Bu arheologik ýadygärlik Lebap welaýatynyň Birata etrabynda Daşoguz welaýatynyň golaýynda ýerleşýär. Adybir şäherçeden 4,5 kilometr daşlykdaky bu gala 8 gektar meýdany tutýar. Dargangala VII-VIII asyrlara degişlidir, onuň ýerli ilat arasyndaky ady “Köne galadyr”. Ol Amyderýanyň aýagynda Merkezi Aziýanyň demirgazygyndaky taryhy-medeni merkez bolan Horezmiň düzüminde bolupdyr we ähmiýeti boýunça Ürgençden soň ikinji şäher hasaplanypdyr. Türkmen- seljuklatr döwletiniň hataryna geçen soň bolsa onuň hakyky ösüşi başlanýar. Şäheriň meýdanynyň 50 gektara çenli ulalandygyny aýtmagam ýeterlikdir. Onuň ösmegine Merkezi Aziýanyň beýik derýasynyň geçelgesinde ýerleşmegi hem ýardam edipdir.
Dargangalanyň binagärligi hem gyzyklanma mynasypdyr. Galanyň belentligi 8, galayňlygy 5 metre ýetýär. Galanyň içindäki jaýlar iki gat eken. Olaryň birinji gaty ýaşaýyş jaýlary bolupdyr, ikinjisinde bolsa azyk önümleridir agyz suwy saklanypdyr.
Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk şahasynda ýerleşmegi sebäpli bu ýerde kerwensaraý hem gurlupdyr. Ýolgçylat Könürgençden Amula çenli uzak we agyr ýoldan soň bu ýerde dem-dynç alypdyrlar.
XIII asyrda mongol çozuşlaryndan soň bu ýerde ilat galmandyr. Häzirki wagtda ol döwlet tarapyndan goralýan taryhy ýadygärlikdir. Belentde ýerleşýän gala oňaýly basgançaklardan galynýar. Etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary bu ýere okuwçylar üçin gezençler guraýarlar. Aziada-2017- ä bagyşlanyp geçirlýän atly ýörüşe gatnaşýanlar hem bu ýere gelip gördiler, häzirki günlerde ýörüş Lebap welaýatynda dowam edýär.