Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň hazynasynda gadymy aýnalaryň, şeýle hem arheologiki gözlegler netijesinde ýüze çykarylan rowaýata öwrülen Marguş ýurdy barada kolleksiýa saklanýar
Ýylmanan metaldan (bürünç, kümüş) ýaslan owadanja tutawaçly figura görnüşli taýýarlanan tegelek el aýnalary bürünç eýýamynda hem giňden meşhur bolupdyr. Kada boýunça şular ýaly aýnalar, dogry forma eýe bolupdyrlar, olary ýylmananda büdür-südürligi ýagtylyk tolkunlaryndan ýokary bolmandyr. Gynansak-da, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň taryhy zalynyň tekjelerinde ýerleşýän bu döwrüň aýnalaryň köp bölegi özlerini owadanlyk ýagdaýda görkezip bilmeýärler. Meşhur Goňurdepe (Marguş) ýadigärliginiň arheologiki gatlaklarynyň astynda köp wagtlap ýatmagy netijesinde gadymýetiň köp gatly topragyna sezewar bolupdyrlar, ýöne näme-de bolsa, müňlerçe ýyl geçse-de, olar o diýen bir zaýalanmandyr.
Aýnalaryň arasynda diametri 15 sm-e çenli bolan ulylary we diamteri 5-6 sm-e çenli bolan kiçijikleri hem bar. Olar dürli nagyşalr bilen bezelip, owadan tutawaçlysy we tutawçsyzlary hem bar. Birnäçe aýnalar üçin gaplar ussatlarça ýerine ýetirilipdir. Mümkin, bu bolçulygyň alamaty bolup, olar marguşyň baý gatlaklarynyň owadan zenanlary üçin ýsalandyr. Bu aýnalaryň gowy saklanadygyny görüp, olary aýawly saklapdyrlar diýen netijä gelýärsiň. Bu ýerde mozaiki nagyşlar berk proporsionalda düzülipdir, kiçijik keramika dörtburçlyklar bolsa, yzly-yzyna goýlupdyr. Gapagynyň üsti dört bölege bölünip, onuň bölüji zolagynyň her biri üç sany näzik gülýapragy bilen bezelipdir. Aýnayň gaby aýnanyň ölçegine laýyk ýasalyp, aýna onuň içinde ykjam ýatýar.
Bir ýüzünden plastiki we beýleki ýüzünden ýylmanan beýleki bir aýnajyk şular ýaly tapyndylar bilen bir hatarda gadymy gala bolan Köne Nusaýyň çäklerinden tapyldy. Sugunyň şahly kelesi bir gapdala geşaryp, aýaklaryny öňe atyp dur. Bu haýwanyň hereketi örän çalasyn ýagdaýda barýan hökmünde şekillendirilipdir. Haýwanlaryň şekilleri toýundan ýasalan möhürlerde şekillendirmek giň ýaýraýar. Dag geçileriniň, dag goçlarynyň, sugunlaryň kiçijik şekilleriniň birnäçesi bilen Nusaýiň dörtburç öýleri möhürlenipdir. Şular ýaly aýnalar ýa-ha ýüpjagaz bilen asyp goýupdyrlar, ýa-da ýüzügiň halkasyna geýdirip, ýalan ýüzük hökmünde dakynylypdyr.
Aýna ýuwaş-ýuwaşdan zenan kosmetiki predmetine öwrülipdir. Aýnanyň gadymy döwürlerde nähili ähmiýeti bolupdyr? Dinimi, jadylaýjymy ýa-da atributiwmi. Köp sanly gadymy pal atmalar aýna bilen baglanyşykly bolsa-da, häzirki wagtda aýna jadylaýja garanyňda, has durmuşy häsiýete eýedir. Meselem, köp adamlar häzire çenli eger-de öýe gaýdyp gelmeli bolsalar ol şowly bolar ýaly bir sekuntlyk bolsa-da aýna seredýärler. Şular ýaly düşünjeler gadymy zenanlarda bolupmy? Elberştde, bolupdyr.
Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň kolleksiýalaryndaky Marguş hudaýlary şekilleri haýran galdyrmak bilen, öz-özleri söhbet açýarlar. Bu ajaýyp şekilli aýnalara üns bermezlik mümkin däl. Ýöne, olaryň hiç biri hem aýnany ýüzleriniň öňünde saklap durmaýar, ony gursagyna gysyp duran pursatda şekillendiripdirler. Bu bolsa ene keşbini görkezýär. Merwde b.e.öňki I b.e I asyrynda zenan keşbiniň alamaty hudaýyň elinde ýerleşýän adam ykbalyny beýan edijy nyşan hökmünde beýan edilipdir. Mümkin ol durmuşda jadyly güýje eýe bolup, özboluşly her-hili zyýanly täsirlerden goraýan zat hökmünde hyzmat edendir.
Kada bolşy ýaly, şekiljagazlaryň sag eli aýnany saklaýar, çep eli bolsa uzyn matanyň etegini sag elinde saklap dur. Şol döwürde geýim hem eýýäm başga, gadymy zenan keşpleriniň tapawutly häsiýetini görkezýär. Bu ýerde egin-eşigiň – uzyn ýeňler, beýik kellä geýilýän gap berkligini görkezýär. Kelle gabynyň üstüne çyrpa meňzeş durmuşa çykan zenanyň kellesine atynýan matasy ýaly mata atylypdyr. Bu däp häzirki zaman toý dabarasynyň nyşanyna öwrülipdir.
… IX-ХII asyrlarda howluly, köp sanly otagly we zally ajaýyp ýaşaýyş jaýlary gurulýar.. Mümükin, zenanlar üçin niýetlenen otaglarda hökman aýna bolupdyr. Bu hojalygyň we onuň eýesiniň gurpludygyny görkezijisi bolupdyr.
Ýene-de açylyp duran gül görnüşinde uzyn, inçe aýakda metaldan ýaslan sungatyň kämil eseri bolan tegelek aýna. Onuň uly gabaraly esasy bolup, gül şekilinde taýýarlanypdyr. Onuň aýna bölegi gapak bilen örtülipdir, gapagyň özi bolsa halka birikdirilken ildirgiçli bolupdyr. Bu bir adama degişli bolmandyrmy eýsem? Eger şeýle bolsa, ol baý gatlakdan bir zenana degişli bolupdyr. Ussa aýnanyň daşky keşbini bezemek üçin materialy, wagty we güýjüni gysganmandyr. Onuň bütin süňňi keşde we ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir, onda kädiniň ýapraklary anyk bildirýär. Munuň bolsa belli bir ähmiýeti bar (Köneürgençdäki Il Arslanyň kümmeti kädiniň ýapragy bilen bezelipdir). Aýnanyň uzynlygy 60 sm, gapagynyň diametri 28 sm, teýi 22 sm.
Muzeýiň aýna kolleksiýalary barada aýtmak bilen, ýene-de olaryň ikisi, has uly we täsin görnüşleri (beýikligi 2,3 metr) barada aýtman geçmezlik mümkin däl. Olar göni burçly bolup, gyralary gara reňkli agaç bilen örtülipdir, olaryň biri alebastr bilen, ikinjisi bolsa oýulyp ýsalan ösümlik we geometriki nagyş bilen bezelipdir. Öňler şular ýaly aýna paýtagtyň teatrlarynyň eýwanlaryny bezeýärdi. Olaryň giňden ulanylan döwrüni XX asyryň başlaryna degişli diýip hasap etse bolar, olar, mümkin, XIX asyryň ahyrlarynda bolsa taýýarlanypdyr.
Biziň muzeýmizde görkezilýän aýnalaryň ählisiniň hem täsin taryhy bar. Biz bu aýnalarda kimiň keşbi beýan edilipdir diýip, diňe pikir edip bileris, olar bolsa adamlaryň we bir wagt geçip giden günleriň taryhy wakalaryny beýan edýärler. Taryhyň her bir sahypasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin biziň muzeýmize gelip görüň. Şonda siz gadymy aýnalaryň durmuşy barada gyzykly gürrüňleri eşidip bilersiňiz.