14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gadymy Merwde türkmen arheologlarynyň täze

 Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak, öwrenmek we abatlamak boýunça Milli müdirligi tarapyndan guralan arheologiýa ekspedisiýalarynyň birnäçesi gazuw-agtarş işleriniň güýzki möwsümini tamamlaýarlar. Olaryň biri “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda Orta Aziýada iň iri arheologiýa toplumy bolan, UNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen ýadygärlikler toplumynyň çägine girilýän ýerde ýerleşen Uly Gyz-gala binagärlik ýadygärligini öwrenmek bilen meşgullanýar. 2012-nji ýylyň gazuw-agtaryş işleriniň deslapky jemleri barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, binagär-rejeleýji Rejep Jepbarow TDH-niň habarçysyna gürrüň berdi: 

–Geçen ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gelip gördi we onuň desgalary, şeýle hem arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerini gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şonda milli Liderimiz bu ýerdäki iň gadymy we özboluşly ýadygärlikleriň biri—Uly Gyzgala ýadygärligini üns berip synlady we ony mundan beýläk-de dikeltmek maksady bilen, ýadygärligiň düzümini içgin öwrenmegi tabşyrdy. 



Döwlet Baştutanynyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligi Uly Gyzgala ýadygärligini öwrenmek we dikeltmek üçin toplumlaýyn taslamany işläp düzdi we ýörite ylmy ekspedisiýany gurady. Onuň düzümine arheologlar, taryh ylymlarynyň kandidaty Ejegül Myradowa, Merdan Jumanyýazow, binagär-rejeleýji Maksat Amanow hem-de goraghananyň işgärleriniň birnäçesi girizildi. 

Uly Gyzgala bu ýere gelýänleri özüniň uly, berk diwarlary bilen haýran galdyrýar. Olar çig kerpiçden örülip, töweregini ýarym sütün görnüşindäki diregler gurşap alýar. Bu bina bir müň ýyl gowrak mundan ozal şäheriň etegindäki baý mülk hökmünde gurlup, mäkäm berkidilen, geçip bolmajak gala meňzeşdir. Bu irki orta asyr köşk binagärliginiň hakyky nusgasy bolup, Merwde has oňat saklanan desgalaryň biridir. Bu bina ilki iki gatdan ybarat bolupdyr, ýöne ençeme asyrlaryň galagoply wakalary onuň ikinji gatyny dagadypdyr we onuň bölekleri birinji gatyň üstüni hem gömüpdir. Emma bir gudrat bilen saklanyp galan binanyň öň tarapky keşbi ýer ýüzüne orta asyr türkmen binagärliginiň gözelligini we ajaýyplygyny äşgär edýär. 

Ekspedisiýanyň işiniň birinji ýylynda Uly Gyzgala ýadygärligi bilen baglanyşykly arhiwlerde saklanyp galan resminamalaryň ählisi jikme-jik öwrenildi, Ýüz ýyla golaý mundan öň düşürilen, ozal näbelli bolan fotosuratlar ýüze çykaryldy. Olar Uly Gyzgalanyň şol wagtky has oňat saklanan görnüşini şekillendirýärler. Diwarlaryň ýykylmagynyň düýpli sebäpleri anyklaşdyryldy hem-de häzirki zaman ölçeglerine we UNESKO-nyň degişli Konwensiýasynda beýan edilen, taryhy binalary gorap saklamagyň halkara ýörelgelerine laýyk gelýän, taryhy ýadygärligi üýtgewsiz görnüşde saklamagyň usulyýeti işlenip düzüldi. 

Ýykylan diwarlaryň galyndylaryny aýyrmak, şeýle hem binanyň diwarlarynyň we pollarynyň ýerleşişini anyklamak, aşaky gatyň saklanyp galan sütünlerini arassalamak maksady bilen, ýadygärligiň merkezi böleginde gazuw-agtaryş işlerine başlandy. Bu işleriň barşynda ýaňy-ýakynda, hormatly Prezidentimiziň bu ýere bolan saparyndan laýyk bir ýyl geçenden soň beýleki köp sanly toýundan ýasalan tapyndylar bilen birlikde, bürünç tapyndylaryň hem birnäçesi ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda üýtgeşik owadan “kufi” diýen ýazgy bolan nusgawy arap şaýy puly—IX asyryň abbasi dirhemi, açylyp barýan gül şekilli ýüzük we iň üýtgeşik tapyndy – uzynlygy 8 santimetre golaý bolan hasyllylygyň hudaýyny aňladýan şekil görnüşindäki bezeg piljagazy arheologlaryň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy. 



Bu tapyndy ýerine ýetiriliş ussatlygy we çeperçiligi bilen tapawutlanyp, şübhesiz sungat gymmatlygyna eýedir. Ony gören badyňa demirden taýýarlanýan şekiller sungatynyň aňrybaş nusgasydygyna göz ýetirýärsiň. Uly Gyzgaladan tapylan zenan hudaýynyň ýüz keşbi şeýle bir oňat saklanmandyr, ýöne onuň ýüzüniň tegelek bolandygy, maňlaýyndaky nokat, başgapsyz, daralan saçy äşgär görünýär. Aýratyn-da onuň lybasy üýtgeşikdir. Topugyna çenli ýapyp duran uzyn köýneginiň üstünden atynan ýeňiljek ýapynjasynyň aşak tarapy ýygrylandyr. Onuň döşüniň üstüne goýan çep elinde bugdaýyň başy ýa-da bir ösümligiň şahajygy bar. Şeýle görnüşdäki zenan hudaýyň keşbi eşikleriniň baýlygy we bezegi boýunça ikonalarda şekillendirilen Awestadaky Anahita ýakyndyr. Margianada onuň köp sanly ikona görnüşindäki palçykdan edilen şekiljikleri duş gelýär we bu ýerde onuň çuňňur kökleri bardyr. Ol täze eýýamdan öňki eýýamyň birinji müňýyllygynyň ahyryndan irki orta asyr döwrüne çenli zamananyň özboluşly nyşanydyr. Ýöne bu görnüşdäki kanoniki häsiýetdäki bürünç şekili Türkmenistanyň arheologiýa taryhynda ilkinji gezek tapyldy. 

Bu tapyndyny sungaty öwrenijiler entek doly öwrenerler, ýöne Gadymy Merwiň sungatynyň täze bir sahypasynyň açylandygy eýýämden äşgärdir. Mundan başga-da, zenanlaryň tumary bolup hyzmat eden bu tapyndynyň çuňňur taryhy ähmiýeti bardyr. Zenanyň bu şekili ýadygärligiň adyna hem gabat gelýär. Ýadygärlige Gyzgala adynyň ýöne ýere dakylmandygy şu ýerden hem düşnüklidir. 

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar bu ýadygärligi has düýpli öwrenmäge itergi berer. Biziň ylmy-barlaglarymyzyň netijesi geljek ýylda Uly Gyzgala ýadygärliginde iri möçberli gorap saklamak we dikeltmek işlerini geçirmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, biz türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak medeni mirasyny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek üçin öz başarnygymyzy gaýgyrmarys hem-de ýaş hünärmenlere tejribämizi we bilimimizi öwrederis.

Degişli makalalar

Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Adatdan Daşary Duşuşygy

Ýaşlar Düzümleriniň Gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň Birinjiliginiň 6-njy Tapgyry Geçiriler

Türkmenistan-GFR Ykdysady Hyzmatdaşlygy Ösdürmek