14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Ýurdumyzyň Oba Hojalyk Tehnikasynyň Üstüne Täze “Jon Deere” Galla Orujy Kombaýnlary Gelip Gowuşdy

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Ýurdumyzyň Oba Hojalyk Tehnikasynyň Üstüne Täze “Jon Deere” Galla Orujy Kombaýnlary Gelip Gowuşdy

Obasenagat toplumyny okgunly ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamdaky öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ony täze tehnikalar bilen üpjün etmäge iri maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasynyň 1 müň 350 birligini, enjamlaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we çykdajy serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Bu tehnikalar 2017-2020-nji ýyllaryň dowamynda getiriler.

Bu şertnama laýyklykda, golaýda Oba we suw hojalyk ministrliginiň ygtyýaryna täze tehnikalaryň birinji tapgyry – galla orýan «John Deere W540» kombaýnlarynyň 50-ä golaýy gelip gowuşdy. Bugdaý oragynyň başlanmagyna çenli dünýäde meşhur ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň ýene-de 100-den gowragynyň gelmegine garaşylýar.

Indiki tapgyrda—iýun-iýul aýlarynda sürüm möwsümine “John Deere 8245R” kysymly traktorlaryň 400-sini getirmek göz öňünde tutulýar. Pagta ýygymy başlanýança “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-siniň awgust-sentýabr aýlarynda gelip gowuşmagyna garaşylýar. 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde hem bu kysymly kombaýnlaryň 200-si Türkmenistana getiriler.

Obanyň ykdysadyýetini galdyrmak maksady bilen, soňky ýyllarda obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet we pudaklaýyn maksatnamalar kabul edildi. Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, onuň pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, oba ýerlerinde durmuş maksatly meseleleri çözmek ulgamynda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Oba hojalyk önümçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda welaýatlaryň ählisinde tarp ýerler özleşdirilýär. Gallaçylyk we pagtaçylyk bilen birlikde, gök-bakja ekinleri, baglar we üzümdarçylyk üçin ýerler bölünip berilýär. Oba hojalygyna ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň çekilýär. Olaryň oba hojalygyndaky paýy eýýäm 90 göterimden geçýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary hem bu ulgamda oňyn özgertmeleriň depginini çaltlandyrýar.

Umuman, bularyň ählisi oba hojalygynyň tehniki üpjünçilik derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny talap edýär, döwrebap tehnikalara, aýry-aýry tehnologiki işleriň mehanizasiýalaşdyrylmagyny hem-de awtomatlaşdyrylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynyň köpugurly häsiýetini we sebitleriň dürli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, ekerançylara oba hojalyk maşynlarynyň we enjamlarynyň dürli kysymlarynyň onlarçasy zerur bolup durýar.

Mysal üçin, bugdaý ekiş döwründe her ýyl meýdanlara 2 müňden gowrak ýer sürýän we hatar aralaryny ýumşadýan traktorlaryň 5 müňüsi, ekiş enjamlarynyň 1 müň 600-den gowragy, beýleki enjamlar, bugdaý oragy möwsüminde bolsa galla ýygýan kombaýnlaryň 1,5 müňden gowragy çykarylýar. Şu ýazda gowaça ekişini hem-de şondan soňky agrotehniki çäreleri geçirmek üçin dürli kysymly traktorlaryň 7 müň 600-den gowragy, gowaça ekýän enjamlaryň 3 müň 200-den gowragy hem-de kultiwatorlaryň, beýleki oba hojalyk mehanizmleriň 7 müňüsi işledilýär. Pagta ýygymy möwsüminde ekerançylar, ortaça, traktorlaryň 2 müň 350-den gowragyny we pagta hasylyny daşamak üçin niýetlenen traktor tirkegleriniň 3 müň 600-e golaýyny ulanýarlar.

Döwletimiz oba hojalyk toplumynyň inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini innowasion esasda çözülip we kämil tehnikalary satyn alyp, meýdan işlerini has oňaýly agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini durnukly artdyrmak üçin şertleri döredýär. Oba hojalygynyň öndürijiligi artýar hem-de oba zähmetkeşleriniň hünär derejesi ýokarlanýar, olaryň zähmet şertleri gowulandyrylýar. Munuň özi hem oba hojalygynyň netijeliligini we girdejililigini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde pudagyň tehniki parky «Case», «New Holland», «John Deere», «CLAAS» ýaly dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň, Minsk traktor zawodynyň we beýlekileriň ýokary öndürijilikli galla hem-de pagta ýygýan kombaýnlaryndan, traktorlaryň dürli görnüşlerinden, beýleki tehnikalardan we enjamlardan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösüş ýoluna düşmegi bilen “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalary türkmen mehanizatorlarynyň ygtybarly kömekçilerine öwrüldi. Olar ulanyşda ygtybarlylygy hem-de ýönekeýligi, ätiýaçlyk şaýlarynyň elýeterliligi bilen tapawutlanyp, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini iň gowy tarapdan görkezdiler.

Hususan-da, döwegiň baraban ulgamly “W” kysymly galla orýan kombaýnlar ýokary hasylly meýdanlarda ulanmak üçin niýetlenendir. Ýokary kuwwatdan başga-da, bu kysymly kombaýnlar ýangyjy tygşytly harçlaýandygy, ýeterlik derejede ýük göterijiligi bilen tapawutlanýar.

Ýakyn wagtda 2017-nji ýylyň galla oragyna badalga berler. Şu ýyl türkmen gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnamalydyrlar. Bu möhüm oba hojalyk möwsüminde ýurdumyza gelip gowşan täze tehnikalar hem işlediler. Olar ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder.

Degişli makalalar

Ýerewanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Boýunça Hökümetara Türkmen-Ermeni Toparynyň 8-nji Mejlisi we Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

turkmenhabargullugy

Türkmen Ýüpekçileri 2017-nji Ýylda 2 müň 30 Tonna Pile Taýýarlar