8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Galkynyş ýatagy özleşdirmegiň tapgyrlary.

“Galkynyş” örän uly gaz ýatagyndan çykarylýan tebigy gaz ýurduň eksport gaztransport ulgamyna barýar. Mýedany müňlerçe inedördül kilometr bolan we 26,2 trillion kubmetr ätiýaçlyk gorly ajaýyp gazly çäkler ösen ýol-ulag gurluşly kuwwatly senagat merkezine öwrüldi. 


Bu örän uly waka golaý geljekde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugurlaryny kesgitlän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze energetiki ýörelgesi netijesinde amala aşyryldy. “Galkynyş” ýatagynda umumy bahasy 10 milliard töweregi ABŞ-ň dollary bolan maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy bu syýasatyň aýdyň iş ýüzüne geçirilmegidir. “Türkmengaz” döwlet konsernine we onuň potratçy guramalaryna bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda ýangyç çig malynyň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde – ýatagyň merkezi bölegini abadanlaşdyrmakda örän möhüm ädim ätmek başartdy. 


Biziň gazçylarymyzyň bu gazly çäkleri özleşdirmek boýunça hyzmat ediş şertnamasyna gol çekişen gurluşyk kompaniýalarynyň – potrarçylar tarapyndan güýç berilmesi netijesinde Günorta-Gündogar Garagumyň ýowuz tebigaty ýan berdi. 


Konserniň tabşyrygy boýunça bu kompaniýalaryň hünärmenleri gysga wagtyň içinde ýylda 30 milliard kubmetr gazy öndürmäge niýetlenen häzirkizaman ýokary tehnologiýaly gurluşly gaz çykaryjy we gazy gaýatadan işleýän kuwwatlyklary döretmegi başardylar. Bu ýowuz sebtiň tebigy baýlyklaryny özleşdirmek üçin dürli ýurtlaryň we biziň ýurdumyzyň ýokary hünärli işçileri, inženerleri, hünärmenleri Garaum çölünde zähmet çekdiler. Gurluşygyň örän ulydygyna ýekeje san hem şaýatlyk edýär. Bu ýatakda işleýän işçileriň sany käwagt 25 müňden 31 nüňe çenli ýetýän halaty bolýar. Ozi hem olaryň 70 göterimi ýerli ilatdyr. 


“Galkynyş” ýatagynda gözleg buraw işleriniň geçirilmegi barlanan ätiýaçlyk gazyň gelejeginiň ýokary ýura döwrüniň duzly karbonatly gatlaklary bilen baglydygyny görkezdi. Bu ýerde önümli gözýetimiň galyňlygy 600-700 metre ýetýär. Ýöne bu gazly galyňlyga ýetmek üçin täze tehnolgiýalar, uly energiýa çykdajylary we çuň guýylary burawlamak gerekdi. Häzirki wagtda burawlanan guuýylardan gazy ilkinji gaýtadan işlenişe we soňra gaz arassalaýjy zawodlara tebigy ýangyjyň kuwwatly akymy gowuşýar. 


“Galkynyş” ýatagynda gysga wagtyň içinde hyzmat ediş potratçy kompaniýalar tarapyndam gazyp almak pudagy bilen bir wagtyň özünde häzirki zaman gaýtadan işleýji gurluş döredildi. Ol bu ýatakda awtomatlaşdyrylan gaz arassalaýjy zawodlaryň üçüsinden ybaratdyr. Bu zawodlaryň her biriniň kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetrdir. Hundai Engineering Ko LTD kompaniýasynyň hünärmenleri baş binada gurluşyk gurnama we göýberiş-sazlaýjy işlerini ilkinjiuleriň biri bolup tamamladylar. Häzirki wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça esasy tehnologiki ugurlaryň ählisi iş ýagdaýyndadyr. 


“Petrofak International LLK” kompaniýasynyň gurluşyk bölümleri uly göwrümli işleri ýerine ýetirdiler. Olar kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetr gazy arassalaýan esasy tehnologiki desgadan daşgary hem köp sanly kömekçi desgalarda gurluşyk işlerini tamamladylar. Gurluşykçylar gazy ilkinji gaýtada işleýän desgalaryň (GIGID) dördüsini gurnadylar, uzynlygy 100 kilometr bolan eksport gaz geçirijisini, kükürt ýüklenilýän nokada çenli demirýoluny çekdiler. Hytaýly hünärmenleriň taggalary bilen gazy arassalaýan – GS baş kärhananyň ýene-de biri, şeýle hem kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kubmetr gazy öndürýän kärhana guruldy. Bu desga kükürdi arassalamgyň tehnologiki şahalarynyň 6-na niýetlenendir. Buraw guýylaryndan gazy ilkinji gaýtadan işleýän nokada çenli olar eýýäm şleýfiň 22-ni we GIGIDden zawoda çenli gaz kollektoryny çekdiler. 


“Galkynyş” ýatagy özüniň gazy çykaryşynyň we gazy gaýtadan işleýşiniň möçberi we ýerleşişi boýunça täsin bolup, ol kämil inženerçilik we dürmuş infrastrukturasynyň döredilmegini talap etdi. Bu işler ýerine ýetirildi. Çölüň içi bilen her ýerde ýerleşýän gaz desgalaryny birleşdirýän oňaýly awtoulag ýolllary çekildi. 20 kilometrden gowrak demir ýoly çekilýär. Onuň bilen zawodlaryň ýük ýüklenilýän nokatlaryndan kükürdiň 2 million tonnasyna çenlisi we gaz kondensaty daşalar. Gaz gurluşlarynyň desgalaryna elektrik üpjünçilik liniýallary eltildi, kuwwatlylygy bir gije-gündüziň dowamynda 18 müň kubmetr suw desgasy, suw arassalaýjy desgalar we uzynlygy 66 kilometr bolan suw geçirijisi guruldy. Bu desgalaryň gurluşygyna ýurduň bölümleri hem gatnaşdylar. Olardan maryly gaz çykarjylar zawodlara çenli suw geçirijileri çekdiler we GRES-den suw desgasyna çenli awtoýoly çekdiler, energetikler ýatagy elektrik üpjünçiligi bilen üpjün etdiler. Ýatakda işgärleriň 2000 üçin abadanlaşdyrylan wahtalaýyn şäherçe guruldy. Bu häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumy oňaýly mebeller, howa ulgamy, türgenleşik zallary, kinoteatr, husuy çörek bişirilýän, naharhana, kafe we dükan bilen üpjün edilendir. 


“Galkynyş” ýatagyny özleşdirmek bilen Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda güýçli energetika ýurt hökmünde özüniň derejesini we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakda ähli mümkinçiliklere eýedigini tassyklady. Ýurduň ýangyç-energetiki toplumynyň kärhanalary tarapyndan we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan pudagyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça uly göwrümli işler ýerine ýetirildi. Öňde duran ýyllarda ýene-de uly göwrümli işleri ýerine ýetirmekde uly meýilnamlar dur. Örän uly ýerasty baýlygyny özleşdirmegiň ikinji tapgyryna başlanar!

 

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagynda Gysga Wagtlaýyn Dynç Alyşa Ugrady

syrach

Türkmenistanyň Bölüp Beren Maliýe Serişdeleri TOPH Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyny Çaltlandyrar

syrach

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

syrach