Bu hormatly at sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere , ýaş nesli terbiýläp ýetişdirmäge goşan goşandy, şeýle hem enelere goýulýan ýokary hormat we gahryman enäniň öňünde mukaddeslik hökmünde baş egmek, türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösmeginiň binýady bolup durýan maşgala ojagynyň diregi hökmünde goýulýan çuňňur sylag-hormatyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen her ýylda berilýär.
Şu ýyl «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan gahryman eneleriň arasynda diňe bir öý hojalykçy zenanlar bolman, eýsem olaryň arasynda mugallymlar, lukmançylyk we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar hem bar. Şeýle hem olaryň arasynda kärendeçilerdir oba hojalyk işgärleri, hat-da maldarçylyk hojalyklarynyň biriniň baş çopany hem bar.
«Ene mähri» diýen hormatly at Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen jemgyýetiň we döwletiň türkmen halkynyň milli däp dessurlaryna, enelere hormat-sarpa goýmagyň beýany hökmünde 2008-nji ýylyň mart aýynda döredildi.
Bu hormatly ada eýe bolan enelere degişlilikde döşe dakylýan nyşan we şahadatnama, pensiýalaryň hem-de kömek pullarynyň bellenilen wagtyndaky hasabynyň on essesi möçberinde pul sylagy gowşyrylýar.Olar dişlerini protez etmek hyzmatlaryndan, jemagat hyzmatlaryndan, jemgyýetçilik ulaglaryny mugtuna peýdalanmak hukuklary ýaly dürli ýeňilliklerden peýdalanyp bilýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutlýan ugurlary hökmünde eneligi we çagalygy durmuş taýdan goldamak ulgamynda wezipeleri kesgitlemek bilen: «Maşgala näçe berk boldygyça jemgyýet hem şonça baý bolar» bolar diýip, nygtaýar. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu gün köp çagalylyk – «jemgyýetiň durmuş taýdan abadançylygynyň nyşany, onuň ertirki güne bolan ynamydyr». Maşgalanyň ýokary durmuş derejesi, maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we çagalara bolan ägirt uly sylag we söýgi – demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň milli gurluşlary köp babatda şular ýaly ynsanperwer ýörelgelere, ýurdyň hukuk ulgamynyň ýörelgeleri, şol sanda maşgala gatnaşyklaryny sazlaýan kanunlara esaslanýar. Bu konseptual ýörelgeler 2012 – nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girýän Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmenistanyň taze Maşgala kodeksiniň taslamasyny işläp taýýarlamagy üçin esas boldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm