Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi adamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrýan ajaýyp baýram 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş baýramynyň şanyna berkarar döwletimizde geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň eziz halkymyzyň, mähriban uruş we zähmet weteranlarymyzyň durmuşynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn!
Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, halklary dost-doganlyk gatnaşyklaryna alyp barýan baýramdyr.
Jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrmakda, nesilleri hakyky watançylyk, ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde Ýeňiş baýramy aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň artýan, şan-şöhratynyň, mertebesiniň has-da belende göterilýän döwründe Ýeňiş baýramy mähriban halkymyzyň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini rowaçlandyrýan möhüm sene hökmünde eziz Diýarymyzda egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenip geçilýär. Azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde mertligiň, gaýduwsyzlygyň, ýanbermezligiň belent nusgasyny görkezen gahrymanlarymyz, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi gazanmaga ägirt uly goşant goşan watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanýar. Beýik ösüşleri nazarlap öňe barýan berkarar Watanymyzyň şäherdir obalarynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşip, wepat bolan watandaşlarymyzyň şanyna bina edilen ýadygärliklere beýik hormatyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar, aýdym-sazly dabaralar, sergidir maslahatlar guralýar.
Jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, agzybirligi pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge öwüt-ündewleri we wesýetleri bilen mynasyp goşant goşýan uruş weteranlary parasatly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz bilen gyzykly hem-de täsirli duşuşyklar guralýar, olara dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar.
Eziz watandaşlar!
1941-1945-nji ýyllar dünýä taryhyna agyr synagly, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazyldy. Millionlarça ynsanlaryň ömür tanapyny kesen bu ýowuz uruş dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine hem uly zyýan ýetirdi. Kalbymyzda agyr ýatlamalar bolup ýaşaýan şol pajygaly ýyllarda biziň watandaşlarymyzyň müňlerçesi doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, uruş döwrüniň hasratly ýollaryny mertlik bilen geçdiler. Parahat, asuda, erkana ýaşaýyş ugrundaky söweşlerde edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Uzaga çeken bu ýowuz döwürde Türkmenistanyň ähli ilaty hem şanly Ýeňşe bolan beýik ynam duýgulary, durmuşa, Watana çäksiz söýgi bilen tutanýerli, gaýratly zähmet çekdi. Bu döwrüň gahrymançylykly taryhy biziň kalbymyzda buýsanç hem-de guwanç duýgularyny döredýär.
Hormatly uruş weteranlary!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her bir adam bagtyýar durmuşyň eşretini görüp ýaşaýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda biz mähriban halkymyzyň agzybirligini pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan uruş we zähmet weteranlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris.
Eziz halkymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti, ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maksada okgunlylyk hakyndaky pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary üstünliklerimiziň, agzybirligimiziň we jebisligimiziň berk binýadydyr. Garaşsyz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ene-ata sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmagy wagyz edýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan hormatly uruş weteranlarymyz biziň buýsanjymyzdyr. Biziň ýaşuly nesillerimize bolan hormatymyz, sarpamyz elmydama belentdir.
Mähriban halkym!
Hormatly uruş weteranlary!
Sizi 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.