurarlar, gepiň gerdişine görä, bu ýerde ýöne bir stansiýalar däl-de, eýsem ýurdumyzyň günbatar welaýatyny ösdürmekde möhüm orun eýelejek häzirki zaman şäherçeler peýda bolar. Häzir demirýoluň baryp ýeten stansiýalary gurluşyk meýdançalaryna öwrüldi—olarda zerur bolan binalary we desgalary gurmak boýunça işler ýaýbaňlanýar.
Balkan welaýatynyň giň çägini, ägirt uly tebigy potensialyny özleşdirmekde transmilli ulag geçelgesiniň ähmiýeti örän uly bolar. Polat ýoluň gurulmagy bilen ýerli şäherçelere we obalara täze durmuş geler, bu ýere harytlaryň we ýükleriň uly tapgyrlaryny getirmek aňsat bolar, täze kärhanalar, iş orunlary, häzirki zaman infrastrukturasy peýda bolar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gurulmagy, welaýatyň hem-de tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi bilen baglylykda ulag geçelgesiniň ähmiýeti has-da artar.
Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ulag ulgamynda eýýäm iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Sebitiň iri derýalarynyň biri bolan joşgunly Jeýhunyň üstünden çekilen Atamyrat-Kerkiçi demirýol köprüsiniň işe girizilmegi welaýatyň serişdelere baý bolan Amyderýanyň sag kenaryny ösdürmäge mümkinçilik berdi. Şu ýyl gurlan Tüpkmenbaşynyň häzirki zaman halkara aeroporty bolsa Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň howa derwezesine, üstaşyr ugurlaryň, şol sanda daşary ýurt awiakompaniýalaryň uçarlarynyň ugurlarynyň kesişýän ýerine öwrüler. Halkara standartlaryna laýyk gelýän, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny birleşdirýän awtomobil ýollarynyň gurluşygy hem dowam edýär. Ýakynda welaýatlarda awtomobil köprüleriniň birbada 90-synyň gurluşygy tamamlandy.
Türkmenistan häzirki zaman ulag infrastrukturasyny döretmek bilen, yklymyň möhüm ulag akymlarynyň çatrygynda amatly geografik ýagdaýynyň peýdasyny iş ýüzünde amala aşyryp, sözüň doly manysynda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär.
Ulag infrastrukturasy—ykdysadyýetiň damarlar ulgamy bolup, şunda demirýol ulagyna aýratyn orun degişlidir, ol ýükleri daşamakda öňdebaryjy orny eýeleýär, onuň hyzmatlaryndan her ýylda ýolagçylaryň millionlarçasy peýdalanýar. Ýurdumyzyň durmuşynyň takyk depgini köp babatda demir ýollarynyň netijeli we bökdençsiz işlemegine bagly bolup durýar. Tutuş ykdysadyýetiň düýpli döwrebaplaşdyrylýan täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň her bir pudagy uly wezipeleri çözýär. Demirýolçulara hem uly talaplar bildirilýär, olar işiň dürli ugurlaryna—hojalygy dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, menejmentiň häzirki zaman ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, serişdeler binýadynyň yzygiderli täzelenilmegine we häzirki zaman otlularyň, wagonlaryň başarnykly ulanylmagyna, ýolagçylar üçin hyzmatyň we howpsuzlygyň, işgärleriň iş şertleriniň ýokary derejeli üpjün edilmegine degişlidir.
Türkmenistanda täze Galkynyş eýýamynda demir ýollaryny gurmak boýunça ýokary depgin gazanyldy, Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň döredilmegi bolsa aýratyn ähmiýete eýe bolýar, çünki täze polat ýoly Ýewraziýa yklymynyň ägirt uly giňişliginde ulag we beýleki harajatlary ep-esli azaltmaga, haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Demir ýol ulagyny ösdürmegiň potensialy uludyr, şonuň üçin ol doly derejede peýdalanylmalydyr diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek nygtady. Şonuň üçin Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň giňişliklerini kesip geçip, Ýewropanyň we Aziýanyň polat ýollaryny birleşdirjek wagty indi uzakda däl.
referans:www.turkmenistan.gov.tm