14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Eýer

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda öz bedewine syrdaşy, gardaşy hökmünde garapdyrlar. Edil gelin-gyzlarymyza niýetlenen nepis şaý-sepler ýaly, bedewler hem gymmatbaha daşlar oturdylan owadan şaýlar bilen bezelipdir. Munuň özi halkymyzda bedew atlara goýulýan sylag-sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplarynda hem bellenilip geçilýär.
At esbaplarynyň iň esasylarynyň biri eýerdir. Eýer, köplenç, söwüt, tut we beýleki agaçlardan ýasalypdyr. Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde söwüde tal agajy hem diýilýär. Şeýle-de, çapyksuwarlar ýa-da ýörite maksatlar üçin deriden hem eýerler taýýarlanylypdyr. Eýer atyň üstünde oturmagyň oňaýly bolmagy üçin taýýarlanylýar.
Eýer ýasamak irginsiz zähmeti talap edýär. Halk arasynda eýer ýasaýan ýörite adamlar bolup, olar bu käri nesilden-nesle geçiripdirler. Il arasynda olar «eýerçiler» diýlip atlandyrylypdyr.
Eýeriň aşagyndan keçeden taýýarlanan ýörite kiçiräk bölek derlikler goýlupdyr. Olara başgaça içirgi hem diýilýär. Içirgi eýeriň, ýonasynyň aşagyndan, atyň arkasyna atylýan bölek ýumşak keçedir. Eýeriň aşagyndan goýlan içirgiler uzak ýola gidilende, bedewler ula goýberilende derlän derini özüne siňdirýän esbap hasaplanypdyr. Içirgileriň sowadyjynyň wezipesini hem ýerine ýetirip, uzak ýola gidende bedewleri epgekden goraýjylyk hyzmaty uly bolupdyr.
Halkymyzda eýerler hem beýleki at esbaplary ýaly, gymmatbahaly daşlar bilen bezelipdir. Eýeriň öňüne we ýeňsesine bezeg edilýär. Ol diňe bir bezeg maksatlary üçin bolman, eýsem, belli bir derejede eýeriň berkligini hem üpjün edýär. Eýerler, esasan, «Gülmyh», «Sytara» şaýlary bilen bezelipdir. Eýerden başga-da behişdi bedewlerimiziň üzeňňi, agyzdyryk, at guşguny, at jylawy, at ýonasy, at göwüsbendi, maňlaýlyk ýaly esbaplary hem owadan bezelipdir. Munuň özi türkmen bedewlerini has hem gözel görnüşe getirýär.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabat 2017-niň Gündelik Habarlar: 16-njy Sentýabr

95 Ýaşly Esger

Täze Dostluk Howa Ýollary

turkmenhabargullugy