Ýakynda Garagum çölüniň Mary welaýatyndaky çäklerinde Bagly-1 meýdançasynda tebigy gazyň kuwwatly akymy ýüze çykaryldy. Birinji gözleg guýusynyň çuňlugy 400 müň 690 metre ýetirilende hem-de ulanyş sütünleri 230 metr ýokarlygyna goýberilende bu netije gazanyldy.
Bu ýerde uglewodorod çig malynyň bir gije gündizlik mukdary bir ýarym million kub metre deňdir. Bu käniň ýangyç serişdeleriniň örän uly möçberlerine eýe bolan Galkynyş gaz käninden uzakda bolmadyk çäkde ýerleşmegi hem onuň geljekki mümkinçilikleriniň uludygyna güwä geçýär.
Häzirki wagtda Türkmengeoloigýa döwlet korporasiýasynyň Lebapnebitgazgözleg müdürliginden ussalar Kakajan Joraýewiň we Arslan Mämmedowyň çalşyklary bu käniň açyk görnüşde synagdan geçirýärler. Gaz dinamika barlaglary tamamlanandan soň ýokary öndürijilikli buraw enjamy sökülip aýrylar we goňşy Minara-3 meýdançasyna geçiriler hem-de ol ýerde gözleg işleri başlanar.
Lebapnebitgazgözleg müdürliginiň edaralary häzirki wagtda Ahal, Balkan we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde gözleg işlerini alyp barýarlar. Ýylyň başyndan bäri olar tabşyryk boýunça 8159 metrden 812 metr artyk buraw işlerini geçirdiler.