Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda türkmen, arap we pars dillerinde ýazylan gol ýazma we haşamçylyk kitaplarynyň 10 müňden gowragy saklanylýar. Biziň günlerimize çenli gelip ýeten bu gymmatly we seýrek kitaplar diňe bir biziň ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolman, eýsem olar dünýäniň ruhy we maddy medeniýetiniň hem gymmatlyklarydyr.
Türkmen halkynyň kitap medeniýetiniň taryhynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine, ýazuwyň döreýiş gözbaşlaryna aralaşýar. Şol gadymy döwürlerde ata-babalarymyz daşlaryň, mallaryň eýlenen derileriniň, tagta bölejikleriniň, gaýyş bölekleriniň ýüzlerinde ýazgy döredipdirler. Ussatlar köp asyrlaryň dowamynda kitaplary döretmekde we bezemekde ýerli däp-dessurlaryň giden bir toplumyny döredipdirler. Ýazuw ýadygärlikleriniň arasynda “Awesta” ýygyndysy aýratyn orun eýeleýär. Ol biziň eramyzdan öňki VI asyrda gaýtadan işlenen göle hamlaryny 12 müň bölegine suwuk altyn syýa bilen ýazylypdyr.
Gündogaryň halklarynyň medeniýetiniň özara baglanyşygy netijesinde ikitaraplaýyn baýlaşma bolup geçipdir. Onuň netijesinde bolsa kitap-kodeks emele gelipdir. Ol eplenen hamkagyz sahypalaryndan ybarat bolup, daşy gaýyş bilen sahaplanypdyr, tetrada ýygnalyp, kitap görnüşinde gündogar usulynda tikilipdir. Orta asyrlarda kitaplary bezemek üçin bütewi gaýyş sahaplamagy taýýarlamagyň tehnikasy bilen bir hatarda geometriki we ösümlik bezegleri, şeýle hem sowuk gyzyl çaýylan basma usuly hem ulanylypdyr.
Sasanidler dolandyran döwründe hamkagyz golýazma kitaplaryny çeperçilik taýdan bezemekde şol döwüre mahsus bolan däp-dessurlaryň uly ähmiýeti bolupdyr. Olara ýerli elipbiýde ýazylan hat; ösümlik we mineral reňkleri bilen çekilen surat; lukmançylyk, astronomiýa, taryh we filosofiýa baradaky kitaplary ýazanlarynda ulanylýan syýany we suwuk gyzyl degişlidir.
VII asyryň ortalarynda (b.e.öňki 651) häzirki Türkmenistanyň çäklerinde golýazma kitaplarynyň içki we daşky bezelişine arap täsirleriniň güýçlenmesi bolupdyr. Х–ХII asyrlarda öz kagyz önümçiligi döredilipdir. Gaýşyň ýerine kagyz ulanylypdyr. Bu kitap sungatyny has hem ösdürilmegi üçin itergi beripdir. Bu döwürde kitap toplumyny tikmegiň we sahaplamagyň çeperçilik taýdan bezemegiň täze usullary döräpdir. Bu jiltlemegi bezemegiň görnüşinden we häsiýetinden başlap, tä içki bezeginiň owunjak böleklerine çenli golýazma kitabynyň bitewiligini we dolulygyny kesgitläpdir hem-de golýazma döredilen döwrüniň ruhuny şöhlelendiripdir.
ХIV-ХV asyrlarda sahaplama işine birnäçe kämilleşdiriş usullary girizilýär we köp sanly täze materiallar gündelik durmuşa goşulýar. Bu döwürde bitewi gaýyş sahaplamak bilen bir hatarda papýe-maşa ýa-da kartondan ýasalan gapaklar ýukajyk gaýyş bilen ýelimlenipdir hem-de gaýyş koreşogy bilen berkidilipdir. Tekiz koreşoklar kitap toplumynyň gyrasynyň daşyna çykmandyr, olar adatça gyzyl, goýy gyzyl we gara reňkli goýnuň ýumşak derisinden taýýarlanypdyr. Kitabyň şirazasy kitabyň ýokarky we aşaky kesimi bilen deň derejede gülli ýüpek sapaklary bilen tikilipdir. Bu döwürde gaýyş sahaplaryna nagyş basma medalon-çarçuwa kompozisiýa görnüşinde döreýär. Ol golýazma kitabynyň dik okunyň merkezinde ýerleşen çarçuwaly jähekden we üç sany feston medalondan ybaratdyr.
Sahaplaryň daşky ýüzleri owadan bezelişi boýunça olaryň içki bezelişinden pes bolmandyr. Olar arap sungatynyň çylşyrymly nagyşlary boýunça taglymata esaslanan geometriki we ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Ussalaryň döredijilik fantaziýasyna öwrülen arap sungatynyň çylşyrymly nagyşlary baradaky taglymatyň esasy özeni geometriki we ösümlik nagyşlaryny düzmek, dogry şekilleri we kombinasiýalary düzmek bolup durýar. Olar arhitektura bezeginde we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşlerinde, şol sanda hem sahaplary, golýazmalaryň sahypalaryny, olaryň meýdançasyny, frontispisleri, zastawkalary, soňlamalary bezemekde döräpdir.
Döreýşi boýunça çuňňur halky bolan kitap ussalarynyň sungaty netijesinde bahasyna ýetip bolmajak golýazma kitaplary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Biz olary geljekki nesiller üçin aýawly saklamalydyrys.