Mary welaýatynyň gant şugundyry ekiljek meýdanlarynda ekişiň öň ýüzündäki sürüm, tekizleýiş, keş çekmek, topragy mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işlerinde Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiýasynyň „Maryşeker“ PJ tehniki parkynyň tarktorlaryndan, tirkeglerinden ybarat bolan 150 töwregei oba hojalyk tehnikalary ulanylýar. „Türkmenobahyzmat“ Assosasiýasynyň hünärmenleri hem sürüm we tekizleýiş işlerine goşuldylar.
Ekiş işleri şu ýylyň fewral aýynyň ahyrlarynda başlap mart aýynyň ahyrlaryna çenli dowam eder. Ekiş işlerini Mary welaýatynyň birnäçe etraplarynyň 1 müň gektar meýdanynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Adatça bolşy ýaly, şugundyry ekmek ýylda iki sapar – bugdaý hasyly ýygnanylandan soňra ýazda we güýzde geçirilýär. Gant şugundyryny ekmek üçin 14 müň 900 gektar bölünip berildi. Şunlukda onuň köp bölegi şu ýylyň güýz aýlarynda 13 müň 900 gektar meýdana ekiler. Mary welaýatynyň etraplarynyň 8-niň – Garagum, Baýramaly, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Murgap we Türkmengala etraplarynyň ekin meýdanlaryna gant şugundyry ekiler.
Adatça, ekinleri ýygnamagyň ýazky möwsümi iýul aýynyň ahyrylarynda geçirilýär. Ikinji gant şugundryny güýzki ekiş müwsümine iýun aýynda badalga berilýär, hasyly ýygnamak işleri bolsa, oktýabr aýynyň üçünji on günliginde geçirilýär.
Şu ýyl türkmen daýhanlary ekin meýdanlaryndan gant şugundyrynyň bol hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. „Maryşeker“ PJ ýazky we güýzki gant şugundyryndan şeker öndürýär. Maryda ýerleşýän iri senagat desgasy öz nobatynda oba hojalyk ekinlerini öndürijileri goldaýar. Olary ýokary hilli tohum bilen üpjün edýär, şeýle hem gant şugundyryny kärhananayň kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin gerek bolan ulag bilen edýär.